Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk raýatlary türkmen aýallarynyň Türkmenistandan çykarylmagyny soraýar


Türkmenistanyň raýatlaryna biometriki pasport diňe ýurduň içinde berilýär.
Türkmenistanyň raýatlaryna biometriki pasport diňe ýurduň içinde berilýär.

Türkiýäniň raýatlary Ýylmaz Özkan we Rüstem Arslan Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň prezidentine ýüzlenip, öz aýallarynyň Türkmenistandan çykarylmagyny soraýarlar. Türkmenistanyň raýatlary bolan iki zenan Türkmenistana daşary ýurt pasportynyň möhletini uzaltmak üçin baransoň, ýurtdan çykaylmandyr. Türkiýäniň raýatlary türkmen we türk prezidentlerine öz meselesini eşitdirmek üçin Azatlyk Radiosynyň Migrant Media proýektine ýüz tutdylar.

Türkiýäniň iki raýatlary türkmen raýatlary bolan öz aýallarynyň Türkmenistandan çykyp, Türkiýedäki maşgalalaryna gowuşmagy üçin iki ýurduň häkimiýetlerine ýüzlenendigini aýdýarlar we netije bolmasoň, indi olar ýurt baştutanlaryndan ýardam soraýarlar.

Ýylmaz Özkan Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Maýsa Özkana Türkiýe sapar edip bilmegi üçin maşgala wizasyny bermegine garamazdan, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň oňa 2028-nji ýyla çenli ýurdy terk etmegi gadagan edendigini aýdýar.

Ýylmaz, 2019-2022-nji ýyllar aralygynda COVID-19 pandemiýasy sebäpli halkara gatnawlary ýatyrylandan soň, aýaly Maýsa Özkanyň Türkiýede bir wagt aralygynda bikanun ýagdaýda ýaşamaly bolandygyny, emma deportasiýa edilmän, jerime töläp 2023-nji ýylyň mart aýynda Aşgabada uçandygyny gürrüň berdi.

"Resmi ýol bilen [Türkmenistana] gitsin we resmi ýollardan yzyna dolansyn diýip,howa menziline gitdik. Ol ýerde bize 4000 lira ýakyn jerime töletdiler. Özüm uçara mündürdim we Türkmenistana ugratdym. Eger beýle ýagdaý ýüze çykjaklygyny bilen ýagdaýymda, ugratmazdym".

Rüstem Arslan hem aýaly Dilfuza Arslanyň 2019-2022-nji ýyllar aralygynda COVID-19 pandemiýasy sebäpli halkara gatnawlary ýatyrylandan soň, Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşamaly bolandygyny we şu sebäpden 2026-njy ýyla çenli Türkiýä barmagyň gadagan edilendigini aýdýar.

Ol Türkiýäniň Daşary işler ministrligine ýüzlenende türk resmileri oňa Türkmenistanyň resmileri Dilfuzanyň ýurtdan çykmagyna rugsat berseler biz hem onuň ‘deport’ statusyny aýyrarys diýip jogap beripdir.

"Biz [Türkiýäniň Daşary işler ministrligine] jaň edenimizde, olar bize: 'Bu Türkmenistanyň içki meseleleri, biz oňa garyşyp bilmeýäris' diýdiler".

Rüstem Arslanyň sözlerine görä, ol Stambuldaky türkmen ilçihanasyna baranda ony hatda binanyň içine-de salmandyrlar.

Türkmenistandaky aýallaryny görüp bilmeýän ýoldaşlary Türkmenistanyň we Türkiýäniň prezidentlerine eden ýüzlenmesinde maşgalalaryň bu çäklendirmeler zerarly ejir çekýändigini aýdýarlar.

"Ynsan, söýgülisinden aýra galan wagty, bir boşlugyň içine düşýär. Daňdan turýarsyň, ertirlik edinmäge islegiň ýok. Giçlik naharlanyp bilmeýärsiň. Ondan başga-da meniň özümiň iş ýerim bar. Hassa bolanyma seretmezden, bir ýerim agrasa-da, özümiň erbet duýsam-da, gelip özüm dükany açmaga mejbur. Çünki men ýeke. Bu sebäpli hem aýalyma mätäç" diýip, Rüstem Arslan aýdýar.

"Türkmenistan aýalyma 5 ýyl ‘deport’ goýupdyr. Aýalym Türkiýe gelip bilmeýär. Aýalym ol ýerde ‘gurban’, men hem bu ýerde ‘gurban’" diýip, Ýylmaz Özkan aýdýar.

Ýylmazyň we Rüstemiň sözlerine görä, türkmenistanly aýallary bilen görüşip bilmeýän türkiýelileriň onlarçasy bar. Olar 60-a golaý adam bilen WhatApp toparda gürleşýärler.

Bu topardakylaryň ählisi aýallaryna Türkmenistanyň migrasiýa hakyndaky kanunynyň 30 maddasynyň birinji bendiniň dokuzynjy bölümine görä daşary ýurda çykmaklyk gadagançylygy girizenligi barada aýdýandyklaryny Ýylmaz bilen Rüstem belläp geçýär.

Ýylmaz Özkan we Rüstem Arslan Türkmenistanyň öz raýatlarynyň ýurtdan çykmagyny çäklendirmeginiň sebäplerine düşünmeýändigini aýdýarlar.

"Men bir narkotiki serişdelerini satýan däl. Näme sebäpden aýalymyň ýanyna gelmäge goýmadyňyz?" diýip, Özkan aýdýar.

Rüstem öz aýalyny Türkmenistandan çykarmak üçin ýol gözleýändigini we öz problemasyna meňzeş ýagdaýa düşen onlarça türk raýatynyň topar bolup, Ýewropanyň ynsan haklary kazyýetine ýüzlenendigini aýdýar.

Türkiýäniň bu iki raýaty ýurtlaryň prezidentlerine we beýleki häkimiýet edaralaryna hat arkaly haýyşnama ýollapdyr, emma, ýazylan hatlar netije bermändir.

"Siz uly Türkmenistan ýaly döwletiň ýurt ýolbaşçysy. Biz ýönekeý raýat. Biri-birini söýýänleri gowuşdyrmagyňyz gerek. Türkmenistanyň prezidentinden aýalymy ýanyma goýbermegini isleýärin" diýip, Ýylmaz Özkan aýtdy.

"Bu ýerde edip bolaýjaklaryň ählisini etdim men. Bu ýeriniň ýurt baştutany hormatly Rejep Taýyp Ärdogana hat hem ýazdym. Ýöne heniz jogap gelmedi" diýip, Rüstem Arslan aýtdy.

Türkiýäniň raýatlary Ýylmaz Özkan we Rüstem Arslan öz ýüzlenmesinde Türkiýäniň bilen Türkmenistanyň ýolbaşçylaryndan meseläniň çözülmegine garaşýarlar.

Türkmenistanyň raýatlaryna biometriki pasportlar 10 ýyl möhlet bilen berilýär. Dokumenti diňe ýurduň içinde alyp bolýar. Dünýäniň beýleki ýurtlaryndan tapawutlylykda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda türkmen raýatlaryna pasport berilmeýär.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň pasportyny çalyşmak üçin Türkmenistana baran soň yzyna çykarylmazlygy bilen bagly problema köp adama degişli. Türkiýede durmuş guran raýatlar dokumentler sebäpli Türkmenistana baryp, soň ýurtdan çykyp bilmedikleriň diňe bir toparyny emele getirýär.

Mundan öň şeýle ýagdaýlaryň ençemesi barda habar berlipdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň 2019-nji ýylda türkmen tarapyna türk raýatlarynyň maşgala agzalary bolan we Türkiýä goýberilmeýän adamlaryň sanawyny berendigi habar berildi. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň 2020-nji ýylyň awgustynda çap eden maglumatyna görä, şol sanawda 213 adamyň, esasan aýallaryň we çagalaryň atlary görkezildi we olaryň aglabasynyň Türkiýede ýaşaýyş rugsadynyň bardygy aýdyldy.

Türkmenistan migrasiýa degişli resmi statistikany çap etmän gelýär.

Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň 2024-nji ýylyň dekabrynda çap eden sanlaryna görä, ýurtda ýaşamaga resmi rugsady bolan türkmen raýatlarynyň sany 205 müň 369 adam.

“Pul berseňiz, Türkmenistandan çykmak gadagançylygyny aýyrýarys.” Bu mümkinmi?
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:34 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG