Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň habaryndan soňra, Türkmenabatda suw üpjünçiligi gaýtadan ýola goýuldy - ýerli ýaşaýjylar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda suw ulgamlary bejerilýär. Arhiwden alyndy.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda suw ulgamlary bejerilýär. Arhiwden alyndy.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde suw üpjünçiliginiň kesilmegi barada 22-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynda çykan habardan takmynan 36 sagat soňra, şäheriň suw üpjünçiligi doly dikeldildi. Hojalyk hyzmatlarynyň üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikleri ýygy-ýygydan başdan geçirýän şäher ýaşaýjylary suw meselesiniň gutarnykly çözgüdine garaşýarlar.

“Şäherdäki suw ýetmezçiligi barada size beren habarymdan 1,5 gije-gündiz geçip-geçmänkä, suw üpjünçiligi dikeldildi” diýip, şäheriň Bahar etrapçasynyň ýaşaýjysy, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýdýar.

“Ýöne bu meseläniň gutarnykly çözülip-çözülmändigini bilemok, suw üpjünçilik edarasy meniň bu soragyma takyk jogap berip bilmedi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Azatlyk Radiosy 22-nji oktýabrda şäherde iki gün çemesi wagt bäri dowam edýän suw ýetmezçiligi barada habar berdi. Hojalyk suwlarynyň kesilmegi şäheriň sosial infrastrukturalarynyň, durmuş desgalarynyň işine ýaramaz täsir etdi, ýyladyş ulgamlarynyň işi togtadyldy, hassahanalar distillirlenen suwlaryň ýetmezçiligini başdan geçirdi, hususan-da köp gatly jaýlarda ýaşaýan adamlar suw bökdençliginden ejir çekdi. Bu aralykda, dükanlarda plastik gaplarda satylýan arassalanan suwlaryň bahalary gymmatlady.

Azatlyk bu mesele boýunça habar berende, şäherde eýýäm iki gün çemesi wagt bäri hojalyk suwlarynyň ýetmezçiligi dowam edýärdi. Habardan bir ýarym gün çemesi wagt soňra bolsa, suw üpjünçiligi gaýtadan ýola goýuldy. Şeýlelikde, bu gezek Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary tas 3,5-4 günläp, takmynan 84-96 sagatlap suwsuz galdy.

Şonda şäheriň Bahar we Himik etrapçalarynyň birnäçe ýaşaýjysy bu mesele boýunça ýerli suw üpjünçilik edaralaryna jaň edip, takyk jogap alyp bilmändiklerini gürrüň berdiler. Şäher suw üpjünçilik edaralary bolsa, bu meseläniň bir hepdä çenli dowam etmeginiň mümkindigini aýdypdylar.

Ýöne hojalyk suwlarynyň üpjünçiliginde emele gelen bökdençlik garaşylandan has ir aradan aýryldy.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri häzirki wagtda şäheriň ähli etrapçalarynda, şol sanda Bahar etrapçasynda suw üpjünçiliginiň ýola goýlandygyny habar berýärler.

Bu aralykda, Türkmenabatda hojalyk suwlarynyň çäklendirilmegi bilen bagly Azatlyk Radiosynda berlen habarlaryň yz ýany, ýerli jeyhun.news neşiri 24-nji oktýabrda şäherde täze lagym ulgamynyň işe girizilendigini habar berdi. Bu neşir Lebap welaýatynda hökümetçi habarlary bilen tanalýar.

Şäherde suw üpjünçiliginiň tas dört gün çemesi möhlet bilen çäklendirilmegi sebit merkezinde täze lagym ulgamynyň işe girizilýän pursatlaryna gabat geldi. Lebap welaýatynyň jemagat gulluklaryndaky çeşmeler şäheriň suw üpjünçilik desgasynda käbir tehniki üýtgeşmeleriň bolup geçendigini aýdýar.

“Iri suw nasoslarynyň käbir enjamlaryny çalyşdylar. Käbir detallary arassaladylar. Suw üpjünçiligi haçana çenli kadaly dowam eder, bu belli däl” diýip, jemagat gullugyndaky çeşmeler aýdýarlar we suw desgasyndaky käbir tehniki näsazlyklaryň aradan aýrylandygyna yşarat edýärler.

Şäherde suw üpjünçilik meselesi dört gün dowam edip, ýerli metbugat täze lagym ulgamlarynyň işe girizilýändigi barada habar berýän mahaly, ýerli ýaşaýjylar üpjünçilik meseleleriniň gutarnykly çözülmegine umyt baglaýarlar.

“Suw üpjünçiligi gaýtadan ýola goýulsa-da, plastik gaplarda satylýan agyz suwunyň biraz öň ýokarlanan bahasy aşaklamady” diýip, şäherdäki bir azyk dükanynyň satyjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Geçen hepdede sebit hassahanalarynda emele gelen suw üpjünçilik meseleleri barada habar beren saglyk pudagyndaky çeşmeler hem şäherde üpjünçiligiň gaýtadan ýola goýulandygyny tassykladylar.

“Häzirlikçe suw üpjünçiligi gaýtadan ýola goýuldy, hassahanalaryň barlaghanalarynda hem distillirlenen, ýagny arassalanan suwlar bar. Ýöne suw üpjünçiligi bilen bagly aladalar ýyl-ýyldan ýitileşýär. Bu ýagdaý geljekde nähili bolar, belli däl” diýip, saglyk pudagyndaky bir çeşme anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýurduň dürli sebitlerinde soňky birnäçe ýyl bäri arassa agyz suwunyň, hojalyk suwlarynyň hem-de ekerançylyk suwlarynyň üpjünçiligi bilen bagly meseleler ýitileşip dowam edýär.

Türkmen hökümeti suw hojalygy pudagynda dowam edýän problemalaryň hötdesinden gelmek babatynda anyk çözgütleri teklip etmezlikde tankyt edilýär. Şeýle-de, häkimiýetler özleriniň durmuşa geçirýän suw syýasatynyň oňaýly we oňaýsyz taraplarynyň aç-açan ara alnyp maslahatlaşylmagyna rugsat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG