Türkmenabatly bir himiýa hünärmeni barlaghana netijelerine salgylanyp, sebit merkezinde şäher ilatyna berilýän agyz suwunyň hiliniň pes, talhlygynyň (gatylygynyň) ýokary bolandygyny aýdýar.
Dört aýyň dowamynda geçirilen barlaglar suwuň düzümindäki talhlygy kesgitleýän elementleriň kadadan iki esse çemesi ýokary bolandygyny görkezipdir.
Ýerli hünärmen öz geçiren garaşsyz bargalarynyň netijelerini Azatlyk Radiosy bilen paýlaşdy.
Agyz suwunyň talhlygy onuň düzümindäki kalsiý we magniý ionlarynyň mukdary bilen kesgitlenýär.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahat berýän ülňülerine laýyklykda bir litr agyz suwunyň talhlyk görkezijisi bäş milligramekiwalentden ýokary bolmasa gowy. Ýöne türkmenabatly hünärmeniň barlaglaryna görä, şäherde bu görkeziji BSGG standartlaryndan iki esse çemesi ýokary bolup, takmynan 11,3 milligramekiwalent/litre deň bolupdyr.
Ýerli himigiň mart aýynda başlap, iýul aýynda tamamlan we dört gezek gaýtalan barlaglarynyň ählisi bir litr agyz suwunyň düzümindäki kalsiý ionlarynyň 120 – 122 milligram aralygynda, magniý ionlarynyň bolsa, 63,2 – 64,8 milligram aralygynda bolandygyny görkezýär. Netijede, agyz suwunyň gatylygy (talhlygy) ähli hasaplamalarda takmynan 11,3 milligramekiwalent/litre barabar bolýar.
Sanlar has düşnükli bolar ýaly, maglumat üçin aýdylsa, barlag netijelerine görä, Türkmenabatda agyz suwunyň düzüminde bolmalysyndan has köp mukdarda kalsiý we magniý ionlary bar.
Ýerli himik lukmançylyk çeşmelerine salgylanyp, agyz suwunyň gatylygynyň ýokary bolmagynyň adam saglygyna oňaýsyz täsir edýändigini, bu ýagdaýyň böwrek daşlarynyň emele gelmegi ýaly saglyk problemalaryna ýol açyp bilýändigini aýdýar.
“Kalsiý we magniý ionlarynyň ýokary derejede bolmagy dürli saglyk problemalaryna sebäp bolup bilýär. Mysal üçin, aşa talh suwy yzygiderli içmeklik böwrek daşlarynyň döremegine eltýär. Mundan başga-da, aşa talh suw adam derisiniň dürli patalogiýalaryna-da getirip biler” diýip, himiýa hünärmeni lukmançylyk çeşmelerine salgylanýar.
Hojalyk suwlarynyň gatylygynyň ýokary bolmagy, hünärmenlere görä, gündelik durmuşa oňaýsyz täsir edýär. Türkmenabatly himigiň geçiren bargalary hem şeýle oňaýsyzlyklardan gözbaş alýar.
“Öýümizdäki 50 litrlik suw gyzdyryjy gazany ýylda dört gezek arassalamaga mejbur bolýardym. Bu ýagdaý meni krantdan gelýän suwuň hiliniň näreje erbet bolandygy barada gyzyklanmaga iterdi. Men öz şübhelerimi tassyklamak ýa-da ret etmek üçin garaşsyz derňew geçirip başladym” diýip, ýerli hünärmen aýdýar.
Ol barlag netijeleriniň şäheriň suw arassalaýyş desgalaryndaky problemalara yşarat edýändigini aýdýar.
“Barlaglaryň netijeleri agyz suw desgasyndaky suw arassalaýjy enjamlaryň takyk sazlanmandygyny, ýa-da bu enjamlarda problemalaryň bardygyny görkezýär. Islendik önümçilikde zerur enjamlaryň ýerine ýetirýän işleri barlaghana netijelerine salgylanýar. Diýmek, bu desgada öz işini başarýan laborant ýa-da suw arassalaýjy enjamlary sazlaýjy hünärmen ýok” diýip, ýerli hünärmen aýtdy.
Hünärmenlere görä, talh suwlar nahar bişirmek, kir ýuwmak ýa-da ýyladyş gazanlarynda ulanmak üçin amatly däldir.
Talh suwlardan peýdalanylanda ýyladyş ulgamlarynyň bug gazanlarynyň diwarlarynda magniý, kalsiý karbonatlary we beýleki duzlardan ybarat örtükler emele gelýär. Bu ýagdaý gazanyň tiz hatardan çykmagyna eltip bilýär.
Şeýle-de, himiklere görä, gaty suwda sabyn aňsat köpürmeýär, sebäbi magniý we kalsiý ionlary sabyn bilen suwda eremeýän birleşmeleri emele getirýär. Gatylygy ýokary suwda et, gök önümler, däne önümleri gowy bişmeýär. Talh suwdan taýýarlanan çaýyň hili pes bolýar.
Şeýle-de, hünärmenlere görä, hojalyklarda kir ýuwlanda talh suwlardan peýdalanylmagy has köp kir ýuwujy serişdeleriniň ulanylmagyna alyp gelip bilýär. Talh suwda ýuwlan egin-eşikler möhletinden öň zaýalanýar. Galyberse-de, hünärmenleriň tassyklamagyna görä, talh suwda gaýnadylan et önümleri, gök-bakja önümleri ýokumlylygyny ýitirýär.
Tebigy suwlaryň talhlylygy tapawutlanyp bilýär, meselem taýga we tundra sebitlerinde ýerleşýän kölleriň we derýalaryň talhlygy 0,1-0,2 mgekw/litr aralygynda üýtgäp bilýär, şol bir wagtda dünýädäki käbir deňizleriň, ýerasty suwlaryň ýa-da ummanlaryň suwlarynyň talhlygy 80-100 mgekw/litre çenli çykyp bilýär.
Türkmenistanda geçirilen barlaglar Arçman çeşmesiniň talhlygynyň 13,52 mgekw/litre barabar bolandygyny görkezýär.
Azatlyk Radiosy himiýa hünärmeniniň barlag netijeleri boýunça ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum