Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda iki günläp agyz suw üpjünçiligi çäklendirildi


Ýaşaýyş jaýlaryň suw üpjünçiligi ýygy-ýygydan kesilýär. Maddy mümkinçiligi bolan ýaşaýjylar suwy satyn alýarlar.
Ýaşaýyş jaýlaryň suw üpjünçiligi ýygy-ýygydan kesilýär. Maddy mümkinçiligi bolan ýaşaýjylar suwy satyn alýarlar.

Türkmenabat şäherinde ýaşaýyş jaýlaryň ençemesinde iki günläp agyz suwy bolmady. Suw üpjünçilik edarasy munuň sebäplerini düşündirmezden, bütin hepdäniň dowamynda agyz suwunyň üpjünçiligi bilen bagly problemalaryň boljakdygyny duýdurdy. Bu barada Azatlygyň habarçysy we çeşmeleri maglumat berdiler.

Şäher ýaşaýjylarynyň agyz suw üpjünçiligi 20-nji oktýabryň gijesinden başlap şu güne çenli çäklendirilýär.

Bütin şäherde dörän çäkli suw üpjünçiligi zerarly etrapçalardaky ýyladyş desgalaryň işi togtady, ýaşaýjylar jaýlaryny ýyladyp bilmeýärler. Ýerli dükanlarda plastik gaplarda satylýan içimlik suwunyň hyrydary köpeldi. Dükan eýeleri alyjylary suw bilen üpjün etmekde kynçylyk çekýändigini aýdýarlar. Şäheriň çäginde işleýän hassahanalar, distilirlenen suwyň ýetmezçiligini duýýarlar. Bu barada Türkmenabat şäheriniň ençeme ýaşaýjylary, jemagat edaralaryndaky we şäher häkimligindäki çeşmeler 21-nji oktýabrda habar berdiler.

“Maşgala şepagat uýasy maňa sanjym etmek üçin öýe geldi. Krantdan bolsa, damjalap suw akýar. Elini ýuwmak üçin hem suw tapmadym” diýip, Türkmenabatda ýaşaýan 2-nji topar maýyp gürrüň berýär.

Türkmenabat şäher hassahanasynyň saglyk işgäri hassahanada hem suwuň ýokdugyny gürrüň berdi.

"Bizde we welaýatyň köpugurly hassahanalarynyň laboratoriýalarynda distilirlenen suw ýok. Distilýatorlar hem krandyň suwundan suw alýardy. Distilirlenen suw bolmasa, hassalaryň analizlerini geçirmek mümkin däl, hirurgiýa bölümleri operasiýa etmekde kynçylyk çekýärler” diýip, lukman aýdýar.

Şäheriň Bahar we Himik etrapçasynyň ýaşaýjylary suw üpjünçilik edarasyna jaň edenlerinde, özlerine problemanyň şu hepdäniň içinde çözülmejeginiň duýdurylandygyny gürrüň berdiler. Olar "nasoslardaky detallaryň bozulup, täze detallara garaşmaly boljagy” aýdylypdyr.

Türkmenabatda ýaşaýyş jaýlaryň suw üpjünçiliginde ýygy-ýygydan problemalar döreýär. Ýaňy-ýakynda ýagyş zerarly agyz suw we lagym turbalary sandan çykyp, birnäçe etrabyň ýaşaýjylary suwsuz galypdy, käbir jaýlary hapa lagym suwlar basypdy.

Şäher ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, suw üpjünçiliginiň çäklendirilmegi, suw akymynyň basyşynyň birnäçe esse peselmegine getiripdir. Netijede, köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň diňe birinji gatynda belli derejede suw bar. Ikinji we üçünji gatlarda suw damjalap akýar, ondan ýokarky gatlarda suw umuman ýok.

“Ýokary gatlardaky ýaşaýjylaryň jaýlarynda elektrik nasoslar gurnalan. Emma bu nasoslar hem olara ýardam etmeýär” diýip, Bahar etrapçasynda köp gatly jaýlarynyň biriniň ýaşaýjysy aýdýar.

Suwsuz kösenýän ýaşaýjylar suw ýygnamak üçin dürli usullary gözleýärler.

“Hiç bolmanda gap çanaklary ýuwmak üçin gije kranty açyp, damjalap duran suwy ýygnaýarys. Dükandan satyn alynýan suwy kir we gap çanak ýuwmak üçin ulanmak gaty gymmada düşýär” diýip, Himik etrapçasynyň ýaşaýjysy gürrüň berýär.

Ýüze çykan çäklendirme sebäpli, ýerli dükanlarda plastik gaplarda satylýan suwyň hyrydary köpledi.

“Şu gün daň bilen 250 sany 5 litrlik “Arçalyk” suwyny dükana getirdiler. Iki sagadyň dowamynda satyn alyp gutardylar” diýip, azyk harytlary satýan dükanynyň eýesi gürrüň berdi.

Düzgüne görä, her ýylyň oktýabr aýynyň 15-nde, Türkmenabat şäheriniň etrapçalarynda suw bilen ýyladyş ulgamlary işledilmeli. Emma ýüze çykan problema zerarly, etrapçalarda ýerleşdirilen suw gyzdyrýan gazanlary işledýän desgalar işini bes etdi. Ýaşaýjylar öýlerini gaz ýakyp ýyladýarlar.

“Howa birden sowady. Elektrik peçleriň ulanylan ýagdaýynda, öýüň elektrik simleri köýüp bilýär. Gijelerine öýlerde gaz ýakyp ýatýarlar” diýip, ýene bir ýaşaýjy aýdýar.

Şu ýylyň iýul aýynda türkmenabatly himiýa hünärmeni özüniň geçiren laborator barlaglaryna esaslanyp, Türkmenabat şäheriniň agyz suwunyň arassalyk derejesiniň juda pesligi barada hem Azatlyk Radiosyna maglumat beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG