"Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda garaşylan esasy özgerişlik bolmady, ne TDG-niň meýilleşdirilen Aşgabat sammiti geçirildi, ne-de Türkmenistan bu guramanyň doly hukukly agzasy boldy. Oňa derek Aşgabadyň "Talyban" ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti bilen edýän gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýygjamlady. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Günbatara tarap “geosyýasy ädim ädýändigi”,1995-nji ýyldan bäri hemişelik bitaraplyk ýörelgesine eýerýän Aşgabadyň Günbatar bilen, hususan-da ABŞ bilen has ýakyn gatnaşyk gurmaga synanyşýandygy öňe sürülýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýurt içinde we daşary ýurtlarda giňden bellenilendigini, daşary ýurtlarda bu şanly senä bagyşlanyp 170-e golaý çäräniň geçirilendigini aýtdy we, synçylaryň käbiriniň pikirine görä, Magtymguly diplomatiýasy ýurtdaky 'öwrüilişik pursadyny' hem aňladyp biler.
Türkmenistanyň TDG-ä agza bolmagy, öňki diplomat Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, Aşgabadyň Bitaraplyk syýasaty arkaly özüni çetleşdirmek, izolýasiýadaky dolandyryşy, "öz eliň, öz ýakaň bolmagy" saklamak ýörelgesinden çykylyp başlandygyny aňladardy.
Türkmenistanyň TDG-ä doly hukukly agza bolmak ähtimallygy ikinji gezek 2022-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda aýan edildi. Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň sözlerine görä, bu agzalyk şol ýylyň oktýabrynda, Samarkant şäherinde geçiriljek sammitde tassyklanmalydy.
Türkmenistanyň öň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi diýilýän gurama doly hukukly agza bolmak ähtimallygy barada ilkinji gezek 2021-nji ýylyň sentýabrynda habar berlipdi. Şondan biraz soň, 2021-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistan bu gurama synçy agza hökmünde goşuldy.
Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň Ankarada, 2023-nji ýylyň 16-njy martynda açylan mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama basym agza boljakdygyny tassyklap, "Nesip bolsa, Türkmenistan indi synçy hökmünde däl-de, TDG-ä hakyky agza hökmünde gatnaşjakdygyna ynam bildirýär" diýipdi.
Şonda Berdimuhamedow Erdogany 22 ýyl bäri ýakyndan tanaýandygyny aýdyp, onuň parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlenmegine goldaw bildirdi.
Uly Berdimuhamedowyň TDG-ä agzalyk 'ynamy' türk kompaniýalarynyň Aşgabatda bahasy 1,5 milliard amerikan dollaryna golaý üç sany uly desganyň düýbüni tutan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.
TDH-nyň ýazmagyna görä, türk kompaniýalary 2000-nji ýyldan bäri Türkmenistanda bahasy 110 milliard 382 million 53 müň amerikan dollaryna barabar taslamalary we işleri ýerine ýetirdi.
Bu gatnaşyk Saparmyrat Nyýazowyň hökümetinden milliardlarça dollarlyk iş şertnamalaryny alan we Gurbanguly Berdimuhamedow döwründe 'uly ýitgi çeken' türk işewürleriniň yzyna, türkmen bazarynda elden gideren ýerlerine gaýdyp gelýändigini ýa-da ýagdaýyň öňküsinden biraz üýtgejekdigini yşarat etdi. Soňky habarlara görä, türk kompaniýalary indi Aşgabadyň uly energiýa taslamalaryna hem gatnaşjaga meňzeýär.
Nyýazow döwründe Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi bolup işlän Nurmuhammet Hanamowyň pikiriçe, bu habarlar Berdimuhamedowyň Ankara bilen 'syýasy söwda edýändigini' aňladýar.
Ol bu pikirini Türkiýäniň öz ýurduna gelýän türkmenistanlylar üçin girizen wiza talaby, Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwistleriniň käbiriniň ‘birden deportasiýa edilmegi’ bilen delillendirýär.
Aşgabat bilen Ankaranyň arasyndaky gatnaşyklaryň düýpli 'üýtgemek' ähtimallygyna ýurduň ykdysady kynçylyklary nukdaý nazaryndan seredýän synçylar hem bar. Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýeriň Azatlyga dürli döwürlerde beren interwiýularynda aýtmagyna görä, "pandemiýa we dünýä ykdysadyýetindäki problemalar türkmen resmilerini ýagdaýlara öňküsinden başgaça çemeleşmäge iterdi".
"...hökümetiň tas ähli agzasy üzňeligiň özleri üçin peýda getirmeýändigini boýun alan bolmaly” diýip, Panniýer Türkmenistanyň ozal Türki geňeş diýlip atlandyrylan gurama goşuljakdygy baradaky habarlara syn berende aýdypdy. Onuň pikiriçe, türkmen ýolbaşçylary ýurduň üzňelik, bitaraplyk syýasatlaryny gaýtadan gözden geçirýär, ýekeligiň mümkin däldigine... göz ýetirýär.
Ýöne, TÜKRKSOÝ-yň 2024-nji ýyly "Türk dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly", Änew şäherini "Türk dünýäsiniň medeni paýtagty" diýip yglan etmegine garamazdan, oktýabr aýynda Aşgabada gazak, gyrgyz, özbek, täjik liderlerinden başga, Eýranyň, Russiýanyň, Ermenistanyň, Mongoliýanyň we Pakistanyň ýolbaşçylary ýygnansa-da, Türkiýäniň prezidentiniň bu ýygnanyşyga gelmezligi TDG we oňa türkmen agzalygy baradaky meseläniň çözülmändigini aňlatdy.
TDG-niň 6-njy noýabrda Bişkekde geçirilen 11-nji sammitine ne uly, ne-de kiçi Berdimuhamedowyň gatnaşmagy, synçylaryň pikiriçe, Türkmenistanyň häzirlikçe öz üzňelik 'syýasatyna' ygrarly bolup galandygyny görkezýär.
Mundan başga, Aşgabat Owganystanyň "Talyban" ýolbaşçylygyndaky hökümeti bilen gurýan 'ikitaraplaýyn' hyzmatdaşlygyny, synçylaryň pikirine görä, 1990-njy ýyllaryň başynda, Saparmyrat Nyýazowyň prezident, Boris Şyhmyradowyň daşary işler ministri bolan döwründe ulanylan çemeleşmeler esasynda dowam etdirmäge çalyşýana meňzeýär.
Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda 744 kilometre golaý serhet bolup, Aşgabat bu ýurduň üstünden Pakistana, Hindistana energiýa geçirijilerini gurmak isleýär. Howpsuzlyk we maliýe meseleri sebäpli sorag astyna alynýan taslamalaryň durmuşa geçjegi gümana hem bolsa, Hanamowyň pikiriçe, türkmen häkimiýetleri "Talyban" režimi bilen hyzmatdaşlygy serhet howpsuzlygy üçin peýdalanmaga çalyşýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2021-nji ýylyň awgustynda goňşy ýurtda bolan wakalar barada dymyp, öz serhedine gelen bosgunlary kabul etmän, resmi taýdan ykrar etmese-de, "Talyban" bilen geçirýän gepleşiklerini ýygjamlatdy.
Bu gepleşikler, gol çekilen resminamalar, TDH-nyň anyklaşdyrman ýazmagyna görä, iki goňşy ýurduň 'özara bähbitli hyzmatdaşlygyny has ösdürmäge itergi berer'.
Emma türkmen reallyklary, 11-nji sentýabrda TOPH geçirijisiniň owgan böleginde gurnalan çäre, Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň düýbüni tutmak dabarasy, serhede eltilen gaz turbalarynyň yzyna, Türkmenistana alnyp gaýdylandygy barada çykan habarlar bilen baglylykda, 'öwgüli' hyzmatdaşlygyň aýdylyşy ýaly däldigini, hünärmenleriň aýdyp gelýän howpsuzlyk, maliýe meseleleriniň saklanyp galýandygyny yşarat etdi.
Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri Owganystana satylýan energiýa, ýangyç serişdeleriniň nyrhlary barada ilata hiç bir maglumat bermän, goňşy ýurduň halkyna ynsanperwerlilik kömeklerini ibermegi dowam etdirýär. Bu ýagdaý ýurtda çuňlaşýan ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän türkmenistanlylaryň arasynda garyşyk reaksiýalary döredýär.
Türkmenistan bu ýyl, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar arasynda, diňe sebit ýurtlarynyň liderleriniň köpçülikleýin sapar eden ýurtlarynyň biri bolman, Günbatar ýurtlary bilen gurýan gatnaşyklaryny hem giňeltmäge çalyşýan ýurt bolup göründi.
Ýerli synçylaryň pikirine görä, türkmen we amerikan resmileriň soňky aýlarda geçiren duşuşyklary Aşgabadyň uzak ýyllar bäri ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň, şol sanda howa goýberilýän zyýanly gaz, türkmen gazynyň bazary we sermaýa meseleleriniň mümkin bolan çözgüdini gözleýändigini aňladýar.
Mysal üçin, türkmen metbugaty ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň energetika serişdeleri boýunça kömekçisi Jeffri Paýett bilen sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşyga salgylanyp, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulan wagtyndan bäri howanyň üýtgemegi boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekde gazanan üstünliklerine ýokary baha berlendigini habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow 25-nji noýabrda ABŞ-nyň Montanadan saýlanan senatory, ABŞ Senatynyň Energetika we tebigy baýlyklar komitetiniň agzasy Stiw Daines bilen geçiren duşuşygynda Aşgabadyň energiýa eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmek strategiýasyny durmuşa geçirýändigini aýtdy. Bu, elbetde, Aşgabadyň türkmen tebigy gazyny Ýewropa bazarlaryna çykarmak tagallasyna ygrarly bolup galýandygyny görkezýär. Ýöne geçirilýän gepleşikler Dainesiň Aşgabada gelmeginiň diňe energiýa meselesi bilen bagly däldigine, Aşgabat bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklaryň has gowulaşmak ähtimallygyna ünsi çekýär.
Mundan öňki ýyllarda Türkmenistan ABŞ-nyň döwlet departamentiniň ýyllyk hasabatlarynda adam hukuklary boýunça öz boýun alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmeýän, iň bir repressiw, awtoritar režimli ýurtlaryň biri hökmünde tankyt edilýärdi.
Emma muňa garamazdan, Waşingtonyň Ýewropadaky ýaranlarynyň rus energiýasyna garaşlylygyny düýpli azaltmak ugrunda görýän çäreleri ýagdaýlaryň üýtgäp başlamagyna getirýär diýip, synçylar aýdýar.
Mundan öň türkmen gazynyň ýewropa bazarlaryna çykmagyna Russiýa ýol bermez diýen pikir güýçli bolan bolsa, indi, türk prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň ynanjyna görä, türkmen tebigy gazynyň Türkiýä we Ýewropa akdyrylyp başlanmagy diňe ‘wagt meselesi” bolup durýar.
“The Times of Central Asia” neşiriniň Türkmenistanyň Günbatara tarap edýän geosyýasy üýtgeşikligine bagyşlan makalasynda çykarylýan netijelere görä, ABŞ-nyň türkmen ykdysadyýetine maýa ýatyrylmagyny höweslendirmäge taýýar bolmagy, iki ýurduň durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän ykdysady, energiýa we infrastruktura taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmek mümkinçiliklerini öwrenmegi bilen, Aşgabat häzirki şertlerde bu pursady hiç bir jähtden elden gidermez hem-de ABŞ we onuň ýaranlary bilen gurýan gatnaşyklaryny diňe çuňlaşdyrmaga çalşar.
Elbetde, bu aýdylýanlaryň hakykatda, iş ýüzünde nähili boljakdygyny geljek ýyllar görkezer.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum