Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus dronlary Kiýewe hüjüm edýär, Ukraina hökümet özgerişligini geçirýär


Hüjüm astyndaky Kiýew. Arhiw suraty
Hüjüm astyndaky Kiýew. Arhiw suraty

5-nji sentýabr güni irden, Russiýanyň öten agşam ukrain paýtagtyny pilotsyz uçar zarbalaryna tutmagy bilen, häkimiýetler Kiýew ýaşaýjylarynyň gaçybatalga ýerlerinden çykmazlygyny tabşyrdy.

"Paýtagtyň ýokarsyndaky howa giňişliginde şindi hem birnäçe pilotsyz uçar bar. Gaýybatalgany terk etmäň!" diýip, şäher häkimi Witaliý Kliçko Telegram postunda duýduryş berdi.

"Howa duýduryşy dowam edýär! Howa goragy paýtagtdaky işlerini dowam etdirýär. Howa hüjümi duýduryşy bes edilýänçä gaçybatalgalarda galyň!" diýip, Kiýew şäheriniň harby dolandyryş müdiri Serhiý Popko ýaşaýjylara maslahat berdi.

Ukrain goşuny binäçe sebitiň, şol sanda Çernihow we Sumy sebitleriniň rus pilotsyz uçarlary tarapyndan nyşana alnandygyny aýtdy.

Şu aralykda, prezident Wolodymyr Zelenskiniň hökümetde geçirmegi teklip eden özgertmeleriniň arasynda, ukrain kanun çykaryjylary 4-nji sentýabrda hökümet agzalarynyň mümkin bolan işden çekilmelerine ses bermäge başladylar.

Deputatlar premýer-ministriň bir orunbasaryny, üç ministri işden aýyrdylar, ýöne daşary işler ministri Dmytro Kulebanyň ykbaly baradaky mesele mejlisde maslahatlaşylmady.

Dmytro Kuleba
Dmytro Kuleba

Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina çozaly bäri, Kiýewiň zerur bolan halkara goldawyny berkitmek ugrunda eden tagallalarynyň esasy wekilleriniň biri bolan Kulebanyň özi işden çekilmek üçin arza berdi.

Zelenski Kuleba we 22 agzaly kabinetiň geljegi barada aýdyp, 4-nji sentýabrda "bize täze energiýa gerek, bu ädimler biziň döwletimizi dürli ugurlarda berkitmek bilen baglanyşykly" diýdi.

Kulebanyň, şeýle-de premýer ministriň iki orunbasarynyň, hökümetiň üç agzasynyň işden çekilendigini köpçülige parlament başlygy Ruslan Stefançuk habar berdi. Bu ýurtda Russiýanyň başlan 36 aýlyk urşundan bäri geçirilen iň uly hökümet özgertmeleri boljaga meňzeýär.

Zelenskiniň “Halk hyzmatkäri” partiýasynyň başlygy Dawid Arakhamia 3-nji sentýabrda “bu uly hökümet özgertmesinde” hökümetdäki 22 ministr ornunyň ýarysyndan gowragynyň aýryljakdygyny aýtdy.

Bu çäre Zelenskiniň şu aýyň aýagynda Birleşen Ştatlara etmegine garaşylýan saparynyň öňüsyrasynda, rus goşunlarynyň gündogar Ukrainadaky ilerlemelerini dowam etdirýän mahaly, ukrain goşunlarynyň bir aý ozal öz başlaryna rus çägine çozup girip, 1200 inedördül kilimetr çemesi meýdany gözegçilikde saklaýan wagtynda görülýär.

Ýaranlar Waşingtona we beýleki paýtagtlara Kiýewiň Günbatar tarapyndan berlen ýaraglary we artilleriýany ulanmagyna girizilen çäklendirmeleri aýyrmak, şol sanda Russiýanyň çägine, ýurduň has içine zarba urmak rugsadyny bermek üçin edýän basyşlaryny artdyrýarlar.

Kanun çykaryjylaryň 4-nji sentýabrda geçiren mejlisleriniň birinde premýer ministriň wagtlaýyn basyp alnan ýerleriň gaýtadan birleşdirilmegi boýunça orunbasary Iryna Wereşçugy işden boşatmak boýunça geçiren ses berişligi, ukrain parlamentindäki, Werhowna Radadaky 450 sesden bary-ýogy 214 ses alyp, şowsuz boldy.

Olar içerki ýarag önümçiligine gözegçilik edýän Strategiki senagat ministri Oleksandr Kamyşiniň 243 ses bilen işden aýrylmagyny tassyk etdiler.

Zelenskiiniň partiýasynyň kanun çykaryjysy Ýaroslaw Železnýak Kamyşiniň Zelenskiniň strategiki geňeşçisi boljakdygyny öňe sürdi, ýöne bu garaşsyz ýagdaýda tassyklanmady.

Kanun çykaryjylar premýer-ministriň Ýewropa we Ýewro-Atlantik integrasiýasy boýunça orunbasary Olha Stefanişinanyň we daşky gurşaw ministri Ruslan Striletsiň işden aýrylmagyny tassyk etdiler.

Zelenski köp özgerişligiň geçiriljekdigini, olaryň hökümeti has güýçlendirmek we ýurda zerur bolan netijeleri gazanmak üçin edilýändigini aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG