Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede bikanun migrantlara garşy reýdleriň arasynda, öz watandaşlaryny aldawa salýan türkmenler köpelýär


Stambul şäheri (Illýustrasiýa suraty)
Stambul şäheri (Illýustrasiýa suraty)

Soňky aýlarda türk häkimiýetleriniň Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşaýan daşary ýurtlulara garşy reýdleriniň gerimi güýçlendi. Bu ýagdaý, Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylary dürli çykalgalary gözlemäge iterýär.

Bularyň arasynda, adamlaryň çykgynsyz ýagdaýyndan peýdalanyp, öz watandaşlaryny aldawa salýan türkmenistanlylar köpelýär. Bu barada Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa we türkmen migrantlarynyň birnäçesi 2-nji sentýabrda Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.

“Öňler diňe erkekler barlanýardy, indi aýallar hem barlanyp, deport edilmäge başlady” diýip, bu ýagdaýlar bilen içgin gyzyklanýan türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa aýtdy.

Türk häkimiýetleri geçen ýylyň tomus paslynyň başyndan bäri bikanun migrantlara garşy reýdleri geçirip gelýärler. Soňky aýlarda türk mediasy bu reýdlerde bikanun migrantlaryň yzygiderli saklanýandygy barada günde-günaşa habar berýär.

Kojaeli welaýatynyň häkimi Ilhami Aktaş 2-nji sentýabrda beren maglumatynda sebitde awgust aýynda geçirilen 17 operasiýada 566 sany bikanun migrantyň saklanandygyny mälim etdi. Türk häkimiýetleri saklanýan migrantlaryň haýsy ýurtlaryň raýatlarydygy barada aç-açan maglumat bermän gelýärler.

Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany barada anyk maglumat ýok. Ýöne adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar we aktiwist Taganowa Türkiýede biometriki pasportynyň möhleti gutaran ýa-da umuman köne pasporty bilen, bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sanynyň müňlerçedigine aýdýarlar.

“Olaryň aglabasy Türkmenistana dolansalar, ýurtdan çykarylmaryn diýen alada bilen, Türkiýede bikanun ýagdaýa düşen türkmenlerdir. Häzir bu raýatlar Türkiýede galmak, ýaşaýyş durumyny kanunlaşdyrmak üçin özbaşdak dürli çykalgalary gözelýärler. Ýöne bu adamlaryň çykgynsyz ýagdaýyndan peýdalanyp, olary aldawa salýan adamlar köpeldi. Bularyň tas ählisi Türkiýede ýaşaýan türkmen raýatlarydyr” diýip, aktiwist belledi.

Bu adamlar sosial ulgamlarda sahypalary açyp, olara, hamala, agenstwa adyny berip, türkmen migrantlaryna esasan işlerini türk kazyýetine geçirip, ýa-da käbir tanymal programmalar esasynda, ýaşaýyş durumyny kanunlaşdyryp bermegi wada berýärler. Olar migrantlara bu baradaky galp resminamalary berýärler.

“Biz sizi Türkiýeden çykaryp, başga bir ýurda iberip, şol ýeriň wizasyny alyp, Türkmenistana ugratjak, Türkmenistandan soň pasport alyp, ýene-de Türkiýä arkaýyn gelip bilersiňiz diýen bir ýoly hem bar diýip, adamlara şular ýaly wadalary berip, aldap otyrlar” diýip, Taganowa bu ýagdaýa düşenleriň her biriniň 1 müň 400-den 5 müň ABŞ dollaryna çenli maliýe serişdesini aldyrandygyny belleýär.

Ol özüniň sosial ulgamlarda ýygy-ýygydan efir açyp, bu barada gürrüň gozgaýandygyny we özleriniň aldawa düşendigini aýdyp, kömek soraýan onlarça adamyň ýüz tutandygyny hem aýdýar.

Bu ýagdaýa sezewar bolan türkmen migrantlarynyň birnäçesiniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, pullary alan türkmenler aradan bir salym geçensoň, olaryň hatlaryna we telefon jaňlaryna jogap bermeýärler.

“Käbir adamlaryň üstünden gülüp jogap berýärler. Biz Türkiýede bikanun ýaşaýandygymyz sebäpli, türk polisiýasyna baryp, bu adamlar barada şikaýat edip bilmeýäris. Sebäbi bizden ilkinji soraljak zat: wizaňyz barmy? Eger wizamyz bolmasa, hiç ýere şikaýat edip bilmeýäris we üstesine-de, dessine deport bolýarys. Adamlary aldawa salýan türkmenlerimiz hem muny bilýärler. Türkmenleriň iň agyr meselesini hem bilýärler. Çykgynsyz ýagdaýa düşen köp adam bularyň hilegärligine aldanýar” diýip, Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmen migranty anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Akwitist Taganowa bu ýagdaýlar barada özüniň we özi ýaly başga-da birnäçe türkmen aktiwistiniň türk häkimiýetlerine, polisiýasyna ýüzlenip, migrantlary aldawa salýanlaryň bardygy barada habar berendiklerini hem aýdýar.

“Olar ejir çeken adamlaryň özleri ýüzlenmeli diýýär. Ýagny, üçünji tarap hiç hili şikaýat edip bilmeýär. Biziň hem, muny habar bermekden başga elimizden gelýän zat ýok” diýip, aktiwist belledi.

Ol türkmenistanlylaryň bu kösençlikleriniň esasy sebäbiniň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda pasportlaryň taýýarlanyp berilmeýändigi, türkmen raýatlarynyň watanyna dolanan ýagdaýynda, olaryň ýurtdan çykmagyna gadagançylyk girizilýändigi bilen baglanyşyklydygyny belleýär.

“TikTok we beýleki sosial medialarda bu zatlaryň [türkmenleri öz watandaşlaryny aldawa salmagynyň] aç-açan edilip durandygyna garamazdan, Türkmenistanyň hökümeti, mysal üçin aktiwistlere nähili basyş görkezýärler, ýöne bu adamlara garşy hiç hili çäre görülmeýär” diýip, aktiwist Dürsoltan Taganowa sözüni jemledi.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasyndan telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG