Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşme: daşary ýurda barýan her uçardan onlarça adam düşürilýär


Aşgabadyň halkara aeroporty (arhiw suraty)
Aşgabadyň halkara aeroporty (arhiw suraty)

Aşgabadyň halkara aeroportunda ýolagçylaryň uçara goýberilmezligi bilen bagly wakalar köplügine galýar. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri her reýsden, sebäbi düşündirilmezden ençeme adamyň saklanyp, galýandygyny habar berýärler.

Türkmenistandan daşary ýurtlara barýan uçarlardan ýolagçylaryň düşürilmegi bilen bagly ýagdaýlar ýyllarboýy gaýtalanýar käwagt uçara goýberilmeýänleriň sany has köpelýär. Bu ýagdaýy görkezýän resmi statistika çap edilmeýärkä, Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleri soňky hepdelerde her bir uçara onlarça adamyň goýberilmeýändigini habar berýärler.

"Soňky hepdelerde müňe golaý waka boldy. Her uçara azyndan 20-30 adam goýberilmeýär" diýip, aeroportdaky ýagdaýlardan habarly çeşme anonim şertde gürrüň berdi.

Azatlyk bilen gürleşen türkmenistanlylaryň sözlerine görä, migrasiýa işgärleri uçardan düşürilýänlere hiç bir düşündiriş bermeýärler we olara öz welaýat migrasiýa bölümlerine ýüz tutmagy teklip edýärler.

"Emma welaýatdaky migrasiýa işgärleri hem öz gezeginde hiç hili düşündiris bermeýärler" diýip, anonim gürleşen ýolagçylaryň biri aýtdy.

Soňky hepdelerde uçara goýberilmedikleriň arasynda studentler hem bar.

Azatlygyň habarçylary daşary ýurtlara okuwa gitmäge synanyşýan ýaşlaryň ýardam üçin araçylara ýüz tutanda, olara täzeden bilet satyn alyp, synanyşmagyň we aeroporta baranlarynda ýany bilen artykmaç 300-500 amerikan dollaryny alyp barmagynyň maslahat berilýändigini aýdýarlar.

"Talyplara şol ýerde para berip, uçara girip biljekdiklerini aýdýarlar. Olara geçjek mahaly kime pul bermelidigini öňünden aýdarys, diýip, rahatlandyrýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Azatlyk Radiosy türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlara gidýän uçarlardan düşürilmegine degişli ýagdaý barada Aşgabadyň halkara aeroportunyň wekillerinden we migrasiýa işgärlerinden resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.

Ýaňy-ýakynda uçara goýberilmedik raýatlaryň biri Türkiýede bilim alýan student gyz Türkmenistanda pasportynyň möhletini uzaldyp, soňra Stambula uçjak bolupdy.

Sadokat Nurimbetowanyň 15-nji iýulda Aşgabadyň aeroportynda Stambul ugry boýunça uçaryň bortuna mündürilmändigini adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki Fondy” (THF) 18-nji iýulda habar berdi.

THF-nyň maglumatynda Türkiýäniň ýokary okuw jaýynda okaýan 24 ýaşly Nurimbetowanyň Türkiýede resmi ýagdaýda galmaga ygtyýar berýän rugsadynyň hem bardygyny nygtalýar.

Maglumata görä, aeroportda migrasiýa işgärleri Nurimbetowa, onuň ýurtdan çykmagyna “gadagançylyk girizilendigini” mälim edipdirler, we sebäbi soralan-da, munuň “ýokardan gelen buýrukdygyny” aýdypdyrlar. Nurimbetowa daşary ýurtda ýaşaýan türkmen aktiwisti Hamida Babajanowanyň gyzydyr.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary soňky hepdelerde daşary ýurtlara wiza almagyň hem kynlaşandygyny habar berdiler.

Türkiýä gitmek üçin wiza ýüz tutanlardan diňe sanlyja adama wiza berlip, aglabasyna wiza bermekden ýüz öwrülendigini habarçymyz 22-nji iýulda gürrüň berdi. Maglumata görä, wiza taýýarlamak hyzmatyny hödürleýän ýarym resmi agentligiň üsti bilen bir günüň dowamynda türk wizasy üçin resminama tabşyran 150 raýatdan 147-siniň wiza üçin tabşyran haýyşlary kanagatlandyrylman, diňe 3-sine wiza berlipdir.

Azatlygyň habarçylary rus wizasyny almagyň hem hemmä başartmaýandygy barada 26-njy iýulda habar berdiler.

Daşary ýurt pasportyny edinmek, wiza almak we uçara münmek bilen bagly kynçylyklara garamazdan, onlarça müň türkmen raýaty okuwa girmek we iş tapmak maksady bilen her ýyl ýurduň daşyna çykmagy başarýar.

Türkiýe we Orsýet türkmen raýatlarynyň iň köp barýan ýurtlarynyň arasynda galýar.

Türkmenistan resmi sanlary çap etmeýärkä, beýleki ýurtlaryň statistikasyna görä, Russiýada 30 müňden gowrak, Türkiýede 20 müňe golaý türkmenistanly bilim alýar. Merkezi Aziýanyň we beýleki ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda hem türkmenleriň müňlerçesi bilim alýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG