Türkmenabadyň bazarlarynda we dükanlarynda azyk önümleriniň bahalary birden ýokarlandy. Azatlygyň habarçylary 24-nji iýulda azyk satýan söwda nokatlarynda harytlaryň ortaça 20-30% gymmatlandygyny habar berýärler.
Dükanlarda bir günüň dowamynda ýumurtganyň bahasy 38% ýokarlandy, et 20% gymmatlady diýip, Türkmenabatdaky habarçymyz gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, bahalar çarşenbe gününiň dowamyndan üýtgäp durupdyr. Ýumurtganyň bahasy ýokarlanmak bilen bolan bolsa, etiň nyrhy soňra biraz aşak düşüpdir.
“Bir kilogram etiň bahasy bir gün öň 50 manatdy. 24-nji iýulda irden etiň bahasy 60 manada çykdy, sagat dokuz töweregi 57 manada düşdi. 1 guty ýumurtganyň bahasy 33 manatdy, ol hem birden 45,5 manada çenli galdy, üç sagatdan soň 42 manada düşdi we günüň dowamynda şu bahalar saklandy" diýip, habarçymyz aýdýar.
Birden gymmatlan azyk önümleriniň arasynda gök we bakja önümleri hem bar. Hususan-da, gyzyl bulgar burç iki esse gymmatlap, onuň bahasy 10 manatdan 20 manada ýetipdir. Gök otlar ukrop-petruşka 0,5 manatdan 3 manada çenli gymmatlapdyr, sarymsagyň bir kilogramynyň bahasy 37 manatdan 40 manada çykypdyr.
Bahalaryň birden üýtgemegi şäher ýaşaýjylaryny howsala saldy. Azatlyk bilen gürleşen alyjylar bahalaryň mydama durnuksyzdygyny we azyk önümleriniň gymmatlaýan pursatlarynyň seýrek däldigini belleýärler, emma şeýle-de bolsa nyrhlaryň birden esli ýokarlanmagynyň maşgalalara uly agram salandygyny we ynjalykdan gaçyrandygyny aýtdylar.
"Bir tarapdan seredilende, bazar bahalarynyň durnuksyz bolmagy raýatlar üçin täzelik däl, adamlar öwrenişen. Emma näme sebäpden üç sagadyň dowamynda beýle baha böküşliginiň bolanlygyna hiç kim düşünmedi" diýip, türkmenabatly zenan aýtdy.
Azatlyk Radiosy bahalaryň ýokarlanmagyna degişli ýagdaý we munuň sebäpleri barada Türkmenabadyň söwda resmilerinden düşündiriş alyp bilmedi.
Mundan ozal bahalaryň esli ýokarlanmagy iýun aýynyň ikinji ýarymynda bolupdy. Balkan welaýatynda ýumurtga birden 100%, sygyr eti tas 50% gymmatlapdy.
Şonda balkanly söwdagärler nyrhlary ýokarlandyrmasalar, özleriniň zyýan çekjekdiklerini aýdypdy. Söwdagärler diri sygyryň, öküziň we göläniň bahasynyň gymmatlandygyny we bazar salgytlaryny, ýol çykdajylaryny we zähmet hakyny hasaplanda, eti 75 manatdan satmasalar, özleriniň zyýana galjakdygyny aýdypdy.
Türkmenistanda azyk önümleri bazarlarda, hususy söwda nokatlarynda we döwlet dükanlarynda satylýar. Döwlet dükanlaryndaky nyrhlar biraz arzan, emma harytlaryň hili köplenç pes bolýar.
Häzir Türkmenabatda azyk harytlaryň gymmatlamagy ýurtda aýlyklaryň, pensiýalaryň, kömek pullaryň we stipendiýalaryň indiki ýylyň basyndan ýokarlandyryljakdygy barada yglan edilmeginiň yzýanyna gabat geldi.
Täze ýyldan minimal aýlygyň 1410 manada barabar boljagy aýdyldy.
Döwlet tölegleriniň 10% ýokarlandyryljagy barada adatça ýarym ýyl öňünden yglan edilmegi her ýyl harytlaryň esli gymmatlamagyna getirýär.
Ilatyň durmuş derejesini görkezýän statistikany köpçülige elýeterli etmeýän ýurduň hökümeti adamlaryň ýaşamagy üçin zerur minimum we alyjylar sebedi diýen tejribeleri ýöretmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum