Mary welaýatynda baýramçylygyň yzýany bazarlardaky zibil çelekleriň daşynda adam köpeldi. Olar zibilden iýmite ýaraýan azyk gözleýärler. Azatlygyň habarçylary Marydaky ýagdaý barada 7-nji ýanwarda maglumat berdiler.
Adamlar bazarlaryň zibil dökülýän çeleklerinden azyk gözleýärler. Şeýle-de, bazarlarda lomaý gök-bakja we beýleki azyk önümleriniň satylýan ýerlerine baryp, zaýa bolan ýa-da zyňyljak azygy soraýan adamlaryň sany köp. Olaryň arasynda dürli ýaşly adamlar, maşgala başlary we eneler bar.
"Adamlar köpçülikleýin baryp, zaýa bolan we zyňyljak haryt soraýarlar. Käbir adamlar bazarlarda lomaý söwda edýänlerden we marketlerden 'mallarymyza berer ýaly alma, apelsin, banan we şuňa meňzeş zatlaryň zaýa bolup satlykdan aýyrylany barmy?' diýip soraýarlar. Käbirler zaýalanyp barýan azygy 1-2 manatdan arzan satyn alýarýar" diýip, çeşmeleriň biri görenlerini gürrüň berdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen maryly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, mallar üçin diýip, zaýa bolan azyklary soraýan adamlar bu azyklary mallaryna däl-de çagalaryna öz maşgalasyna iýdirmek üçin alýarlar.
Baýramalyda bazarda gök-önüm satýan satyjynyň gürrüň bermegine görä, zaýalanan haryt sorap barýan adamlar köp bolýar. Çüýrän miweler arzan bahadan dessine satyn alynýar.
"Men 7-8 ýaşik zaýa bolan almamy her 1 kilogramyny 2 manatdan diýip daşary çykarsam, adamlar olaryň içinden ýarysy zaýalanan ýa-da iýmäge sähel ýeri bolan almalary çöpläp aldylar. Emma tutuş zaýalanan almalary almadylar. Bu mallar üçin bolsa, hemmesini alardylar, mal näme berseň iýýär" diýip, satyjy gürrüň berdi.
Bazar satyjylaryň käbiri zaýalanan önümlerini mugtuna berýärler, beýlekiler sähele pula satyp, çeken zyýanyny ödejek bolýarlar.
"Biz Täze ýylda satmak üçin gereginden kän bakja önümlerini aldyk. Häzir satylman galanlary zaýalanyp başlady biz hem zyýana galdyk" diýip, bir bakja önümini satýan telekeçi aýtdy.
Dilegçilik edýän çagalara bir-iki sany miwäni mugtyna berýän bazar satyjylary hem bar.
Baýramalyda çelekleriň dörýän köpsanly adamlary etrap bazarynyň daşynda we köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň töwereklerinde görse bolýar.
Azatlygyň habarçysy häzir kiçi çagalaryň, pensiýa ýaşyndaky atalaryň we eneleriň, elleri kiçi çagaly ýaş gelinleriň, ýokary klas okuwçylarynyň elleri plastik paketli azyk çöpleýändiklerini görse bolýandygyny belledi.
"Marynyň paýtagtyndaky köpgatly jaýlaryň, marketleriň, bazarlaryň töwereginde maddy ýagdaýy öwerlikli däl adamlar zibil çeleklerini maşgala bolup ýa-da iki maşgala bolup garawullaýarlar. Daşdan gelip, şol zibil dökülýän çelekleri dörip azyk gözlemekçi bolýanlary getirmeýärler" diýip, Marynyň ýaşaýjysy aýtdy.
Azatlygyň maryly söhbetdeşleri köpgatly jaýlaryň howlularyndaky zibil çelekleriň daşynda her gün dawaly ýagdaýyň döreýändigini gürrüň berdiler.
"Zibil çelek dörýän gaty kän. Köplenç köpgatly jaýyň penjiresinden synlap otursaň zibil çelekleriniň golaýynda uruşlary, sögüşleri görse bolýar. Häzir her bir zibil dökülýän çeleklerde 2-3 adam nobatçylyk çekýär we biz birinji geldik diýip, daşyndan adam getirmeýär, gerek bolsa ýaka tutuşýarlar. Zibil çeleklere hapa dökmäne barýan adamlaryň elinden hapany alyp daşyna dökýärler we onuň içinden derdine ýaraýjak zatlary alyp, galan gerekmejek hapalary özleri saýhallap çeleklere guýýarlar" diýip, Marynyň ýene bir ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Bu maryly ýaşaýjynyň sözlerine onuň ýaşaýan jaýyň howlusyndaky bu ýagdaýy gören ýerli ýaşaýjylar rehimi inip, zibil dörýän adamlara azyk eltip bermäge synanyşypdyr, emma bu problemany çözmändir.
"Ilki başda köpgatly jaýlaryň ýaşaýjylary sowuk howada bul zibil dörýän adamlary görip her kim başardygyndan bulara azyk bermäge başladylar. Çörek, sogan, kartoşka ýaly azyklary berenlerem boldy. Emma bu zibil çelegiň ýanyndaky adamlaryň azalmagyna derek, olaryň sanyny köpeltdi. Mätäç adamlaryň arasynda has daýawragy ejizleri kowup başlady. Adamlar ýakalaşyp birek-biregini kowýar" diýip, marynyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Bu aralykda ellerinde kiçi çagaly ýaş gelinler gapyma-gapy aýlanyp azyk dileýär.
"Bular gaty kän. Men birinji gatda ýaşamsoň irden gapym kakylyp başlanýar. Bir günde 10-12 adam gapymy kakyp, azyk soraýar. Mende olara bermäge indi zadym galmady. Şonuň üçin men gapyny açmaga utanýaryn" diýip, ýene bir maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Türkmenistanda zir-zibil dörýän we dilegçilik edýän adamlaryň sany soňky birnäçe ýylda köpeldi. Ýurtdaky agyr sosial-ykdysady problemalary boýun alman gelýän türkmen hökümeti meseläni resmi derejede agmaýar. Emma dilegçilere we zibil döreýän adamlara wagtal-wagtal basyş görkezilýär. Zibil çelekleriň golaýynda gözegçi goýulýar ýa-da zibil dörýänler we dilegçiler polisiýa tarapyndan saklaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum