Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze ýyldan artdyrylan pensiýalar pensionerleriň durmuşyny ýeňletmedi


Garryja aýal döwlet binasynyň öňünde otyr. Aşgabat (Illýustrasiýa suraty)
Garryja aýal döwlet binasynyň öňünde otyr. Aşgabat (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň zähmet pensiýasyna çykan uly nesli maddy taýdan agyr ýagdaýda ýaşaýar. Şu ýylyň başyndan 10% ýokarlandyrylan pensiýalara garaşan ýaşulular ellerine alan pulunyň ýene-de örän ujypsyz bolup, durmuş harajatlaryna ýetmeýändigini aýdýarlar.

Nebit önümçilik pudagyndaky döwlet kärhanasynda 20 ýyllap sürüji bolup işlän balkanly ýaşulynyň pensiýasy täze ýylda 10% ýokarlanansoň 417 manat boldy. Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşulynyň sözlerine görä, ol 2017-njy ýylda pensiýa çykansoň pensiýasy 8 ýylda 289 manatdan 417 manada gelipdir.

Türkmen mediasyna görä, ýurtda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, pensiýanyň iň pes mukdaryny kesgitlemek üçin 550 manat, resmi kurs boýunça 157 amerikan dollary, döwlet kömek puluny hasaplamak üçin - 520 manat, ýagny resmi kurs boýunça 148 amerikan dollary möçberindäki sanlar ulanylýar.

Emma iş ýüzünde resmi taýdan minimal diýlip kesgitlenen pensiýany alyp bilmeýän pensionerleriň sany örän köp.

Azatlyk bilen gürleşen türkmenistanly pensionerleriň käbiriniň pensiýasy aýda 200 manatdan geçmeýär. Täze ýylda şeýle pensiýanyň mukdary 220 manat boldy. Bu resmi kurs boýunça 62,8 amerikan dollaryna, gara bazaryň kursy boýunça 11 dollardan geçmeýär.

Pensionerler onlarça ýyl zähmet çeken hem bolsa, ýurduň ykdysady gurluşy, döwlet edaralarynyň eýeçiligi, dokumentleri ýöretmegiň tertibi üýtgäp, olar öz iş ýyllarynyň bir bölegini tassykladyp bolmandygyny belleýärler.

Ýaşulularyň häzirki pensiýasy bilen durmuşy örän agyr.

"Her aýda 4-5 kilogram ýeralma, 4 kilogram düýp sogan, her gün döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan çörekden 1 buhanka - aýda 30 çörek, 2 iki litr ösümlik ýagyny, 5-6 kilogram ýurtda öndürilen makaron we wermişel satyn alyp bolýar. Mundan soň jemagat töleglerine ýetse begenýäris" diýip, pensioner gürrüň berdi.

Emma pensionerleriň sözlerine görä, azyk harytlarynyň yzly-yzyna gymmatlamagy, şeýle-de jemagat hyzmatlary üçin tölegleriň soňky ýylda esli ýokarlanmagy pensionerleriň gününi hasam agyrlaşdyrdy.

"Geçen ýyldan bäri gazyň her kubmetriniň 1 manada çenli we agyz suwunyň gymmatlamagy sarp edijilere agram saldy. Her aýda diňe agyz suwy üçin her hojalyk in azyndan 50-60 manat töleg geçirmeli bolýar" diýip, pensioner gürrüň berdi.

Azatlygyň söhbetdeşleri derman üçin çykdajylaryň özlerine aşa uly agram bolýandygyny gürrüň berdiler. Pensionerler lukmanlaryň ýazyp beren dermanlaryň tas ählisini bazar nyrhyndan satyn almaly bolýandygyny we olaryň köpüsiniň bir aýlyk pensiýa barabar, ýa-da has hem gymmat bolýandygyny aýdýarlar.

"Lukman tarapyndan ýazylan dermanlary öz hasabyna hususy we döwlet dermanhanalaryndan satyn almaga mümkinçilik ýok. Böwrek keseli üçin dermanlaryň bahasy 140-400 manat aralygynda. Aşgazan üçin ýönekeý dermanlaryň bahasy 80-200 manat aralygynda. 1000 we 4000 manat aralygynda bahalanýan dermanlar hem bar. Hassa garrylaryň arasynda çekýän azaby zerarly tizräk dünýäsini täzelemäge howlukýanlar hem az däl" diýip türkmenistanly pensioner aýdýar.

Ilatyň sosial problemalaryny agzamaýan türkmen hökümeti her ýylda pensiýalaryň, kömek pullarynyň, aýlyklaryň we stipendiýalaryň 10% artdyrylýandygyny yglan edýär. Birnäçe ýyl bäri her ýyl artdyrylýan pensiýalaryň ilatyň durmuş derejesine ýetirýän täsiri resmi derejede kommentirlenmeýär, ýagdaýa degişli resmi syn we resmi san çap edilmeýär.

Prezidentiň şu ýylyň başyndan aýlyklaryň galdyrylmagy barada 2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda gol çeken kararyna görä, Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet haky 1410 manat möçberde bellendi.

Türkmenistanda ilat köpçüliginiň girdejileriniň bazar sebedine gabat gelmeýändigine halkara guramalary ýyllarboýy ünsi çekip gelýärler.

Halkara maliýe fondunyň (HMF) 2024-nji ýylyň aprel aýynda çap eden beýanatynda türkmen ykdysadyýetiniň reallyklaryna syn berlip, 2023-nji ýylda Türkmenistanda Jemi içerki önümiň (JIÖ) ösüş derejesiniň 2 %-e deň bolandygyny mälim etdi. Türkmen hökümeti bu görkezijiniň degişli döwürde 6,3 %-e barabar bolandygyny yglan edipdi.

Guramanyň missiýasynyň geçen ýylyň 27-nji mart - 9-njy aprel aralygynda Aşgabada sapar edip, ýokary derejeli hökümet resmileri, işewür toparlaryň, maliýe ulgamlarynyň we diplomatik bileleşigiň wekilleri bilen duşuşynyň yz ýany çap eden beýanatynda 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň 2,3%-e barabar boljakdygyny, inflýasiýanyň 8 göterime çykjagyny çaklady.

Tebigy resurslaryna baý we döwlet girdejisiniň uly bölegi nebit-gaz söwdasyndan düzülýän Türkmenistanyň öz pensionerlerine berýän pensiýa haky hatda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda hem iň pes hasaplanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG