Şu günler Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ilata bitin towuga derek iki sany zaýalanan jüýje satylýar. Lebabyň Türkmenabat şäherinde bolsa, azyk dükanlary özleriniň mahabat wideolarynda harytlaryň nyrhlaryny galplaşdyrýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 26-njy iýunda paýtagtdan we Türkmenabatdan maglumat berdiler.
“Ýerli kärhana tarapyndan öndürilen bitin towugyň bir kilogramyny 35 manatdan göräýmäge erkin satyn alyp bolýar. Ýöne ony satyn alan adamlar paketde bir sany bitin towugyň deregine biri-birine dykyz birleşdirilen iki sany zaýalanan jüýjäniň bardygyny bilip galýarlar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan ýaşaýjylaryň ençemesi habarçymyza beren maglumatynda jüýjeleriň garamtyl gök reňkdedigini we olaryň gabyny açan badyňa daş-töwerege ýakymsyz ysyň ýaýraýandygyny hem atdy.
“Bir paketi 53 manada barabar bolan zaýalanan jüýjeleri özüm iýip bilmedim. Olary daş-töweregimdäki haýwanlara berdim” diýip, başga bir aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Ýaşaýjylar bu barada döwlet dükanlaryna şikaýat bilen ýüzlenendiklerini, işgärleriň özlerine “soňky döwürde bu ýagdaýlaryň yzygiderli gaýtalanýandygyny” aýtmak bilen çäklenendigini belleýärler.
Soňky hepdelerde Türkmenabat şäherinde bolsa, ýaşaýjylar azyk harytlarynyň bahalarynyň galplaşdyrylmagy bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Azyk dükanlarynyň we söwda nokatlarynyň aglabasy özleriniň TikTok we Instagram sosial ulgamlaryndaky mahabat wideolarynda harytlarda pes nyrhlary ýerleşdirýär, ýöne olary satyn almaga baran alyjylardan has ýokary bahalary tölemegi talap edýär.
“Mysal üçin, wideolarda tüwiniň bir kilogramy 7,5 manat diýlip görkezilýär, ýöne ony satyn almaga baranyňda 27,5 manatdan bärde berenoklar. Bananyň kilogramy 15 manat görkezilýär, ýöne ony hem 19,9 manatdan bärde satanoklar. Bu bir hilegärlik” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.
Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, käbir söwda dükanlary bolsa, mahabatda görkezilen arzan nyrhlara möhleti geçen, zaýalanan önümleri satýarlar.
“Mahabat wideosynda owadan, ter bananlar, almalar we beýleki önümler görkezilýär, ýöne satyn almaga baranyňda, arzan nyrhdan diňe garamtyl, zaýalanan harytlary teklip edýärler” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy belledi.
Ýaşaýjylaryň ençemesiniň şäheriň söwda edarasyna we Saglygy goraýyş we keselleriň öňüni alyş merkezine (sanepidemstansiýa) eden şikaýatlary oňyn netije bermeýär.
“Para bilen ähli meseläni çözüp durlar. Adamlary zäherlemekden hem gorkanoklar” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Azatlygyň bu barada paýtagtyň we Türkmenabadyň söwda edaralaryndan we Saglygy goraýyş we keselleriň öňüni alyş merkezlerinden teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi. Redaksiýa bu barada ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen hem habarlaşyp bilmedi.
Ýöne Türkmenabadyň häkimligindäki ygtybarly çeşmämiz nyrhlaryň galplaşdyrylmagy bilen bagly çäräniň Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) şäher bölüminiň görkezmesi bilen amal edilýändigini aýdýar.
“TikTok-daky we Instagramdaky maglumatlary tutuş dünýä görýär. Mahabat wideolarynda bahalary galplaşdyrmak ýurtda ýaşaýyş derejesiniň, hamala, ýokarydygyny, bahalaryň arzandygyny görkezmek üçin edilýär. Söwdagärleriň käbiri bu ýagdaýdan peýdalanyp, möhleti geçen harytlaryndan dynýar” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Azatlyk bu barada MHM-niň ýerli edarasyndan teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda, hyzmatlaryň we harytlaryň bahalary yzygiderli gymmatlaýar. Bu ýagdaý, pes girdejili maşgalalaryň güzeran eklenjini agyrlaşdyrýar.
Munuň bilen bir wagtda, ýurtda möhleti geçen we zaýalanan harytlaryň satylmagy hem ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Bu aralykda ilatyň şol sanda çagalaryň zaýalanan azykdan zäherlenýän halatlary hem köpeldi.
Häkimiýetler bu ýagdaýlary aç-açan boýun alyp, meseläni çözmäge çalyşmagyň deregine, adatça, ýaşyrmak tejribesini ulanyp gelýär. Ýurduň bazarlarynda harytlarda arzan nyrhlaryň ýerleşdirilmegi, ýöne gymmat bahadan satylmagy yzygiderli ýüze çykýar. Häkimiýetler azyk nobatlaryny hem ýaşyrmaga çalyşýar, nobatlary surata we wideo düşürýänleri yzarlaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum