Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda ýumurtga 100%, sygyr eti tas 50% gymmatlady


Türkmenistanyň daýhan bazarlarynyň birinde alyjylar we satyjylar (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanyň daýhan bazarlarynyň birinde alyjylar we satyjylar (Illýustrasiýa suraty)

Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde sygyr etiniň we towuk ýumurtgasynyň bahalary duýdansyz 100%-e çenli gymmatlady. Gymmatlamanyň sebäbi barada resmi düşündiriş berilmeýän mahaly, bu ýagdaý ilatyň arasynda nägilelik döredýär.

Şol bir wagtda, söwdagärler nyrhlary ýokarlandyrmasalar, özleriniň zyýan çekjekdiklerini aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji iýulda sebitden maglumat berdi.

“Otuz däneden ybarat bir desse ýumurtga 31 manatdan birden 52-67 manada gymmatlady. Bir kilogramy 55-60 manat aralygynda bahalanan sygyr etiniň bahasy hem 75 manada gymmatlady. Bu, ýumurtganyň 100%, etiň tas 50% gymmatlandygyny aňladýar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, gymmatlamanyň öňüsyrasynda, ýagny şu hepdäniň başynda Türkmenbaşynyň bazarlarynda mal etiniň gytçylygy emele gelip, çäkli möçberde düýe we goýun etleri satyldy.

“16-njy iýulda öýlän süňkli mal eti 75 manatdan satylyp başlandy. Ýöne alyjylar bazar resmilerine arz edip, onuň 70 manatdan satylmagyny gazandylar” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenbaşyly ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.

Emma ol munuň yzysüre, et söwdagärleriniň süňkli ete malyň içegelerini we kelle etlerini goşup, 70 manada pes hilli eti satyp başlandygyny belleýär.

Söwdagärleriň ençemesi Türkmenistanda diri sygyryň, öküziň we göläniň bahasynyň hem gymmatlandygyny we bazar salgytlaryny, ýol we zähmet wagtlaryny hem hasaplanda, 70 manatdan et satsalar, özleriniň diňe zyýan çekjekdiklerini aýdýar.

“Eger döwlet et bahasyna gözegçilik etmek islese, gassaplary arzan goýun, sygyr bilen üpjün etsin. Häkimiýetler diňe bahany kontrol etjek bolýar. Oba hojalyk, maldarçylyk syýasatyndaky şowsuzlyklary telekeçileriň we halkyň hasabyna düzetmek mümkin däl ahyry” diýip, balkanly et söwdagäri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Käbir söwdagärler bolsa, et satmagy wagtlaýyn togtatmagy makul bilýärler. Şäheriň döwlete degişli azyk dükanlarynda hem mal eti we towuk ýumurtgasy tapdyrmaýar.

Habarçymyz balygyň nyrhlarynyň hem köp maşgalanyň maddy mümkinçiliginden gymmatdygyny aýdyp, olaryň käbiriniň bahalary barada maglumat berdi.

“Türkmenbaşynyň “Daýhan” bazarynda 1 kg bekre balygy 500 manat, 1 kg gara balyk 100 manat, 1 kg kefal balygy 60 manat bahalanýar” diýip, habarçymyz belledi.

Bu aralykda, ýumurtga söwdagärleri gymmatlamanyň sebäbini ýerli guşçulyk toplumlarynda towuklaryň dürli keseller zerarly köpçülikleýin gyrylmagy we iým-derman ýetmezçiligi bilen düşündirýärler.

“Bu ýagdaýlar, towuk ýumurtgasynyň önümçiliginiň peselmegine we olaryň sanynyň azalmagyna, netijede-de, nyrhlaryň aşa ýokarlanmagyna getirdi” diýip, balkanly telekeçi anonim şertde beren maglumatynda geçen ýyl şu günlerde bir desse ýumurtganyň bahasynyň 25 manatdan geçmändigini hem sözüne goşdy.

Gymmatlamalaryň sebäpleri barada ýerli söwda resmileri tarapyndan ilata aç-açan düşündiriş berilmeýär.

Azatlygyň bu barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Bu maglumatlar, Aşgabadyň we ýurduň käbir welaýat merkezleriniň bazarlarynda we döwlet dükanlarynda ýumurtganyň adaty bahasyndan dört esse arzan satylmagyndan bir aý çemesi soňa gabat geldi.

Şonda söwda resmileri we bazar satyjylary bu harydyň bol we arzan söwdasynyň birden ýola goýulmagynyň sebäbini onuň ýaramlylyk möhletiniň geçip barýandygy bilen düşündirdiler.

Türkmenistanda azyk harytlarynyň gymmatlamagy we ilata ýaramlylyk möhleti geçen önümleriň satylmagy bilen bagly ýagdaý ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Bu ýagdaýlar, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, pes girdejili hojalyklaryň eklenjini has-da agyrlaşdyrýar.

Ýurtda azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylýandygyny tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG