Saratowda 22 ýaşly ýerli ýaşaýjy zorlandy diýip, Russiýanyň “SarInform” neşiri hukuk goraýjy guramalara salgylanyp habar berýär.
Bu iş bilen baglylykda, türkmenistanly Kerwen, 22 ýaşly migrant şübhe astyna alyndy. Deslapky çaklamalara görä, ol 2024-nji ýylyň 31-nji dekabrynda, takmynan ir sagat 4-de öz pidasyny Komsomolskaýa köçesindäki jaýlaryň biriniň ýerzemine zor bilen eltip, jynsy gatnaşyga mejbur etdi.
Şäher ýaşaýjysy şol gün irden onuň garşysyna şikaýat arzasyny we hüjümçini tanamaýandygyny aýtdy.
Içeri işler ministrliginiň işgärleri güman edilýän adamy tutdy. Ol Türkmenistanyň raýaty bolup, Russiýada 2025-nji ýylyň dekabryna çenli hereket edýän talyp wizasy bilen ýaşaýan eken.
Ol 2019-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Jenaýat kodeksiniň 318-ni maddasy (döwlet işgärine hüjüm), 2020-nji we 2023-nji ýyllarda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Jenaýat kodeksiniň 158-nji maddasy (ogurlyk) boýunça jogapkärçilige çekilipdir.
Ýaş ýigit sorag wagtynda eden jenaýatyny boýun aldy. Oňa garşy Russiýa Federasiýasynyň Jenaýat kodeksiniň 131-nji maddasy (zorlamak) boýunça jenaýat işi açyldy. Derňew işleri dowam etdirilýär.
Şeýle-de, habarda güman edilýän erkegiň we onuň pidasynyň deň-duşdugy, şol bir ýylda we günde doglandygy bellenýär.