Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tanklar, pilotsyz uçarlar we goşunlar Kurskda bir rus obasy üstünde söweşýär


Kursk sebiti, 5-nji ýnwar, 2025.
Kursk sebiti, 5-nji ýnwar, 2025.

Russiýanyň Milli gwardiýasy tarapyndan ýaýradylan we Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy tarapyndan düşürilen ýeri anyklanan wideoýazgy pilotsyz uçaryň gar basan meýdanda öňe müňzeýän tanklaryň sütünine ýakynlaýandygyny görkezýär.

Bu hüjüm Russiýanyň Kursk sebitindäki Berdin obasynyň günorta-günbatarynda, Ukrainanyň 5-nji ýanwarda başlan täze hüjümi wagtynda edildi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy rus pilotsyz uçarynyň ukrain sowutly ulaglaryny görkezýän ýazgysyny hem barlady.

Ukrain güýçleri awgust aýynda Kursk sebitine garaşylmadyk ýagdaýda hüjüm edip, onuň bir bölegini basyp aldy. Şondan soň olar ruslaryň özlerini bu sebitden doly kowup çykarmak synanyşyklaryna garşy durdular.

Resmi rus çeşmeleri Ukrainanyň soňky, täze hüjüminiň togtatadylndygyny öňe sürdi.

Goranmak ministrligi 6-njy ýanwarda Berdin obasynyň töweregindäki ukrain tanklarynyň ýok edilendigini we olaryň öňegidişlik synanyşygynyň puja çykarylandygyny aýtdy.

Uruşparaz rus bloglary hem bu sebitden habar berdiler.

MIG Rossyy telegram kanaly ukrain güýçleriniň Berdiniň töwereginde görünýändigini, ýöne oňa hüjüm etmeýändigini aýtdy. Şeýle-de, ukrain güýçleriniň pyýada goşun esgerlerini bu sebite getirmek üçin sowutly ulaglary ulanýandygy aýdylýar.

5-nji ýanwarda emeli hemra arkaly düşürilen suratlar bu ýeriň üç gün ozal bolmadyk oýuklar, top oklarynyň ýasan çukurlary bilen bezelendigini görkezdi.

Russiýanyň başga bir harby blogy,” exilenova_plus”, bu sebitde söweşýän bir rus esgerini görkezýän wideony çap etdi, ol esger sebitdäki ýagdaýyň "çylşyrymly" bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de, Kursk sebitiniň başga birnäçe ýerinde, şol sanda Týotkino, Leonidowo we Puşkarnoye obalarynda hem çaknyşyklaryň bolandygy habar berildi.

Bu ýagdaý Berdiniň töweregindäki hereketleriň rus güýçlerini frontuň beýleki ýerlerinden çekip çykarmak üçin gurnalan aldaw hüjümi bolandygy baradaky çaklamalary döretdi.

Kurskdaky rus güýçleri bilen bile hereket edýän çeçen bölüminiň serkerdesi, general-maýor Apti Alaudinow wideo çap edip, "Biz duşman [ukrain] enjamlarynyň konsentrasiýasynyň başga tarapadygyny bellige alýarys" diýdi.

Her niçik-de bolsa, ukrain operasiýasynyň gerimi häzirki pursatda olaryň strategiki maksatlara gönükdirilen däl-de, eýsem taktiki häsiýete eýedigini hem görkezip biler.

"Ýerli nyşana Bolşoýe Soldatskoýe şäherini ele geçirmek ... rus logistikasyny kynlaşdyrmak" diýip, harby analitik Ýan Matweýew "Häzirki zaman" neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Ysraýylly harby hünärmen Deýwid Gendelman Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna hüjümiň esasy maksadynyň näme boljakdygy entek belli däl diýdi. Ýöne ol bu ýerdäki niýetiň Ukrainanyň Russiýada aýak basan ýerinde berkleşmek bolup biljekdigini aýtdy.

"Şol ýeri saklamak üçin syýasy görkezme bar bolsa, goşmaça hüjümiň manysy bar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. "Söweşjeň hereket hemişe syýasy karary durmuşa geçirmegiň usuly bolup durýar" diýip, ol aýtdy.

Söweşiň barýan ýerini kesgitläp bolýan hem bolsa, söweşiň gidişini kesgitlemek has kyn.

Bir ukrain harby blogçysy rus liniýalarynyň boýundaky "howsaladan" habar berdi we bu ýerde Demirgazyk Koreýanyň Moskwa üçin söweşýän bölümlerine-de duş gelendigini aýtdy.

Russiýanyň uruşparaz blogy “Rybar” ukrain harby ulaglarynyň käbiriniň söweşiň bir pursatynda Berdine girendigini aýtdy.

Dürli rus bloglarynda berlen habarlara görä, rus hüjümleri Kursk sebitiniň käbir ýerlerinde ukrain sowutly ulaglarynyň kerwenini ýok edýär.

Ukrainanyň baş ştabynyň 6-njy ýanwardaky beýanatyna görä, "Ukrain goragçylary Kursk sebitinde [ruslaryň] 17 hüjümini yzyna serpikdirdi, ýene 45 söweş dowam edýär".

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy söweş meýdanyndaky wakalar barada aýdylýan zatlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmedi.

Ukrainanyň harby analitigi Pawlo Narožniý Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Kursk sebitinden gowuşýan habarlara baha bermekde häzirlikçe seresap boljakdygyny aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG