Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowlaryň arassa agyz suwy wadalaryna näme boldy?


Aşgabadyň "Parahat" etrabyndaky ýaşaýyş jaýlarynda grantdan akýan suw. ASrhiw suraty
Aşgabadyň "Parahat" etrabyndaky ýaşaýyş jaýlarynda grantdan akýan suw. ASrhiw suraty

Türkmenistanlylaryň agyz suwy meselesi bu tomusda-da özüniň çözülmändigini we bu golaýda çözüljege meňzemeýändigini ýatlatdy. Öňki ýyllarda paýtagtda we sebitleriň käbirinde kiçiräk halk protestlerine sebäp bolan, mysal üçin, Aşgabatda prezident Saparmyrat Nyýazowyň işe gelýän ýolunda ellerine bedre alan aýallaryň toplanmagyna we şol wagtky içeri işler ministri Gurbanmuhammet Kasymowyň protestçiler bilen gepleşik geçirmegine alyp gelen agyz suwy meselesi, ikinji prezident döwründe has çylşyrymlaşyp, üçüni prezidente has beter kellagyry boljaga meňzeýär. Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Arkadag" şäheriniň adyny Köpetdagyň belent gerşinde ýazyp, çyralar bilen bezäp, uzakdan görner ýaly etmegi tabşyrmagy we prezident Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabatda gurulmaly täze binalar barada gol çeken soňky kararlary, hökümet tankytçylarynyň aýtmaklaryna görä, agyz suwy üçin harçlanmaly döwlet serişdeleriniň ýene-de başga urga gönükdiriljekdigini yşarat edýär.

Herhal, türkmen hökümeti agyz suwy meselesini unutdy ýa-da ýatlamaýar diýip bolmaz. Sentýabr aýynda Türkmenistanyň Agyz suwy hakyndaky kanunynyň kabul edilenine 13 ýyl bolýar, şu aralykda prezident Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýun aýynda geçirilen hökümet mejlislerinde suw, şol sanda agyz suwy meselesinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy bölekleýin tassyklanyna, şol bir wagtda-da agyz suwy bilen üpjünçiligi kepillendirýän kanunyň ýerine ýetirilmeýändigini bölekleýin boýun alanyna bir ýyldan gowrak wagt geçdi.

Elbetde, türkmen metbugaty ýurtda uly agyz suwy ýatagynyň açylandygyny habar berip, suw meselesiniň birkemsiz çözülýändigini tassyklaýan oňyn habarlardan ne aç, ne-de suwsuz edýär. Emma muňa garamazdan, Azatlygyň habarçylary we ýerli synçylar agyz suwy meselesiniň çözülmeýändigini, häkimiýetleriň bu meseläni bu golaýlarda çözüp biljege meňzemeýändigini aýdýarlar.

Ýerli synçylaryň käbiriniň pikirine görä, türkmenistanlylaryň suw meselesi Garagum kanalynyň gurulmagy hem-de türkmen halkynyň gadymdan gelýän suw medeniýetine, ylaýta-da kärizlere agyr zarba urulmagy bilen bagly. “Meniň belet ýerlerim, Tejen bilen Gazanjyk aralygy giden kärizdi... Şol kärizleriň hesrinden bolmanda her sekuntda 20 kub metr çemesi suw gelýärdi, gaty uly suwdy. Ol kärizleriň käbiriniň 500 ýyllyk taryhy bardy. Garagum kanaly geldi, kärizleri indän bolmady, olar gömlüp galdy” diýip ýerli synçylaryň biri birnäçe ýyl mundan öň geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanlylaryň agyz suwy meselesi, paýtagtdan başlap, ýurduň tas ähli ýerinde “ýakasyny tanadan” mesele diýsek, ulaltma bolmasa gerek. Hökümetiň beren wadalarynyň ýerine ýetirilmezligi bilen, suw meselesi soňky ýyllarda has-da çuňlaşýana meňzeýär we “onuň ýa hökümet mejlislerinde, ýa-da metbugatda ol ýa beýleki görnüşde köp agzalmagy häkimiýetleriň ynjalyksyslygyndan we özlerini aldajak bolmagyndan habar berýär” diýip, ozalky suw gurluşyk işgäri Nurmuhammet Hanamow Azatlyk bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Agyz suwy meselesi ýurduň iň gür ilatly sebitinde, Maryda hem ýaramaz bolmagynda galýar we, bu sebitdäki habarçymyzyň maglumatyna görä, ilatly ýerleriň käbirinde 1990-njy ýyllaryň başynda çekilen suw geçiriji turbalar ogurlanyp satyldy.

Balkan sebitindäki habarçymyzyň aýtmagyna görä, Türkmenbaşy şäherinde we etrap ýerlerinde suw üpjünçiligi pes bolmagynda galýar, geçirijilerden akýan suwa “agyz suwy” diýesiň gelmeýär, ol bulanyk, hili pes...

“Diňe Türkmenbaşyda däl, welaýat merkezleriniň tas ählisinde suw indi on ýyldan gowrak wagt bäri gije-gündiziň dowamynda iki gezek, irden we agşam berilýär. Diňe paýtagt Aşgabatda suw ir sagat 6-dan ýarygijä çenli berilýär” diýip, habarçymyz aýtdy.

Emma habarçylar, Azatlygyň gündelik habarlaryndan belli bolşuna görä, paýtagtda hem suw üpjünçiliginiň kesilip durýandygyny, aşgabatlylaryň wagtal-wagtal awtoulagly getirilýän suwa nobata durmaly bolýandygyny habar berýärler.

Türkmenabat, Daşoguz, Balkanabat ýaly sebit merkezlerinde on ýyl mundan öň ilata agyz suwy bir sagatdan günde üç gezek berilýärdi we adamlar suw alyp goýmak üçin uly suw gaplaryny edinýärdiler.

Synçylar suwuň sebit merkezlerinde agyr mesele bolmagyna galýandygyny, emma bu meseläniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda çözülendigini aýdýarlar.

“Awazada” uly suw ammary bar, ol 20 çemesi myhmanhanany suw bilen üpjün edýär, bu ýerdäki otellerde suw gije-gündiz bolýar” diýip, habarçy aýtdy.

“Garagum çölünde müňlerçe goýun sürüsini suw bilen üpjün eden, guýy gazan, käriz suwuny içen türkmenler näme üçin ylmyň, tehnikanyň häzirki ýaly ösen şertlerinde suw meselesini çözüp bilmeýär? Ýurtdaky agyz suwy meselesini, geçmişde guýy gazyp çözen bolsalar, indi ýer astyndaky suwlary elektrik bilen çykarmak arkaly hem çözüp bolardy” diýip, Nurmuhammet Hanamow radio bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Emma, ýerli habarçynyň maglumatyna görä, Türkmenbaşyda, Balkanda ýer astyndaky suwlary buraw arkaly çykarmaga rugsat berilmeýär.

“Ýer astyndan suw çykarmak üçin rugsatnama almaly, onuň parasy uly, bu aýratyn bir tema” diýip, habarçy aýtdy. Onuň sözlerine görä, eger rugsatnama alaýan ýagdaýyňda hem, “Balkanda ýerasty suwa ýetmek üçin 180 metre çenli burawlatmaly, el haky, çuňluga goýberilýän turba üçin eden çykdajyňa 10 tonnalyk çelegi bolan wodowozy, suw maşynyny satyn alyp bolýar.”

Türkmen obalarynda bir zaman beton howuzlaryň köpelmegi we kolhoz-sowhozlaryň eýeçiligindäki suw daşaýan maşynlaryň sürüjileriniň ilkiler 2-3, soňra 5, 10... rubldan golaýdaky ýapdan suw getirip bermegi bilen, özara peýdaly hyzmatdaşlykda çözülen mesele indi, ýaplardan akýan suwuň hapalanmagy netijesinde, has çylşyrymlaşyp biler diýip, synçylar aýdýar.

“Ozallar ýaplardan akýan suwy içip bolardy, indi gorkmaly bolady” diýip, radionyň bir söhbetdeşi aýtdy. Onuň sözlerine görä, ilatyň ekologiýa, daşky gurşawy, hususan-da suw serişdelerini goramak düşünjesi beýle ýokary däl, “meniň işim bitse bolýar” diýýän adam köpeldi we indi, öňki ýyllardaky ýaly, “akar suwa haram ýokmaz” diýip, akyp ýatan suwuň arassalygyna bil baglap bolmaýar.

Emma hökümetiň geçirijiler arkaly berilýän suw üpjünçiligini ýola goýup bilmezligi suwuň ilata dürli görnüşde satylmagynyň dowam etdirilmegine sebäp bolýar.

“Balkanda suwdan gazanç edýänler 10 tonna suwy Çelekene 1500 manada, Türkmenbaşynyň çetki obalaryna 1 müň manada çenli pula getirip berýärler. Adamlar ol suwy betondan edilen ýapyk howuzlarda saklap içýärler” diýip, habarçy aýtdy we döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasy arzan bolsa-da, agyz suwunyň alýan aýlyklary, pensiýa, kömek pullary çaý-çöregine zordan ýetýän adamlar üçin o diýen arzan däldigini belledi.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy bu sebitiň agyz suwy meselesini beýleki sebitler bilen deňeşdirip, Marydaky, Daşoguzdaky agyz suwy meselesiniň özüne has agyr görnendigini aýtdy.

“Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde, Daşoguzdaky ýa-da Marydaky ýagdaý bilen deňeşdirilende, agyz suwy problemasy ýok. Özüm baryp, görüp gaýtdym: Daşoguzda içimlik suw has uly problema. Doşoguzda geçirijiler arkaly berilýän suwuň basyşy az bolup, krantdan şor suw gelýär. Ol şor suwy içimlik üçün ulanyp bolmaýar. Ol suwy hatda geýim-eşik ýuwmak üçinem ulanyp bolmaýar” diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de ol Lebap welaýatynyň iň uly etraplarynyň biri bolan Çärjew etrabynda içimlik suwuň uly mesele bolmagynda galýandygyny belledi.

“Etrap ýasaýjylary ýerasty suwy kaçok, elektrikde işleýän motorlar arkaly alyp, sol suwy öý hojalygynda ulanýarlar. Çärjew etrabynyň Lebap daýhan birleşiginde, Ýasydepe obalarynda, Çärjew etrabynyň Watan daýhan birleşiginiň obalarynda suw turbalary doly çekildi, ýagny ýer astynda plastmassa turbalary gömüp çykdylar. Ýöne bu turbalardan suw gelmeýär. Munuň sebäbi, Çärjew etrabynyň ilatyny turbalardan gelýän suw bilen doly üpjün etmek üçin ýene-de bir aýratyn agyz suwy zawody gerek” diýip, habarçy ýerli hünärmene salgylanyp aýtdy.

Aýdylmagyna görä, şeýle agyz suwy zawodyny gurmak üçin işlenip düzülen taslama hem bar, ýöne Aşgabatdaky hökümet onuň durmuşa geçirilmegi üçin gerekli maliýe serişdelerini bölüp bermeýär.

Türkmenabatdaky agyz suwy zawodyndan Çärjew etrabynyň suw geçirijilerine suw bermek mümkinçiligi ýok, sebäbi Saparmyrat Nyýazowyň prezidentlik eden ýyllarynda Türkiýäniň “Polimeks” firmasy tarapyndan gurlan agyz suw zawodynyň her 24 sagadyň içinde 250-300 tonna suw arassalap, şäher ilatyny suw bilen üpjün etmek mümkinçiligi bar diýip, hünärmen aýtdy.

Eger häzir Çärjew etrabynyň obalarynda ýere gömlen boş turbalara suw basyşyny berse, onda Türkmenabat agyz suwy zawody her 24 sagatda 500 tonna suw arassalamaly bolar, onda beýle mümkinçilik ýok.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, Çärjew etraby bugdaý, pagta hasyly boýunça plan-borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirýär, ýöne ýerli häkimiýetler, ýurduň beýleki sebitlerinde hem bolşy ýaly, ýasaýjylaryň zerurlyklary baradaky meseläni ýatladyp, Aşgabatdan serişde soramaga çekinýärler.

Bu çekinjeňlik ýurt raýatlarynyň kähalatda daşary ýurtlardaky garaşsyz habar serişdelerine ýüz tutup, öz seslerini eşitdirjek bolmagyna alyp gelýär.

Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň ýazmagyna görä, Garabogazyň ýasaýjylary türkmen häkimiýetlerinden agyz suwy üpjünçiligini gowulandyrmagy haýyş edýärler.

Neşiriň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän garabogazly (ozalky Bekdaş) okyjylarynyň biriniň ýazan hatynda aýdylmagyna görä, bekdaşlylaryň esasy meselesi suw geçirijileriniň bolmazlygy we agyz suwunyň ýetmezçiligi bolup durýar.

“Suw süýjediji zawoddan suw daşaýan awtoulaglar arkaly getirilýän suw ýaşaýjylara norma esasynda berilýär. Suw paýyňy almak üçin ýaşaýyş jaý gullugyndan talon almaly bolýar diýip, habarda aýdylýar. Ýaşaýjylaryň sözlerine görä, suw her 7-10 günden bir gezek, yzygiderli bolmadyk ýagdaýda getirilýär. Suw daşaýan ulagy sürüjisi köplenç jaýlaryň bilgeşleýin sowa geçip, ýaşaýjylary suwsuz goýup bilýär. Şeýlelik bilen, korrupsiýa şertleri döredilýär we 8 kub metr suw almak üçin 15 dollar töwereginde para bermeli bolýar. Suw köplenç puluňa-da tapylmaýar” diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşirine hat ýazan bekdaşly aýdypdyr.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýun aýyndaky suw wadalaryna dolanyp gelsek, ozaly, onuň suw meselesinde eden gürrüňlerinde uly täzeligiň göze ilmändigini, ýöne il arasynda ýaş prezidentiň suw meselesini kakasyna görä gowy çözmek ähtimallygyna azda bolsa umyt baglanlaryň bolandygyny bellemek gerek.

Eger-de onuň beren tabşyryklary ýerine ýetirilenliginde, Amyderýadan we Garagum derýasyndan başlap, derýalaryň hanasynda barlag geçirmelidi, suw akymynyň geçmezliginiň sebäpleri anyklanyp, kemçilikleri düzetmek boýunça görülmeli çäreler kesgitlenilmlidi we gyssagly işe girişmelidi.

Şeýle-de, prezident tehnikalary, läbik sorujylary, suw sorujylary, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin zerur serişdeleriň bölünip berilmegi barada teklipleriň taýýarlamagyny tabşyrypdy.

Mundan başga, derýalar bilen birlikde, esasy suw akabalarynda hem barlaglar geçirilmelidi. Olary arassalamak, betonlamak boýunça görülmeli çäreler kesgitlenip, derrew işe girişilmelidi; suw süýjediji desgalaryň gurluşyk işlerine başlamak hem-de Hazar deňzinden Aşgabada suw ibermek boýunça mümkinçiliklere seredilmelidi...

…Amyderýa we Garagum derýalary boýunça seljerme geçirmek, suw akymlaryny gowulandyrmak, suw süýjediji desgalary gurmagyň hasabyna ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek barada edilen gürrüňler “Türkmenistanyň suw üpjünçilik meseleleri boýunça Hökümet toparyny döretmek hakyndaky” kararyň taslamasyna gol çekilmegi bilen, Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryndan görnüşine görä, kagyz ýüzünde galdy.

Maglumat üçin aýdylsa, ýurduň arassa agyz suwy meselesinde iň uly kösençlik çekýän sebitiniň merkezinde, Daşoguz şäherinde günde 150 000 kub metr agyz suwuny öndürýän suw arassalaýyş zawody açylanda hem il içinde suw kösençliginiň soňlanjakdygyna bolan umyt, ynam köpelipdi. Şonda uly Berdimuhamedow ýurduň ilatly ýerleriniň ählisinde agyz suwy meselesiniň çözüljekdigine güwä geçipdi.

Azatlyk agyz suwy barada berlen wadalaryň soňunyň gelmezliginiň mümkin bolan sebäpleri barada ozalky suw gurluşyk işgäri we häzir Awstriýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Nurmuhammet Hanamow bilen söhbetdeş boldy.

Agyz suwy meselesini çözmek üçin serisde goýbermeli
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:22 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG