Sepleriň elýeterliligi

 
Russiýa garşy sanksiýalar we Trampyň gümrük çäreleri sebäpli, Hytaýyň awtoulag senagaty Merkezi Aziýa bazaryny eýeleýär
Soňky habar

Russiýa garşy sanksiýalar we Trampyň gümrük çäreleri sebäpli, Hytaýyň awtoulag senagaty Merkezi Aziýa bazaryny eýeleýär


BYD söwda merkezi
BYD söwda merkezi

Merkezi Aziýa hytaý maşynlary üçin esasy bazara öwrülýär we olary öndürmek üçin platforma taýýarlanýar, sebäbi alyjylar bahasy elýeterli ulaglary höwes bilen satyn alýarlar. Hökümetler bolsa hytaý döwlet eýeçiligindäki kompaniýalardan milliardlarça dollarlyk maýa goýumlaryny almaga çalyşýarlar.

Hytaý elektrik ulaglary Täjigistanyň paýtagtynyň köçelerinde köpelmezden öň hem Tolib Raupow we onuň özi ýaly taksi sürüjilere peýda getirjekdigine ynanýardy.

Raupow ilkinji hytaý elektrik maşynyny mundan üç ýyl ozal 30 müň dollara satyn alyp, geçen ýyl ony yzyna satandygyny aýdýar. Gazanan girdejisi bilen ol golaýda bütindünýä satuwynda Tesla’dan üstün çykan Hytaýyň elektrik ulag maşyny BYD modeli bary-ýogy 21 müň dollara satyn aldy. Häzir ol elýeterli baha, ýerli bazarda gaýtadan satuw bahasynyň kadaly bolmagy we benziniň tygşytlanmagy bilen taksi sürüjisi hökmünde öňküden has köp gazanç edýär.

"Men hytaý elektrik maşynyny satyn alandygyma asla ökünmeýärin. Duşanbede taksi sürüp, men hiç haçan şeýle peýdaly işlemändim" diýip, ol Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Raupowyň ýagdaýy Hytaýyň sebitde gün-günden artýan ykdysady geriminiň beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryna-da nähili täsir edýändigini görkezýär. Taksi sürüjilere hytaý importynyň elýeterli bolýandygy üçin, sebitdäki hökümetler salgyt ýeňilliklerini girizmek, ýaşyl infrastrukturany giňeltmek we ýerli öndüriji täze zawodlary açmak bilen bu herekete ýol açýarlar.

Netijede, Azatlyk Aziýanyň söhbetdeşleri bolan bilermenleriň we ýerli ulag satyjylaryň aýtmagyna görä, bu diňe bir Merkezi Aziýada ulag senagatynyň özgermegi bilen çäklenmän, eýsem sebiti goňşy Hytaý bilen gitdigiçe baglanyşdyrýan ykdysady we syýasy prosesleriň çaltlandyrylmagyna getirýär.

Bu ýagdaý Günbataryň birnäçe ýurtlarynyň, esasan-da, ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň soňky ýyllarda hytaý elektrik ulaglarynyň importyna gümrük goýan syýasatyna garşy gelýär. Bu ýagdaý ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň bütindünýä gümrükleri we Pekin bilen söwda “urşunyň” güýçlenmegi sebäpli has-da ýitileşip biler, sebäbi Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki kompaniýalary bu sebitde ABŞ-nyň bazarynyň ornuny tutmak we eksporty ugrukdyrmak üçin, uly mümkinçilik hökmünde garalýar.

«Trampyň administrasiýasynyň gümrükleri artdyrmak syýasaty Hytaýyň Merkezi Aziýada elektrik ulaglarynyň eksportyny has-da höweslendirip biler we Pekine sebitde ýerli öndürilýän önümleri giňeltmäge itergi berer» diýip, China Global South Proýektiniň ştatdan daşardaky ylmy işgäri Ýunus Şarifli aýdýar.

Hytaý ulaglary Merkezi Aziýany nähili eýeledi?

Hytaýyň Merkezi Aziýadaky awtoulag bazarynda öňdebaryjy orny eýelemegi uzak möhletli strategiýanyň we oňaýly mümkinçiliklerden peýdalanmagyň netijesidir.

"Hytaýyň elektrik ulaglary we awtoulag senagatynyň ösmeginiň esasy sebäbi muňa Merkezi Aziýada talabyň artmagydyr. Müşderiler hytaý bazarynyň hödürleýän zatlaryny isleýärler" diýip, Berlindäki «Russiýa-Ýewraziýa» Karnegi merkeziniň ylmy işgäri Temur Umarow Azatlyk Aziýa gürrüň berdi.

Soňky on ýylyň dowamynda Hytaýyň lideri Si Jinping tarapyndan öňe sürlen milliardlarça dollarlyk infrastruktura strategiýasy bolan "Bir guşaklyk – bir ýol" taslamasynyň bir bölegi hökmünde, Hytaý sebitde uly maýa goýumlaryny amala aşyrdy. Hytaý täze söwda ulgamlaryny gurmaga hem-de Merkezi Aziýanyň uglewodorodlaryna, strategik minerallaryna we beýleki gymmatly baýlyklaryna elýeterliligi ýeňilleşdirmäge ýykgyn edýär.

Hytaýyň goňşusy bolan Täjigistan elektrik ulaglary üçin birnäçe ýeňillikleri girizdi: alyjylara salgyt ýeňillikler we karz pullar berýärler, elektrik ulaglarynyň importyna on ýyllyk salgyt salynmazlygy we ýurduň ähli künjeginde elektrik beketlerini gurmagy göz öňünde tutýarlar.

Şeýle-de, Duşanbe şäheriniň häkimi sentýabr aýynda şäher taksilerini elektrik ulaglaryna geçirmek barada karar çykardy. Hökümet bolsa 2030-njy ýyla çenli ýurduň awtoulag parkynyň 30%-ni doly elektrik ulaglaryna geçirmegi maksat edindi.

Adynyň doly tutulmagyny islemeýän Duşanbe şäherinden awtoulag satyjysy Rustam Hytaý bilen gatnaşyklaryň 2020-nji ýylda, COVID-19 pandemiýasynyň döwründe güýçlenendigini, soňra 2022-nji ýylda Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberli urşy başlanyndan soň, munuň berkeýändigini aýtdy.

Hytaýyň Şanhaý şäherindäki Milli kongres we sergi merkezinde 2023-nji ýylda geçiriljek Şanhaý awtoulag bazarynda, bir işçi hytaý elektrik ulagy “Ora” maşynyny süpürýär, 2023-nji ýylyň 18-nji apreli.
Hytaýyň Şanhaý şäherindäki Milli kongres we sergi merkezinde 2023-nji ýylda geçiriljek Şanhaý awtoulag bazarynda, bir işçi hytaý elektrik ulagy “Ora” maşynyny süpürýär, 2023-nji ýylyň 18-nji apreli.

Rustamyň aýtmagyna görä, ykdysadyýet babatda Täjigistan bilen berk baglanyşykly bolan Russiýa garşy sanksiýalaryň girizilmeginden we Ýewropadan maşyn import etmegiň girdejisiniň azalmagyndan bäri bu özgerişlik has-da ähmiýetli bolupdyr.

Hytaýyň elektrik ulaglarynyň käbir görnüşi henizem bir tok üpjünçiligi bilen çäkli aralygy geçýändigi sebäpli kynçylyk döredýär, ýöne maşynlaryň arzan bahasy we tehnologiýa ösüşi olara Merkezi Aziýa bazaryna ynamly girmäge mümkinçilik berýär.

“Hytaýlylar häzir ýokary hilli maşynlary öndürýärler. Eger sanksiýalar ýatyrylsa-da, biziň bazarymyzdaky ýagdaý üýtgemez" diýip, Rustam aýdýar.

"Ösüş tizligi ýyldyrym çaltlygynda"

Sebitdäki iň ýapyk ýurtlaryň biri bolan Türkmenistan hem goňşularyna garanyňda örän haýal bolsa-da, hytaý elektrik ulaglaryny import edip başlady. Ýaşyl tehnologiýalary kabul etmek boýunça giň strategiýanyň bir bölegi hökmünde, hökümet şäheriň elektrik taksi programmasy üçin, Hytaýyň JAC Motors kompaniýasyndan, elektrik ulaglaryny satyn alyp başlady we şoňa laýyklykda elektrik beketlerini gurdy.

Şol wagtyň özünde, Hytaýyň maşyn öndürijileri bu bazardaky öz ornuny çalt berkidýärler.

2024-nji ýylda bütin dünýäde elektrik ulaglarynyň rekord satuwynyň fonunda – 11 million sany, esasan, Hytaýyň içindäki satuwyň netijesinde – şol döwürde Gazagystanda hytaý elektrik ulaglarynyň satylyşy 36 esse artdy. Astana hytaý öndürijiliginiň goldawy bilen elektrik ulaglarynyň senagatyny öz içinde ösdürmegi maksat edinýär. Gazagystanyň hökümeti eýýäm 2029-njy ýyla çenli köp elektrik beketlerini gurmak we elektrik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýol kartasyny kesgitleýän kanun kabul etdi.

Şu ýyl Gazagystanda hytaý maşyn ýasaýjylary Chery, Haval, Tank we Changan modellerini ýygnamak üçin zawod açylar.

Awtoulaglar baradaky onlaýn žurnal test-drive.kz ulgamynyň baş redaktory Oksana Çernonožkinanyň aýtmagyna görä, hytaý markalary diňe bir elektrik ulaglaryny öndürýänler däl, eýsem, Gazagystanyň bazaryny çalt eýeläp, Ýewropadan, ABŞ-dan we beýleki Aziýa ýurtlaryndan gelen bäsdeşlerini ozup öňe geçdi.

"Ösüş tizligi ýyldyrym çaltlygynda. Olar öňdebaryjy dizaýnçylary we inženerleri özüne çekdiler we bu eýýäm hasyl berýär" diýip, Çernonožkina Azatlyk Aziýa gullugyna aýtdy.

Ýolsuz ýerden ýöräp bilýän BYD ATTO kysymly 3 elektrik üpjünçilikli ulag, ol BYD satuw bazarynda görkezildi.
Ýolsuz ýerden ýöräp bilýän BYD ATTO kysymly 3 elektrik üpjünçilikli ulag, ol BYD satuw bazarynda görkezildi.

Gazagystanyň awtoulag "Za rulýom" žurnalynyň baş redaktory Alekseý Alekseýewiň aýtmagyna görä, hytaý kompaniýalary häzirki wagtda Gazagystanda iň köp satylýan awtoulag markalarynyň arasynda 10-njy orny eýeleýärler.

Onuň tassyklamagyna görä, Ýewropa markalary pandemiýa başlandan bäri bazardaky paýyny belli derejede ýitirdiler. "Hytaý kompaniýalary gowy bahalary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary hödürleýärler. Iň wajyp tarapy bolsa, olar 5-7 ýyllyk kepillendirme berýärler. Ýewropa markalarynyň köpüsiniň bary-ýogy 3 ýyl kepilligi bar".

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2024-nji ýylda Jyzakda BYD zawodynyň açylyşyna gatnaşdy. Bu kompaniýa eýýäm 1200 iş ornuny döretdi we öndürilýän önümlerini ýylda 50 müňden 500 müňe çenli artdyrmagy göz öňünde tutýar. Hytaý kompaniýasy Xiaou Group 1,5 milliard dollarlyk maýa goýum taslamasynyň bir bölegi hökmünde, Özbegistanda ýene-de bir elektrik ulag zawodyny gurýar.

Şeýle hem Daşkent 2033-nji ýyla çenli 50 müň elektrik beketlerini gurmak barada Hytaýyň Henan Suda firmasy bilen ylalaşyga gol çekdi we importy käbir salgytlardan, gümrük paçlaryndan we beýleki ýygym salgytlaryndan boşadyp, elektrik ulaglarynyň satylyşyny artdyrdy.

Özbegistanda elektrik ulaglaryna geçmeklik ýurduň her bir raýatyna-da ykdysady peýda getirýär. Ýaňy-ýakynda BYD e2 kysymly maşyn satyn alan 53 ýaşly Daşkendiň ýaşaýjysy Kahramon öz çykdajylarynyň düýpli azalandygyny aýdýar. Indi oňa ýagy çalyşmak üçin, pul tölemek gerek däl we her aý benzin üçin 300 dollara derek, elektrik maşynyna tok üçin 10 dollar tölese bolýar.

"Bu maşyn uzak ýollar üçin däl we ony tok bilen üpjün etmek köp wagt alýar. Ýöne biziň ýurdumyzda şäher ýolagçylygy üçin bu örän gowy usul" diýip, ol Azatlyk Aziýa gullugyna aýtdy.

Gaýtadan eksportdan ýurduň içki ösüşine

Şol wagtyň özünde Gyrgyzystan bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Russiýa diňe bir elektrik ulaglarynyň däl-de, hytaý ulaglarynyň hem gaýtadan eksport etmekde lider boldy.

2023-nji ýylda Gyrgyzystandan Hytaýda öndürilen 651 million dollarlyk dürli garyşyk ulaglar, 2024-nji ýylda bolsa 219,8 million dollara barabar 7541 sany elektrik ulaglary import edildi.

Şeýle-de bolsa, importyň ösüşi diňe bir ýurduň öz talaby bilen bagly däl. 2022-nji ýylda Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberdäki hüjümlerinden soň, Günbataryň Russiýa girizen sanksiýalary Orsýeti Günbatar we ýapon maşynlarynyň köpçülikleýin üpjünçiliginden mahrum etdi. Hytaý ulaglary – dürli garyşyk we elektrik ulaglary bilen Gyrgyzystanyň telekeçileriniň hyzmaty arkaly ol boşluk dolduryldy.

Awtoulag satyjy we Gyrgyzystanyň meşhur awtoulag blogunyň awtory Daniýar Salýakaýew telekeçileriň Russiýadaky talaplardan we ýurduň liberal gümrük düzgünlerinden peýdalanyp, hytaý maşynlaryny demirgazyk goňşusyna gaýtadan satýandyklaryny aýdýar.

"Sanksiýalar mümkinçilik döretdi we ýerli telekeçiler muny örän çalt özleşdirip, Russiýa we Hytaý bilen gatnaşyklaryndan peýdalandylar hem-de ýurduň oňat geografik ýerleşişi sebäpli derrew bu mümkinçiligi ulandylar" diýip, Azatlyk Aziýa gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG