Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümet suwsuz kösenýän paýtagty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin täze desga gurmakçydygyny aýdýar


Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda ilaty suw bilen üpjün etmek üçin täze desgalar gurlar. Türkmen metbugatyna görä, Ahal welaýatynda täze suw nasos stansiýalary gurular. Bu planyň yglan edilmegi Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň tutuş ýurt boýunça ilatly nokatlaryň, şol sanda paýtagtyň ýaşaýjylarynyň suw üpjünçiliginiň yzygiderli kesilmegi barada beren maglumatlarynyň yzýanyna gabat geldi.

Täze suw nasos stansiýalarynyň gurluşygyny Ahal welaýatynda Ak Bugdaý we Kaka etraplarynda amala aşyrmak planlaşdyrylýar. Hökmetiň anna günki maslagatynda yglan edilen bu planyň Aşgabat şäherine arassa agyz suwunyň üznüksiz üpjün edilmegi bilen baglydygy aýdyldy.

"Business Türkmenistan" neşiriniň maglumatyna görä, "Ýaşyl depe" suw nasos stansiýasyny, suw üpjün edijilerini we suw hereketlendirijilerini, elektrik podstansiýasyny gurmak, şeýle-de Gowşut nasos stansiýasynyň 4.15 kubmetr kuwwatly birinji we ikinji tapgyrlaryny gurmak ýaly işler üçin halkara tenderleri yglan etmek barada Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine tabşyryk berlipdir.

Resmi habarlarda Aşgabat şäheriniň arassa agyz suwy bilen üznüksiz üpjün edilmeginiň, hususan-da, köne ulgamlaryň bejerilmegi we aýry-aýry täze suw üpjünçilik desgalarynyň gurulmagy ýaly çäreleriň döwlet baştutanynyň ozal beren görkezmelerine laýyklykda görülýändigi aýdylýar. Muňa Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň agzalary bolan telekeçileriň çekilýändigi aýdylýar.

Şäherlerde ýaşaýyş jaýlarda suw üpjüniçliginiň yzygiderli kesilmegi ýyllarboýy dowam edýär. Suw ýetmezçiligi problemasy tomus paslynda hasam agyrlaşýar.

Şu aýda Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda uzak wagtlap suw üpjünçiliginiň kesilendigi barada Azatlygyň habarçylary ençeme gezek maglumat beripdi. 24 we 25 iýulda howanyň gündiz kölegede 43 gradusdan ýokary gyzan wagty Aşgabadyň Parahat 1, 2, 3, 4 we 7 etrapçalarynyň, şeýle-de 11-nji etrapçasynyň ýaşaýyş jaýlarynda suw üpjünçiligi uzak wagtlap bolmady. Şäher häkimligi we suw edaralary ýaşaýjylaryň eden şikaýatlaryna “ätiýaçlyk suw gaplaryny doldurmagy maslahat bermek” bilen çäklendiler.

Ilatyň suw bilen üpjün edilmegine degişli problema jaýlara barýan suwuň kesilmeginden bilen çäklenmeýär. Habarçylar şäherlerde turbalardan akýan suwuň hiliniň ýaramazdygyny, onuň köplenç bulamak we çägeli bolýandygyny, käte ýakymsyz ysyň goşulýandygyny aýdýarlar.

Bu ýagdaýda ilat agyz suw bilen üpjünçiligini özbaşdak çözmäge mejbur bolýar. Mümkinçiligi bolan adamlar suwy satyn alýar. Oba ýerleriniň ençemesinde merkezleşdirilen suw üpjünçiligi asla göz öňünde tutulmansoň, adamlar suwy uly awtoulaglarda getirdip, satyn alýarlar.

Türkmen hökümeti ilatyň gündeki durmuşyna täsir edýän sosial-ykdysady problemalary köplenç resmi derejede agzamaýar. Emma türkmen hökümeti suw üpjünçilik problemasyny çözmek we ýörite suw desgalaryny gurmak planlaryny ozal birnäçe gezek yglan edipdi.

Türkmenistanda agyz suwy desgalarynyň ençemesi guruldy. Muňa garamazdan, suw kemçiligi saklanyp galýar. Täze desgalaryň işinde bökdençlikler döreýär, şol sanda ilatyň suw meselesini çözmek üçin millionlarça amerikan dollaryna gurlan desgalarda zerur himiki maddalaryň ýetmezçiligi ýaly problemalar ýüze çykýar.

Ilaty suw ýetmezçiliginden kosenýän wagty Türkmenistan dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende suwy iň köp sarp edýän ýurtlaryň biri hasaplanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy edarasynyň 2021-nji ýylyň sentýabrynda çap eden hasabatynda Türkmenistanda suwuň harçlanmagynyň krizis derejesine ýetendigi mälim edildi.

Bu aralykda Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryň suw üpjünçligindäki bökdençlikler bilen bir wagtda jaýlarda lagym suwlaryň ýygnanmagy meslesi hem çözülmän galýar. Türkmen hökümeti ýaňy-ýakynda paýtagtda ýeraty suwlaryň üýşmegine garşy çäre hökmünde Aşgabadyň eteginde we töwereklerinde zeý suwlaryny akdyrmak üçin üç sany uly ýerasty kollektory gurmak kararyna geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG