ABŞ-nyň öňki iki ýokary derejeli harby serkerdesi Ýewropanyň howa galkanynyň Russiýadan abanýan howpyň öňünde durmak üçin taýyn däldigini aýtdy, şol bir wagtda ABŞ-nyň Harby deňiz güýçleriniň howa we raketa goranyş toparynyň başlygy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde gelýän oduň öňüni almagy "pişik-syçan kowalaşmak" oýnuna meňzetdi.
Bu teswirler Ýewropa ýurtlarynyň geçen aýda ylalaşylan we howa goragyny öň hatarda goýýan köpçülikleýin ýaraglandyryş programmasyna başlamagy bilen baglanyşykda öňe sürüldi.
"Ukrainanyň uly şäherlerinde näme bolandygyny görýärsiňiz. Bu Ýewropanyň käbir uly şäherlerinde-de bolup biler" - diýip, NATO-nyň Ýewropadaky öňki baş serkerdesi Filip Breedlowe Azatlyk Radiosyna aýtdy.
"Eger siz TW programmalaryndaky ýaly jadyly bir köpürjügiň içinde oturan ýaly bolar öýtseňiz, siz dogry ýerde däl" - diýip, ol belledi.
Russiýanyň Ukrainany günde bombalamagy howa goragynyň ähmiýetini iş ýüzünde görkezdi.
Waşingtonda ýerleşýän Strategiki we halkara barlaglar merkezi (CSIS) tarapyndan fewral aýynda geçirilen seljermä görä, Russiýa 2022-nji ýylda giň gerimli çozuşyny başlaly bäri Ukrainada her gün ortaça 24,3 raketa atylýar we pilotsyz uçar hüjüm edýär. Olaryň sany jemi 25 000-den gowrak.
Bu elektrik togunyň kesilmegi, infrastrukturanyň weýran bolmagy we parahat ilatyň arasynda adam ýitgileri ýaly agyr netijelere getirdi. Russiýa pilotsyz uçarlardan başlap, sowet döwrüniň üýtgedilen bombalaryna, kruiz raketalaryna çenli dürli raketalary ulandy. Şonuň ýaly-da, goranyşyň hem dürli görnüşleri bar.
ABŞ-nyň Harby deňiz güýçleriniň 64-nji toparynyň serkerdesi Maýk Dwan NATO-nyň "bir-biriniň üstünden düşýän ot meýdanlarynyň" doly örtügi üpjün edendigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Dwan Italiýanyň Neapol şäherindäki Altynjy flotda ýerleşýär, ýöne ol Polşanyň Baltika kenaryndaky Redzikowoda ýerleşýän ABŞ-nyň antiballistik raketa desgasynda çykyş etdi. Onuň ýolbaşçylygy Rumyniýanyň Deweselu şäherindäki şuňa meňzeş bazany we Ispaniýada ýerleşýän ABŞ-nyň hüjüm gämileriniň flotiliýasyny öz içine alýar.
Olar balistik raketalary nyşana almak üçin “Aegis” ulgamyny ulanýarlar.
"Biz muny 100 kilometrden ýokary atmosferada edýäris. Bu tutmak boýunça amallaryň hemmesi kosmosda bolup geçýär" -diýip, Maýk Dwan belledi.
Bu ulgam geçen ýylda iki gezek Eýranyň Ysraýyla gönükdiren orta ballistik raketalaryna garşy üstünlikli ulanyldy. "Biz potensialy, ýok etmek halkasyny hereketlendirdik, bu NATO abanýan howpa garşy durmak üçin şu ýerde bar bolan mümkinçilik" diýip, harby ýolbaşçy belledi.
Sistema sensorlar ulgamyna daýanýar, ýöne Breedlow munuň gowşak tarapydygyny aýdýar.
"Birnäçe wagt bäri bizde ýalňyş bir duýgy bardy, bizde Deweselu bar, Polşa bar, bizde iki sany ajaýyp üpjünçilikli amerikan desgasy bar diýen duýgusy. Emma bilýärsiňizmi, şeýle ýolbaşçylyk merkezlerini we atylan her bir raketanyň nyşana ýetýändigini görkezýän filmler diňe bir toslamadyr" diýip, Breedlow aýtdy.
Öldürmek ähtimallygy
Breedlowe POK - ýagny öldürmek ähtimallygy diýen bir terminy ulanydy. Bu ýokary sensor dykyzlygy bolan ýerlerde 95 göterime, beýleki sebitlerde bary-ýogy 30 göterime barabar bolup biler. Bilermen Ýewropa "tory galyňlaşdyrmaly" diýdi. Ol munuň haýsy ýerlere degişlidigini anyklaşdyrmady.
"Ýurtlar munuň nirededigini gowy bilýärler. Biz olary raketa simulýasiýa merkezlerine getirdik we munuň nähili işleýändigini görkezdik" diýdi.
Redzikowoda, üç sany atyjy bar hersi sekiz raketalyk. Olaryň kuwwaty artdyrylyp bilermi?
"Bu esli we örän" artdyrylyp bilner, diýip, Maýk Dwan aýtdy.
Emma Dwan öňüni almagyň möhümdigini aýtdy. "Aegis" raketasy saklap bilmeýän bolsa, “Patriot” batareýasy ýaly başga bir gatlak bilen iş salyşmaly diýip, belledi.
Ol "köp tapgyrly goranyş", islendik potensial garşydaşyň hüjüm etmezden ozal diňe iki gezek däl, belki üç ýa-da dört gezek pikirlenmeli boljagyny aňladýar diýdi.
Russiýanyň pilotsyz uçar howpy
Breedlowe, NATO-nyň ýene bir gowşak ýeri pilotsyz uçarlardan goranmakdygyny we Russiýanyň bu ugurdan has köp tejribesiniň bardygyny aýtdy: "Bärde [Ukraina] hüjüm edýän pilotsyz uçarlaryň köp mukdary bar we Amerikanyň howa goraglary, Ýewropanyňky bolsa hasam beter, beýle söweşe taýyn däl".
"Duşman indi steroidlerde" diýip, Breedlow belledi.
ABŞ-nyň Ýewropadaky öňki goşunynyň başlygy Ben Hodges geçen aýda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde şuňa meňzeş baha berdi.
"Bilşiňiz ýaly, bizde hiç haçan hemme zady ýapmak üçin ýeterlik howa goragy ýokdy ... Goralmaly zady ileri tutmaly bolýar" - diýip, sözüniň üstüni ýetirdi: "bütewi bir galkan ýaly zat ýok ".
Hodges, NATO-nyň harby planlaşdyryjylarynyň Russiýanyň Ukrainadaky hüjümleriniň "adaty gündelik"sanyny hasaba alyp, ony mysal üçin Litwanyň Bremerhawen ýa-da Gdansk ýa-da Klaipeda portlaryna garşy ulanylmagyny çaklap, howa we raketa goragynyň munuň üçin ýeterlik bolup-bolmajagyny anyklap biljekdigini belledi.
Germaniýa 2022-nji ýylda Russiýanyň Ukraina giňişleýin çozuşyna başlansoň, Ýewropanyň Sky Shield (ESSI) inisiatiwasyna baştutanlyk etdi. Ýewropanyň 24 ýurduny bir ýere jemleýän bu topar howa we raketa goranyş ulgamlaryny bilelikde satyn almaga mümkinçilik berýär we özara iş salyşmagyny höweslendirýär.
Emma Fransiýa, Ispaniýa we Italiýa ýaly käbir ýurtlar oňa goşulmady. Fransiýa ony Ýewropa degişli bolmadyk “Patriot” ulgamlary we beýleki komponentleri goşmak üçin tankytlady.
Howa güýji
Hodges, NATO-nyň söweş uçarlarynyň Ýewropanyň käbir gowşak taraplaryny ödäp bilýändigini aýtdy.
"Howa güýçlerimiz munuň möhüm bölegi. Meniň pikirimçe, howa güýçlerimiziň esasanam Finlýandiýa we Şwesiýa bilen barha artmagy ... bize ukrainleriň häzirki wagtda Russiýanyň howa we raketa hüjümlerine garşy durmakda eýe bolmadyk mümkinçiligini berer."
Hodges awiasiýanyň ABŞ-nyň howa goragyna goşýan goşandydygyny hem sözüniň üstüne goşdy. Emma Ýewropanyň goranyşyny güýçlendirmek ugrundaky tagallalary, ABŞ-nyň howpsuzlyga ygrarlylygyny dowam etmegine degişli näbellilik wagtynda ýüze çykdy. ABŞ-nyň roly bolmazdan Ýewropa näme bolar?
"Iň uly boşluk, ABŞ-nyň howa güýçlerine degişli bolar, irki duýduryş, aňtaw ... we soňra ABŞ-nyň NATO-nyň Ramştaýndäki howa serkerdeligindäki goşandy bolar".
Maýk Dwanyň ýolbaşçylygy hem esasy potensialy bolup biler.
ESSI ballistik raketalary saklap bilýän "Arrow-3" ulgamlaryny ulanmagy hem göz öňünde tutýar. Ýöne munuň üçin wagt gerek bolar, sebäbi olar Ýewropada öndürilmeýär, olar Ysraýyl hem ABŞ tarapyndan işlenip, öndürilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum