Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mähri gelneje: Jaýymyzyň üçegi islendik wagty üstümize çöküp biler


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

“Ýaşaýan köne jaýymyzyň üçegi islendik wagty üç çagamyň, adamymyň we meniň üstümize çöküp biler. Häkimiýetler jaý sorap ýazýan arzalarymyza oňyn jogap bermeýärler” diýip, maryly ene aýtdy.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň fonunda, ilat arasynda ýaşaýyş jaý meselesi ýitileşýär. Azatlyk Radiosy krizisiň getiren çökgünligine sezewar bolup, öýsüz galan adamlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Olar öz hal-ýagdaýlarynyň ýyl-ýyldan kynlaşýandygyny gürrüň berdiler.

Azatlyk şol adamlaryň biriniň başdan geçirenleriniň kyssasyny size ýetirýär. Bellesek, söhbetdeşimiziň hakyky ady, ýaşaýan ýeri we beýleki maglumatlary habarçymyzda bolsa, olar howpsuzlyk aladalary sebäpli aýan edilmeýär.

Garagum etrabynyň ýaşaýjysy Mähri gelneje (ady üýtgedildi), onuň adamsy we üç çagasy 1959-njy ýylda çagalar bakjasy hökmünde gurlan iki otagly jaýda ýaşaýar. Mähri gelneje we onuň maşgalasy köne we tehniki taýdan howply hasaplanyp, onlarça ýyl ozal ulanyşdan çykarylan bu jaýa sekiz ýyl ozal göçüp barýarlar.

“Jaýdaky iki otagyň birinde ýatyp-turýarys, nahar bişirýäris, çaý demleýäris, ähli egin-eşiklerimizi, okara-çanaklarymyzy, düşeklerimizi ýuwýarys. Beýlekisini, özümiz ýuwunmak üçin, hammam etmeli bolduk” diýip, Mähri gelneje aýtdy.

Ol gyşyna öz ýaşaýyş şertleriniň has-da agyrlaşýandygyny, sebäbi jaýda ýyladyş ulgamynyň ýokdugyny aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirýär:

"Öýüň içinde gyşky, galyň eşiklerimiz bilen oturýarys. Hemmämiz bir elektrik pejiň daşyna üýşüp, gyşymyzy geçirýäris. Otaglaryň içi-de juda çig. Gyşyna üçekden ýagyş hem geçýär. Şeýle-de, üçegiň ýagdaýy juda ýaramazlygy sebäpli, ol islendik wagty üç çagamyň, adamymyň we meniň üstümize çöküp biler” diýip, ol belledi.

Mähri gelneje mundan iki ýyl ozal häkimlige arza bilen ýüz tutandygyny, onda bir otagda bäş adam bolup ýaşaýandyklaryny beýan edip, özlerine jaý edinmäge kömek etmegi haýyş edipdir. Emma...

“Arzamyzda adamymyň zir-zibil çeleklerinden plastmassa, kagyz we alýumin gaplaryny ýygnap satýandygyny, özümiň kärende ýerlerinde zähmet çekýändigimizi hem beýan etdik. Biz boş mellek berseňiz hem razy diýip, haýyş etdik. Ýöne häkimligiň işgärleri bize ‘Köne bolsa-da ýaşamaga ýer berilenine şükür edip, bu jaýy-da ýykmaly diýip karara gelsek näme etjek? diýdiler” diýip, Mähri gelneje şondan soňra hiç ýere arza bilen ýüz tutmadyklaryny hem aýtdy.

Ol jaýa göçüp baranlaryndan soň doglan 7 ýaşyndaky iň kiçi çagasynyň demgysma keselinden ejir çekýändigini hem belläp, harytlaryň gymmatçylygynyň arasynda, onuň dermanlaryny satyn almagyň günsaýyn kynlaşýandygyny-da aýtdy.

Türkmen metbugaty "Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi, ýurduň paýtagty we sebitleri tanalmaz ýaly özgerdi" diýip, ýurtdaky gurluşyklaryň depginine uly baha berýän reportažlary ýygy-ýygydan köpçülige ýetirýär.

Ýöne habarçylarymyz bu jaýlardan ilatyň aglaba böleginiň satyn alyp bilmeýändigini we ipoteka jaýlaryna nobata durmak üçin-de azyndan 30 müň manat para bermelidigini aýdýarlar.

“Täze gurulýan jaýlaryň aglabasy boş durýar” diýip, maryly habarçymyz belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG