Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady krizisden, şol sanda işsizlikden, azyk gymmatçylygyndan we gytçylygyndan ejir çekýän raýatlaryň eklenç üçin galplyklara, aldaw ýoly bilen gazanç etmäge baş urýandygy baradaky habarlar artýar. Şu günler Mary welaýatynda lukmanlara para berip, maýyplyk hatyny almaga synanyşýan sagat adamlar köpelýär. Bu barada maryly lukmanlar we bu ýagdaýlary başdan geçirýän raýatlar Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdiler.
"Häzir ýurtda işsizlik, garyplyk gurşap alansoň, maýyplyk hatyny düzedip, döwletden kömek puluny almak isleýän adamlar köpeldi. Sag adamlar keselhanalarda ýatyp, oňurgasynda, öýkeninde we başga organlarynda maýyplyk bar diýip resminama alýarlar. Olar bu resminamalary düzetmek üçin lukmanlara müňlerçe manat möçberinde para berýärler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly lukman 12-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.
Soňky ýyllarda Türkmenistan öz garaşsyzlygynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýär. Bu kynçylyklar pandemiýanyň getiren saglyk krizisi bilen utgaşyp has-da ýitileşdi we sosial problemalaryň möwjemegine getirdi. Ýurtda dilegçiler, zibil dörýänler, ten söwdasy bilen meşgullanýanlar we öýsüz raýatlar köpelýär. Ogurlyk, talaňçylyk we adam öldürmek ýaly jenaýatlar hem artýar.
"Meniň bir tanşym özüniň sagatdygyna garamazdan, lukmanlara para berip, galp maýyplyk hatyny aldy. Ol munuň üçin 6 müň manat para berendigini aýtdy. Ol häzir her aý 500 manat töweregi kömek puluny alýar. Menem, sagat bolsam-da, şol tanşymyň üsti bilen maýyplyk hatyny almaga synanyşýar" diýip, adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ýaşaýjy 12-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, öňler adamlaryň köpüsi "men maýyp, döwletden kömek puluny alýaryn" diýmäge utanýardy. Emma häzir "açlyk derejesine elten" ykdysady kynçylyklar adamlary eklenç üçin galplyga baş urmaga mejbur edýär.
"Biz mundan öň beýdip kese ýol gözläris öýtmändik. Biz çynymyzy aýtmaly, hiç kimi aldamaly däl, watanymyza wepaly bolmaly diýip düşünerdik. Indi ol düşünjelerden zat galmady, açlyk hemme zat etdirjek ekeni" diýip, maryly ýaşaýjy habarçymyza beren gürrüňinden aýtdy.
Bu ýola baş uran maryly ýaşaýjylaryň birnäçesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, olar lukmanlara berjek paralaryny hem karz alyp, maýyplyk kömek puly berlip başlanandan soňra yzyna bermegi planlaşdyrýarlar.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Mary welaýatynyň Saglyk müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmenistanda COVID-19-yň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny tekrarlaýan türkmen hökümeti ýurtda berk karantin çäklendirmelerini öz güýjünde saklaýar. Habarçylarymyz soňky aýlarda bazarlaryň we ilata hyzmat ediş nokatlarynyň hem-de güýmenje ýerleriniň ýapylmagynyň müňlerçe adamyň gazançsyz galmagyna getirendigini aýdýarlar. Bu bolsa ykdysady kynçylyklardan kösenýän ilatyň onsuz hem agyr durmuşyna has aýylganç agram salýar, sosial problemalary barha ýitileşdirýär.
Türkmen hökümeti ykdysady krizisi, barha ýitileşýän sosial problemalary aç-açan boýun almaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.