25-nji maýda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde “Soňky jaň” çäresi geçirildi. Geçen ýyllaryň tejribesinde bolşy ýaly, uçurymlaryň dabarasy pugtalandyrylan gözegçilik astynda guramalaşdyryldy. Şol bir wagtda, häkimiýetleriň bu dabaralary türkmen milli aýratynlyklaryna laýyklykda geçirmegi tabşyrandygy nygtalýar.
“Aşgabadyň mekdepleriniň aglabasynda uçurymlara, esasan hem gyzlara sada we türkmen milli lybaslarynda gelmek tabşyryldy. Bu günki ‘Soňky jaň’ dabarasynda öňküler ýaly kaşaň köýnekler görünmedi. Mundan başga-da, dabaralaryň dowamynda küştdepdi tansy ýerine ýetirildi. Häzir bu tanssyz hiç bir dabara geçmeýär” diýip, aşgabatly ýaşaýjylaryň biri şaýat bolan ýagdaýlaryny 25-nji maýda habarçymyza gürrüň berdi.
Türkmen lybaslarda gelmek talaby, milli azlyklaryň, şol sanda etniki özbekleriň aglaba bolup ýaşaýan Lebap welaýatynda hem öňe sürüldi. Sebitdäki çeşmämiz iň azyndan Çärjew we Dänew etraplarynyň mekdeplerinde özbek dilinde aýdym aýtdyrmagyň we özbek milli tanslaryny ýerine ýetirmegiň gadagan edilendigini aýtdy.
Mundan başga-da, hem okuwçylara, hem-de dabara geljek ene-atalara diňe türkmen milli lybaslarynda bolmalydygy barada öňünden berk tabşyryk berildi. Çeşmämiz munuň, Lebapda häkimiýetleriň alyp barýan “türkmenleşdirme” syýasatynyň çägindäki nobatdaky çäklendirme bolandygyna meňzeýändigini belledi.
Bilim resmileri “Soňky jaň” dabarasynyň öňýany uçurymlara kafedir-restoranlarda gurnajak çärelerini hem has kiçi gerimde geçirmegi tabşyrdylar. Käbir sebitlerde, şol sanda Balkanda bu barada ene-atalardan ýörite dil haty hem alyndy.
Dabaralaryň öňýany welaýat merkezlerinde gijelerine gözegçilik hem güýçlendirildi. Maýyň ortalaryndan bäri Lebapda polisiýa gije sagat 9-dan soň köçede gezelenç edýän ýaşlary saklap başlady, şeýle-de, telekeçilerden hususy dükanlary agşam sagat 10-dan öň ýapmagy talap etdiler.
Häkimiýetler “Soňky jaň” dabaralaryny çäkli görnüşde guramalaşdyrmak ugrundaky tagallalaryna resmi derejede düşündiriş bermeýärler. Emma Azatlyk bilen söhbetdeş bolan bilim işgärleri munuň uçurymlaryň gatnaşmagyndaky mümkin bidüzgünçilikleriň öňüni almak, şeýle-de dürli üýşmeleňler üçin aşa pul çykdajylaryny etdirmezlik maksadyndan amal edilýändigini belleýärler.
"Soňky jaň" dabaralary we munuň bilen bagly agşamky oturyşlyklar adatça mekdep uçurymlarynyň ene-atalary üçin uly çykdajylary göz öňünde tutýar, käbir maşgalalar birnäçe müňe ýetýän çykdajylary asla göterip bilmeýär. Bu ýagdaýlarda käbir ýaşlaryň öz janyna kast edýän ýagdaýlary hem bolýar.
Türkmen häkimiýetleri uly dabaralaryň öňünden telewideniýede, hamala, baýramçylyk gününde ýazgy edilen hökmünde efire bermek üçin düşürýän ýasama ýazgylary “Soňky jaň” çärelerine hem degişli boldy.
Resmi metbugata görä, şu ýyl türkmen mekdeplerini 82 müňe golaý okuwçy tamamlaýar.
Öňki ýyllarda Türkmenistanda, resmi maglumatlara görä, mekdebi tamamlaýanlaryň sanynyň 100 müňden aşan wagtlary hem bolupdy. Emma soňky ýyllarda ýurtdaky kynçylyklar, migrasiýanyň ösmegi, çaga dogulmagynyň derejesiniň peselmegi zerarly, ilat sanynyň azalýandygy habar berilýär.
Maglumat üçin aýtsak, 2013-nji ýylda ýurtda 25-nji maýy her ýyl Aşgabat güni hökmünde belläp geçmek kararlaşdyryldy. Şondan bäri, uçurym dabaralary Aşgabat gününe gabat gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum