Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow: Nesip bolsa, Türkmenistan Türki Döwletler Guramasyna hakyky agza bolar


Türki Döwletler Guramasynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşyjylar. Ankara, Türkiýe. 16-njy mart, 2023 ý.
Türki Döwletler Guramasynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşyjylar. Ankara, Türkiýe. 16-njy mart, 2023 ý.

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletler Guramasynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde sözlän sözünde Türkmenistanyň ýakyn wagtda bu gurama agza boljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet baştutanlary Azerbaýjanyň teklibi boýunça 16-njy martda Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde duşuşyp, nobatdan daşary ýygnak geçirdi.

Ýygnaga Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Berdimuhamedow forumda eden çykyşynda Türkmenistanyň ýakyn wagtda bu gurama agza boljakdygyna ynam bildirdi.

"Nesip bolsa, Türkmenistan indi synçy hökmünde däl-de, Türki Döwletler Guramasyna hakyky agza hökmünde gatnaşjakdygyna ynam bildirýär" diýip, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) Berdimuhamedowyň sözlerini getirýär.

Türkmenistan 2021-nji ýylyň noýabrynda bu gurama synçy agza hökmünde kabul edildi.

Häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkiýe bu guramanyň doly hukukly agzasy, Türkmenistan we Wengriýa synçy agzasy bolup durýar. 2009-njy ýylda “Türki geňeş” hökmünde esaslandyrylan gurama türki dilli döwletleriň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ýakyn hyzmatdaşlyga ymtylýar.

Türkmenistanyň bu gurama 2022-nji ýylyň noýabrynda doly hukukly agza bolmagyna garaşyldy. Ýöne bu başa barmady.

Has ozal, türkmen hökümeti ýurduň bitaraplyk statusyna salgylanyp, türki guramadan çetde durup gelýärdi. Halk maslahatynyň başlygy forumda sözlän sözünde Türkmenistanyň bitaraplyk derejesi hakynda BMG-da kabul edilen kararnamalara Türkiýäniň bildiren goldawlaryna minnetdarlyk bildirdi.

“Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda” 1995-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň kanuny ýurduň harby bileleşiklere we soýuzlara, galyberse-de “berk borçnamalary bilen ýa-da gatnaşyjylaryň kollektiwleýin jogapkärçiligini göz öňünde tutýan döwletara birleşiklerine” gatnaşmagyny çäklendirýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow forumda eden çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň ýakyn wagtda Türki Döwletler Guramasyna doly hukukly agza boljagyna iki gezek ynamly umyt bildirdi.

Guramanyň Ankarada geçirilen nobatdan daşary ýygnagy “adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak” temasyna bagyşlanýar.

Duşuşyk Türkiýäniň günorta-gündogar sebitlerinde 6-njy fewralda bolup geçen betbagtçylykly ýer sarsgynlarynyň 40-njy gününde geçirilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hususan-da energetika hyzmatdaşlygy boýunça gurama agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

“...Türkmenistan, ilkinji nobatda, türkmen gazyny Türkiýä ibermek baradaky meselä şu gün seretmäge taýýar” diýip, TDH türkmen lideriniň sözlerini sitirleýär.

Şeýle-de, Berdimuhamedow Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň “halkara howpsuzlygy we parahatçylygy babatdaky tagallalaryna” salgylanyp, onuň parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlenilmegine goldaw bildirdi.

Türkiýe fewral aýynda onlarça müň adamyň ölümine getiren betbagtçylykly ýer sarsgynlarynyň yz ýany, öňümizdäki maý aýynda geçiriljek prezident saýlawlaryna taýýarlyk görýär. Türk synçylary bu saýlawlaryň 20 ýyldan gowrak wagt bäri häkimiýet başynda galýan Erdogan üçin agyr synag boljakdygyny aýdýarlar.

Türk hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan käbir türk habar serişdeleri türki döwletleriň ýolbaşçylarynyň Ankarada geçiren nobatdan daşary ýygnagynda Rejep Taýýip Erdogana goldaw beýan edendiklerini habar berýärler.

Türkmenistanly syýasatşynas Kümüş Baýriýewa türki döwletleriň liderleriniň Ankaradaky nobatdan daşary duşuşygy boýunça 17-nji martda Azatlyk Radiosyna beren synynda bu ýagdaýa ünsi çekdi:

"Gürrüňsiz, Türki Döwletler Guramasynyň nobatdan daşary duşuşyga çagyrylmagynyň iň möhüm sebäpleriniň biri hem Türkiýedäki saýlawlardyr. Prezident Erdoganyň ýurt içinde yraň atýan reýtingleri, şeýle-de ýer sarsgynlarynyň netijeleri bilen ymykly gowuşgynsyzlaşan türk ykdysadyýetiniň durnuksyz ýagdaýy, ony öz abraýyny galdyrmak üçin goşmaça hemaýat çeşmelerini we mümkinçiliklerini gözlemäge iterýär" diýip, syýasatşynas aýtdy.

Türkmen synçysyna görä, şeýle hemaýat çeşmeleriniň ýurt içinde ebgarlaşmagy bilen, Erdogan Türki Döwletler Guramasynyň döwlet baştutanlarynyň duşuşgyndan haraý gözleýär we türk saýlawçylarynyň gözünde abraý gazanmaga çalyşýar.

Türkiýede 220 müň töweregi türkmenistanly kanuny esasda ýaşaýar. Resmi däl hasabatlar bu sanlaryň has ýokarydygyny aýdýar.

2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Aşgabadyň haýyşy boýunça Türkmenistan bilen aradaky wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy. Türkmen hökümeti Türkiýede özüne garşylyk beýan edýän özge pikirli türkmenistanly raýatlara türk häkimiýetleriniň ýardamlary bilen basyş etmekde tankyt edilýär.

Erdogan türki forumyň çäklerinde Halk maslahatynyň başlygy Berdimuhamedow bilen ikiçäk duşuşdy. Türk prezidenti bu duşuşykda iki ýurduň halklaryny “bir millet – iki döwlet” häsiýetlendirdi. TDH-nyň habaryna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow Erdogana öňümizdäki saýlawlarda üstünlik arzuw etdi.

Türki Döwletler Guramasynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi 2023-nji ýylyň oktýabrynda Gazagystanyň Türküstan şäherinde geçirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG