Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Aşa seýrek" SOS çagyryşy. Sinjiangdaky etniki gazak gyzy tussag edilmeginden howatyrlanyp, aç-açan beýanat berdi


"Eger men ýitsem ýa-da ölsem, muňa kimiň jogapkärdigini dünýäniň bilmegini isleýärin" diýip, žurnalist hem sazanda, milleti boýunça gazak bolan Žanargül Žumataý "aşa seýrek" çagyryş bilen daşary ýurtly žurnalistlere ýüzlendi. (Arhiw suraty)
"Eger men ýitsem ýa-da ölsem, muňa kimiň jogapkärdigini dünýäniň bilmegini isleýärin" diýip, žurnalist hem sazanda, milleti boýunça gazak bolan Žanargül Žumataý "aşa seýrek" çagyryş bilen daşary ýurtly žurnalistlere ýüzlendi. (Arhiw suraty)

Hytaýyň Sinjiang welaýatynda, gelip çykyşy boýunça köprägi türki milletinden bolan musulman ýaşaýjylarynyň bir milliondan gowragy 2016-njy ýyldan bäri, mejbury ýagdaýda lagerlerde ýerleşdirildi. Olaryň biri, etniki gazak gyzy Žanargül Žumataý açyk ýagdaýda kömek soraýar.

Aşa ýowuz awtoritar polisiýa režimi bolan Hytaýyň Sinjiang welaýatynda, öz pikiriňi açyk aýtmak, islendik zady köpçülige ýetirmek, aýratyn-da halkara jemgyýetçiligini gyzyklandyrjak, goňşy ýurda gaçmak barada dil ýarmak örän howply. Emma Urumçy şäherinde ýaşaýan etniki gazak gyzy Žanargül Žumataý goragyň hut şeýle usulyna ýüz tutdy.

47 ýaşly žurnalist Žumataý ýerli howpsuzlyk gulluklarynyň özüne garşy basyşy barada, howsalaly ýagdaýy mälim etdi. Ol ABŞ-da ýaşaýan tanymal gazak aktiwisti bilen aragatnaşyk saklaýandygy üçin, tussag ediljekdigini aýdýar. Şol wagtyň özünde, eger meýletin ýagdaýda akyl taýdan näsaglaryň keselhanasyna girse, "özüni halas bolup biljekdigini" hem sözüne goşýar.

Žanargül özüniň Gazagystana gitmek höwesine halkara jemgyýetçiliginiň goldaw berjekdigine umyt baglaýar, ol ýerde onuň ýaşamaga hukugy bar, öňräk ol "Gazagystan" döwlet telekanalynda işläpdi.

«Eger men ýitsem ýa-da ölsem, muňa kimiň jogapkärdigini dünýäniň bilmegini isleýärin» diýip, Žumataý daniýaly akademik we Sinjiang boýunça ekspert Run Stinberg bilen 2-nji ýanwarda geçiren halkara telefon gepleşiginde aýdypdyr.

«ÖLÜMDEN BAŞGASYNA» ŞAÝAT BOLAN

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Sinjiang welaýaty dünýäde iň berk gözegçilikde saklanýan bölek hasaplanýar. Soňky ýyllarda ol sebit türki asylly we musulman azlyklarynyň 1 milliondan gowragynyň tussag edilmegi bilen berk baglanyşyklydyr (käbir garaşsyz maglumatlara görä, bu san iki esse artdyrylýar). Ol ýerdäki berk goragly edaralary bolsa Pekin "hünär öwrediş merkezleri" diýip atlandyrýar.

Bu edara esasan musulman etniki azlykdakylary gaýtadan terbiýeleýän lager diýlip çaklanýar. Hytaýyň Sinjiang welaýatyndaky Kaşgaryň demirgazygynda ýerleşýän Artuks şäheri, 2019-njy ýyl.
Bu edara esasan musulman etniki azlykdakylary gaýtadan terbiýeleýän lager diýlip çaklanýar. Hytaýyň Sinjiang welaýatyndaky Kaşgaryň demirgazygynda ýerleşýän Artuks şäheri, 2019-njy ýyl.

Hytaýyň çäginden daşarda bolsa olara "täzeden terbiýeleýiş lagerleri" diýilýär. Öňki tussaglaryň, şol sanda birnäçe etniki gazaklaryň güwä geçmegine görä, ol ýerde bendilere ýowuz daraşmagyň dowam edýändigi aýdylýar.

Žumataýyň şol edaralaryň birinde saklanandygy baradaky beýanaty ýaýrandan soň, onuň tussag edilendigini 2017-nji ýyldaky hytaý polisiýasynyň ýazgylaryndan syzyp çykan maglumat tassyklaýar.

Çehiýanyň Olomous şäherindäki Palatsky uniwersitetinde işleýän Stinberg Žumataý bilen 2-nji ýanwardan bäri her gün gürleşýändigini Azatlyk radiosyna mälim etdi.

Antropolog alymyň aýtmagyna görä, Sinjiang welaýatynda hatda telefonda daşary ýurt programmalarynyň bolmagy-da, türmä basylmaga getirip biler, döwlet basyşlary baradaky ýagdaýy daşary ýurtly adamlar bilen ara alyp maslahatlaşmak "örän seýrek" bolýar. Žumataý munuň nähili netije berjekdigini gowy bilse-de, özüni howp astynda goýýar.

Sinjiangdaky ejir çekenleriň maglumat bazasyndan syzyp çykan polisiýa ýazgylarynda, Žanargülüň profiline degişli esasy bahana 2017-nji ýylda onuň telefonyndan "adaty bolmadyk" programmalaryň tapylmagy, şeýle-de onuň "üns merkezindäki ýurda" gidip gelmegi – Gazagystana salgylanma hasaplanýar.

Jumataý Stinberge Serikžan Bilaş bilen aragatnaşyk saklany üçin, Urumçydaky ýerli häkimiýetleriň ony hökman tussag etjekdigini aýdypdyr. Häzirki wagtda sinjiangly tanymal gazak aktiwisti Serikžan Bilaş ABŞ-da ýaşaýar.

Häkimiýetleriň wekiliniň: "Eger sen özüňi halas etmek isleseň, şu günüň özünde, şu gün agşamdan başlap, meýletin psihiatriýa keselhanasyna gitmeli" diýendigini Žumataý sitirleýär.

Ol iki ýyllap lagerde bolansoň, tahikardiýadan (ýürek urgusynyň çaltlygy) ejir çekýändigini aýtdy.

Olaryň ilkinji söhbetdeşliginiň ýazgysy Hytaý režiminden Sinjiangda ejir çekýänleriň maglumat bazasynda çap edildi. Dünýäniň iň uly maglumat bazasyna alnan ýazgynyň hakykatdygyny Stinberg tassyklady.

Žanargül 5-nji ýanwarda, Gazagystanyň Pekindäki ilçihanasy bilen habarlaşandygyny aýdypdyr.

"Oňa Gazagystana girmek üçin dokumentleriň beriljekdigini aýdypdyrlar... Ol muňa begenýär, ýöne oňa doly ynanyp bilmeýär. Eger ony [Hytaýyň Jemgyýetçilik howpsuzlygy Býurosy] ýa-da ýerli şäher administrasiýasy tussag etse, Gazagystanyň ilçihanasy alada etmezliginden howatyrlanýar” diýip, Stinberg aýdýar.

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Sinjiang welaýatynyň Urumçy şäherinde № 3 belgili Dabançen tussaghanasynyň girelgesinde duran polisiýa işgärleri, 2021-nji ýyl.
Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Sinjiang welaýatynyň Urumçy şäherinde № 3 belgili Dabançen tussaghanasynyň girelgesinde duran polisiýa işgärleri, 2021-nji ýyl.

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi bu maglumaty tassyklamak baradaky haýyşa dessine jogap bermedi.

«Soňky günlerde ol ejesiniň jaýyndan çykman ýaşaýar. Onuň uýasy olara azyk getirýär» diýip, Stinberg sözüne goşdy.

ASTANA ÜÇIN DARTGYNLY ÝAGDAÝ

Ol welaýatda uýgurlardan soň ikinji uly türki topar bolan Sinjiang gazaklarynyň gahar-gazaby Gazagystan hökümetini oňaýsyz ýagdaýa salýar. Resmiler Hytaý bilen söwda gatnaşyklarynyň çalt ösdürilmegine buýsanýarlar.

Astana bu meseläni Pekin bilen orta atyp, 2019-njy ýylyň başynda, ýagdaýy beýan etdi: netijede Hytaýdan 2000-den gowrak etniki gazagy ýurda çagyrmagy başardy.

Emma gazak hökümeti Pekiniň syýasatynyň halkara derejesinde ýazgarylmagyna goşulmady. Şol ýylyň aýagynda bolsa Gazagystanyň şol wagtky daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi Hytaý ynandyrmalaryna salgylanyp, lagerlerde etniki gazaklaryň galmandygyny mälim etdi.

Şu wagta çenli Sinjiangda repressiýadan ejir çeken 50 müňe golaý adamyň maglumat bazasyny döreden Jin Buning şol beýanatyň, belki-de, hakykatdygyny aýdýar.

Şonuň bilen birlikde, ol lageriň öňki bendileriniň köpüsiniň häzirki wagtda "şübheli aýyplamalar arkaly uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilendigine" ýa-da berk gözegçilik astynda, öý tussaglygynda ýaşaýandygyna subutnamalaryň bardygyny-da agzaýar.

Köpçülikleýin tussaglyk kampaniýalary, belki, gowşasa-da, "Häkimiýetleriň häli-şindi aýratyn bir sebäpsiz kimdir birini tussag etmäge mümkinçiligi bar" diýip, ol Azatlyga gürrüň berdi.

Almaty şäheriniň ýaşaýjysy Ongarbek Usipuly transparantlary göterip, Sinjiangdaky etniki gazaklara öz goldawyny bildirýär. Almaty, 2022-nji ýylyň 9-njy dekabry.
Almaty şäheriniň ýaşaýjysy Ongarbek Usipuly transparantlary göterip, Sinjiangdaky etniki gazaklara öz goldawyny bildirýär. Almaty, 2022-nji ýylyň 9-njy dekabry.

Gazagystan hem öz gezeginde Sinjiang bilen bagly hereketleri birnäçe gezek basyp ýatyrdy. Sentýabr aýynda Hytaýyň lideri Si Jinpingiň Gazagystana saparynyň öňüsyrasynda, Sinjiangda tussag edilenleriň garyndaşlaryndan proteste çykan iki adamy polisiýa tussag etdi.

Graždan aktiwisti Bilaş on ýyl mundan ozal Hytaýdan gelip raýatlyk hukugyny alan hem bolsa, indi öz watanyna dolanyp bilmeýär. Baş edarasy Almaty şäherinde ýerleşen «Атажурт» ýardam beriji meýletin guramasy Hytaýyň Sinjiangdaky syýasatyny paş etmekde, esasy rol oýnady. Ol esasan lageriň öňki bendileriniň wideo güwäliklerini ýaýratdy.

2019-njy ýylda onuň özi hem sosial dartgynlygy tutaşdyrmakda aýyplanyp tussag edildi we diňe halkara metbugatynda köpçülikleýin seslenmeleriň peýda bolmagy hem-de bu işiň halkara metbugatynda ýaýramagyndan soň boşadyldy.

Pekiniň söwda merkezinde goýlan äpet uly ekranda, Hytaýyň prezidenti Si Jinpingiň 2022-nji ýylyň 15-nji iýulynda, Sinjiang Uýgur awtonom sebitine eden saparynyň täzelikleri görkezilýär.
Pekiniň söwda merkezinde goýlan äpet uly ekranda, Hytaýyň prezidenti Si Jinpingiň 2022-nji ýylyň 15-nji iýulynda, Sinjiang Uýgur awtonom sebitine eden saparynyň täzelikleri görkezilýär.

Azatlyk bilen telefon arkaly gepleşikde, Bilaşyň aýtmagyna görä, Žumataý Sinjiangdaky gazak çopanlarynyň hukugyny goramakda eden işleri üçin, jezalandyrylan bolmagy mümkin, sebäbi bu meseläni onuň ara alyp maslahatlaşýandygyny ýatlatdy.

Bilaş Žanargülüň alyp barýan işiniň ähmiýetini Saýragül Saýytbaý bilen deňeşdirdi. Sinjiangdan gaçyp, resmi däl ýagdaýda Gazagystana geçen etniki gazak zenany 2018-nji ýylda, Hytaý gaýtadan terbiýeleýiş lagerleri barada, açyk kazyýet diňlenişiginde güwälik eden ilkinji ynsan boldy.

Gazagystan Saýytbaýy ýene-de yzyna – Hytaýa sürgün etmedik bolsa-da, oňa raýatlyk almagy teklip etmedi. Häzir ol maşgalasy bilen Şwesiýada ýaşaýar.

«Tapawut şunda, Saýragül Gazagystanda aç-açan çykyş etdi, [Žumataý] Hytaýda wagtynda aýdýar» diýip, Bilaş belleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG