Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek prezidenti Türkmenistana sapar eder


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (çepde) özüniň özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen. Daşkent. Iýul, 2022 ý.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (çepde) özüniň özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen. Daşkent. Iýul, 2022 ý.

Özbek prezidentiniň Türkmenistana etjek saparynyň çäklerinde, onlarça ýyllap özüniň bitaraplyk statusyna salgylanyp, regional guramalara agza bolmakdan saklanyp gelýän Türkmenistanyň Türki döwletler guramasyna agza bolmak meselesiniň hem maslahat edilmegi mümkin. Şol bir wagtda, muňa ünsi çekýän synçylar, prezident Şawkat Mirziýoýewiň 20-21-nji oktýabrda amala aşyrjak döwlet saparynyň aglaba protokol çäreler bilen çäklenjekdigini hem belleýärler. Bu aralykda, sapara gabat geçirilejk dürli şowhunly dabaralar üçin Türkmenistanyň dürli künjeklerinde güýçli depginde taýýarlyklar, şol sanda mejbury ýowarlar geçirilýär.

Prezident Mirziýoýewiň şu penşenbe güni Türkmenistana etjek iki günlük döwlet sapary barada 17-nji oktýabrda özbek prezidentiniň metbugat wekili mälim etdi. Şerzod Asadowyň Telegram hasabynda ýerleşdiren maglumatyna görä, saparyň dowamynda iki ýurduň liderleri dar we giňeldilen formatda gepleşikleri geçirerler, şeýle-de, esasan hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny göz öňünde tutýan “dokumentleriň agramly paketine” gol goýarlar.

Mundan başga-da saparyň dowamynda Mirziýoýew Aşgabatda “Daşkent” seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşar, şeýle-de türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek baradaky umumy proýekte badalga berer.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 16-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde gürrüň gidýän serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça, anyk detallar agzalmazdan, “talabalaýyk işleriň” geçirilýändigi aýdyldy. Mundan başga-da, mejlisde 16-17-nji noýabrda türkmen-özbek dostluk festiwalynyň hem geçiriljekdigi mälim edildi.

Bu aralykda, habarçylarymyz Mirziýoýewiň saparyna gabat Daşoguzda geçiriljek aýdym-saz konsertine köpçülikleýin mejbury taýýarlyklaryň geçirilýändigini aýdýarlar.

“Hepdäniň aýagynda Daşogzuň Ak öý binasynda geçiriljek dabara ýurduň ähli künjeklerinden medeniýet işgärleri getirilýär. Býujetçiler eýýäm häzirden mejbury arassaçylyk işlerine, ýowarlara çekilýärler” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan ýerli ýaşaýjylaryň biri 18-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Iki ýurduň hem resmi maglumatlaryndan çen tutulsa, özbek prezidentiniň bu sapary adaty protokol sapary boljakdygyna çalym edýär. Emma regionyň syýasy durmuşyny ýakyndan yzarlaýan synçylar Mirziýoýewiň özüniň türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikleriniň dowamynda, Türkmenistanyň Türki döwletler guramasyna doly derejeli agza bolmak meselesiniň hem gürrüň edilip bilinjekdigini belleýärler.

Ýatlatsak, geçen aýyň aýagynda Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkmenistanyň Türki döwletler guramasynyň agzalygyna kabul ediljekdigini mälim etdi. Ol Türkmenistanyň agzalygynyň Guramanyň 11-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek sammitinde tassyklanylmagyna garaşylýandygyny hem belledi. Emma bu maglumaty häzirlikçe ne Aşgabat, ne-de Daşkent tassyklap ýa-da inkär edip çykyş etdi.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň baş redaktory Pahlawon Turgunow Türkmenistanyň bu gurama agzalyk meselesiniň Özbegistanda kesgitlenip bilinjekdigi sebäpli, Mirziýoýewiň Aşgabady bu ugurda hereket etmäge çagyrmagynyň mümkindigini aýtdy. Häzirki wagtda Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan bu guramanyň doly agzasydyr, Wengriýa we Türkmenistan synçy agzasy bolup durýar.

“Türki döwletler guramasynyň liderleriniň birinji sammitiniň hut Özbegistanda geçirilmeginiň özi eýýäm uly bir taryhy waka. Sammitiň dowamynda Türkmenistan bu gurama doly agzalyga kabul edilse, bu munuň ähmiýetini hasda artdyrar. Emma munuň Türkmenistanyň öňe sürýän Bitaraplyk statusy diýilýänine nä derejede gabat gelýändigini aýtmak kyn” diýip, özbek žurnalisti Turgunow aýtdy, şeýle-de Ankaranyň Merkezi Aziýadaky türki döwletleri öz saýasyna geçirmek baradaky planlaryny eýýäm ençeme ýyldan bäri ýaňzydyp gelýändigini hem nygtady.

Onuň söhbetdeşlikde hem belleýşi ýaly, Aşgabat onlarça ýyllaryň dowamynda, özüniň Bitaraplyk statusyna salgylanyp, şol sanda Russiýanyň, Hytaýyň ýa Türkiýäniň ýolbaşçylygyndaky regional guramalara agza bolmakdan çetde durup gelýärdi. Synçylar häzirki planlar amala aşsa, onda munuň Aşgabat üçin uly ädim boljakdygyny belleýärler. Ýatlatsak, geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistan Türki döwletler guramasyna synçy agza hökmünde kabul edilipdi.

Turgunow Türkmenistanyň bu mümkin ädiminiň aňyrsynda, Russiýanyň fewralda Ukraina esassyz çozmagynyň belli bir derejede kontekst hökmünde hyzmat edýändigini, emma hem Aşgabadyň, hem-de Daşkendiň Moskwanyň weýrançylykly hüjümlerine reaksiýa bildirmeýändigini sebäpli, saparyň dowamynda-da dünýäniň üns merkezindäki bu meseläniň açyk gozgalmagyna garaşmaýandygyny aýtdy.

“[Türkmen we özbek] liderleriniň ikisiniň-de Russiýanyň Ukraina garşy başladan urşy ýa-da Moskwanyň ozalky sowet respublikalary babatyndaky syýasaty barada nähilidir bir açyk beýanat bilen çykyş etjekdigini çaklamaýaryn” diýip, žurnalist sözüne goşdy.

Bellesek, Türkmenistanyň ýolbaşçylary Ukrainadaky uruş barada açyk hiç bir zat aýtmadylar. Türkmen metbugaty hem, adatça bolşy ýaly, bu uruş hakynda hiç bir habar çap etmeýär. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda Ukraina urşy babatda geçirilen ses berişliklere-de gatnaşman gelýär.

Maglumat üçin aýtsak, prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistana iýulda sapar etdi. Onuň netijeleri boýunça 19 ylalaşyga gol goýuldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG