Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Synçy: Türkmen prezidentiniň ukrain kärdeşine iberen garaşsyzlyk gutlagy ‘bärden gaýdýar’


Serdar Berdimuhamedow Moskwada Näbelli esgeriň ýadygärligine gül desselerini goýýar. 10-njy iýun, 2022 ý. Moskwa ş. Russiýa.
Serdar Berdimuhamedow Moskwada Näbelli esgeriň ýadygärligine gül desselerini goýýar. 10-njy iýun, 2022 ý. Moskwa ş. Russiýa.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 24-nji awgustda Ukrainanyň prezidenti Wolodmyr Zelenskini Ukrainanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady. Alty aý bäri rus agressiýasyna garşy, Russiýanyň esassyz çozuşyna garşy söweşýän ýurduň döwlet ýolbaşçysyna we halkyna iberilen gutlagda uruş we parahatçylyk agzalmady.

Ukraina 24-nji awgustda Sowet Soýuzyndan alan garaşsyzlygynyň 31-nji ýyl dönümini rus raketalarynyň zarbasynyň astynda belledi.

"Türkmenistanyň prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, prezident Wladimir Zelenskä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ukrainanyň halkyna bolsa durnuklylyk, rowaçlyk arzuw etdi" diýip, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) ýazýar.

Russiýa 24-nji fewralda öz goňşusy, post-sowet Ukraina esassyz goşun girizdi. Halkara jemgyýetçiligi, 141 döwlet 3-nji martda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ses berip, Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasyny ýazgardy. Türkmenistan bu ses berişlige gatnaşmady.

Türkmenistan Russiýanyň Ukraina sebäpsiz çozuşyny ýazgarman gelýär.

Synçylar türkmen prezidentiniň rus raketalarynyň astynda garaşsyzlyk baýramyny belleýän Ukrainanyň prezidentine iberen gutlag hatynda uruş we parahatçylygy agzamazlygyna reaksiýa bildirýärler.

Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally 25-nji awgustda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda prezidentiň gutlag hatynda ukrain halkyna duýgudaşlyk bildirilmezligini, urşuň we parahatçylygyň agzalmazlygyny, uruşda wepat bolan adamlaryň maşgalalaryna gynanç sözleriniň beýan edilmezligini “bärden gaýtma” hökmünde suratlandyrdy.

“Türkmenistanyň prezidentiniň Ukrainanyň garaşsyzlyk güni bilen baglanyşykly iberen gutlagynda ukrain halkyna şeýle hem Ukrainanyň prezidentine parahatçylyk baradaky arzuwlary aýtmazlygy, şonuň bilen birlikde urşuň ýok bolmagy, urşuň dep bolmagy baradaky arzuwlary aýtmazlygy gaty bärden gaýdýar” diýip, synçy aýtdy.

Türkmenistanyň bitaraplygyny ykrar eden Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 7-nji aprelde Russiýany Adam hukuklary geňeşinden çykarmak barada ses berişlik geçirdi. 93 ýurt bu teklibi goldady. Türkmenistan bu ses berişlige-de gatnaşmady.

Has ozal, 2014-nji ýylyň 27-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 100 döwlet Russiýanyň Krymy bikanun anneksiýa etmegine garşy, Ukrainanyň territorial bitewiligini goldap ses berdi. Türkmenistan bu ses berişlige-de gatnaşmady.

Russiýa alty aý bäri Ukraina esassyz hüjüm edýär. Ukrainada ýowuz uruş dowam edýär, 9 müňden gowrak ukrain esgeri uruşda wepat bolupdyr, millionlarça ukrainaly öz ýaşaýan ýerlerinden göçmäge mejbur boldy, Ukrainada galan asuda ilat rus agressiýasyndan ejir çekýär.

Türkmenistan uruş başlaly bäri, ne Ukrainada galan türkmen talyplarynyň ykbaly barada beýanat berdi, ne-de Ukrainanyň territorial bitewiligine şek ýetirilmegini ýazgardy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aprel aýynda Ukraina ynsanperwer ýardam iberiljekdigini yglan etdi, ýöne bu ýardamyň Ukrainanyň haýsy sebitine, Russiýanyň gözegçiligindäki sebitlerinemi, ýa-da ukrain hökümetiniň gözegçiligindäki sebitlere niýetlenendigi, onuň iberilip-iberilmändigi mälim edilmedi.

“Parahatçylyk baradaky arzuw her bir adamyň, onda-da prezident bolýan bir lideriň hökmany aýtmaly sözi. Şonuň bilen birlikde ol urşa-da garşy durmaly. Uruş hiç wagt adamzada, hiç bir halka gowulyk getirmändi. Şony bir millete ýolbaşçy bolýan adamyň açyk aýtmagy gerekdi. Şeýle manydaky gowy gutlaga garaşdyk, ýöne ol garaşanymyz çykmady” diýip, Hudaýberdi Hally Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Merkezi Aziýa boýunça bilermenler Türkmenistanyň köplenç bitaraplyk syýasatyna salgylanyp, halkara arenasynda bolup geçýän käbir wakalar boýunça öz pozisiýasyny mälim etmeýändigini aýdýarlar. Türkmen synçysy bitaraplyk syýasatynyň özeninde parahatçylygyň bardygyny we hut şol parahatçylyk isleginden ugur alyp, urşuň ýazgarylmalydygyny aýdýar.

“Käbir syýasatçylaryň Türkmenistan bitaraplyk syýasatyny ýöredýär diýmegi mümkin. Türkmenistanyň resmileri-de Birleşen Milletler Guramasynda ses berişliklerde öz bitaraplygyny bahana edip, ses berişlige gatnaşman durýar. Ýöne, aslynda bitaraplygyň özi näme? Bitaraplygyň özi parahat ýaşamak, durnukly bolmak, hiç bir urşa goşulmazlyk, hiç bir halkyň garşysyna uruş alyp barmazlyk, hut parahatçylyk meselesi bitaraplygyň iň esasy özeni bolmaly. Şonuň üçin hem Türkmenistan hökmany ýagdaýda parahatçylygyň tarapynda bolup ses bermeli. Gynansak-da Türkmenistan muny başaranok. Meniň pikirimçe bu ýagdaýyň özi Russiýanyň resmilerinden gorkudan emele gelýän ýagdaý. Russiýanyň resmileri Türkmenistana öz täsirini ýetirýär” diýip, Hudaýberdi Hally aýtdy.

Ukrainada alyp barýan ýowuz urşy dowam edýän mahaly Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowy maý aýynda “Dostluk” ordeni bilen sylaglady. Berdimuhamedow bu sylagy kabul etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG