Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Esger enesi: Oglumy ilki tanamadyk, ol gaty horlanypdyr we garalypdyr


Çagyryş boýunça harby gulluk geçýän esgerler. Illýustrasiýa suraty
Çagyryş boýunça harby gulluk geçýän esgerler. Illýustrasiýa suraty

"Oglumyzy görenimizde ony ilkibada tanamadyk, gaty horlanypdyr we garalypdyr. Onuň egin-eşikleri we köwşi hem gaty könedi" diýip, ogly Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky harby bölümleriň birinde çagyryş boýunça harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän maryly ene gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy agzalýan harby bölümde gulluk geçýän esgerleriň birnäçesiniň ene-atasy bilen söhbetdeş boldy. Ene-atalar harby bölümde esgerleriň egin-eşik, hususan-da harby ädik ýetmezçiligi we ogurlygy, şeýle-de iýmit we derman üpjünçiliginiň pesligi barada gürrüň berdiler.

"Men we adamym dokuz aý öň harby gulluga gaýdan oglumyzy ýaňy-ýakynda ilkinji gezek görmäne bardyk. Biz karantin sebäpli öň oglumyzyň yzyndan gelip bilmändik. Bizi ilki başda oglumyz bilen görüşdirmediler. Adamym oglumyň komandiri bilen duşuşyp, oňa uzakdan gelendigimizi aýdyp, 100 manat bereninden soňra, oglumyzy şol harby bölümiň daşyndan çykman, iki sagat görmäge rugsat berdiler" diýip, maryly ene belledi.

Azatlyk howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ene-atalaryň şahsyýetini aýan edip biljek maglumatlary äşgär etmekden saklanýar.

Esger enesi ogluny türkmen goşunynyň hataryna ugradanynda onuň ak we daýaw ýigit bolandygyny, ýöne ony harby bölümde göreninde başda tanamandygyny hem aýtdy.

"Oglumyzy görenimizde ony ilkibada tanamadyk, gaty horlanypdyr we garalypdyr. Onuň egin-eşikleri we köwşi hem gaty könedi. Biz oglumyzyň ýagdaýy bilen gyzyklansak, onda ol başda 'hemme zat gowy' diýip jogap berdi. Soňra men ýuwaşlyk bilen 'gerek zadyň barmy?' diýip soranymda, ol 'hawa, harby ädik alyp beräýiň. Ol Ýolöteniň bazarynda satylýandyr' diýdi" diýip, ene gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ogly munuň sebäplerini harby bölümde esgerleriň egin-eşikleriniň, şol sanda ädikleriniň ýetmezçiligi we ogurlygy bilen düşündirýär.

"Harby bölümde ädigiňi kelläň aşagyna goýup ýatmasaň, ony ogurlap, gurluşyk işçilerine 50-60 manatdan satýarlar. Eşiklerimizi täzelär ýaly harby bölümiň eşik ammarynda eşik hem ýok. Berlen eşikler bilen oňňut etmeli. Kimiň eşigi köne bolsa, şol irki gelen esger bolýar. Basym boşamaly esgerleriň eşikleri has köne bolýar. Sebäbi olar harby gullugyň başyndan bäri şol bir geýim bilen oňňut etmeli bolýarlar" diýip, ene oglunyň sözlerini sitirledi.

Esger enesi oglunyň sözlerine salgylanyp, harby bölümde esgerleriň iýmit we derman üpjünçilik ýagdaýynyň pesligi barada hem gürrüň berdi.

"Oglum 'Naharymyz, sadagaň bolaýyn, gaty ýaramaz. Öýlän suw bilen kelem, agşam ýene çorba, suw we ýeralma berýärler. Haçandan bäri ýagly nahar iýmedik. Esgerler syrkawlan halatynda derman üpjünçiligi hem örän pes. Ýolbaşçylar "sen sag, aldama' diýip, derman bermeýärler. Şonuň üçin "Analgin", "Aspirin" ýaly elýeterli dermanlary alyp beräýiň' diýdi" diýip, maryly ene aýtdy.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan başga bir enäniň gürrüň bermegine görä, onuň ogly Ýolötene geçirilmezden ozal, başga-da iki harby bölümde gulluk geçipdir.

Ene esger ogluna salgylanyp, türkmen goşunynyň “gözgyny geýim-gejim, iýmit we saglyk ýagdaýynyň” diňe Ýolötendäki däl, eýse ozalky harby bölümlerde hem höküm sürýändigini aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak üçin Ýolöteniň harby bölümi bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 24-nji awgustda telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde ýurduň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda gulluk edýän harby gullukçylaryň durmuş üpjünçilik ýagdaýynyň örän ýokarydygy barada yzygiderli habar berilýär.

Ýöne türkmen goşunynda para-berim, iýmit, egin-eşik, derman ýetmezçiligi, ýaşaýyş şertleriň agyrlygy, ýaşlaryň urlup-ýenjilmegi, dürli zorluklara we kemsitmelere sezewar edilmegi, käte olaryň ölümi we ýaralanmagy ýaly wakalar barada Azatlygyň habarçylary we garaşsyz neşirler ýyllarboýy habar berip gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri bu wakalary aç-açan boýun alyp, resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG