Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda çagalaryny harby gullukdan alyp galmak isleýänleriň köpelmegi 'para-berimiň' möwjemegine getirdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda häzir harby gulluga çagyryş möwsümi dowam edýär. Şu ýyl Mary welaýatynda degişli resmilere para berip, öz çagalaryny harby gullukdan alyp galmakçy bolýan adamlaryň sany geçen ýyldaka garanda iki esse artdy. Bu ýagdaý çagyryş boýunça harby gullugyň töweregindäki para-berimiň hem möwjemegine getirdi. Bu barada welaýatyň harby bölüminiň bir işgäri anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

"Şu günler telekeçiler we gurply maşgalalar öz çagalaryny harby gullukdan alyp galmak üçin ilki alty aýlyk resminamany bermegi soraýarlar. Alty aýlyk gullukdan galmak üçin 600 dollar aralygynda pul soralýar. Her bir aýyna 100 dollar urulýar, eger-de "Ýok bolanok" diýseň, onda mundan hem köpräk hödür edýänler bar. Muňa çagalaryny harby gullukdan alyp galmak isleýänleriň köpelmegi sebäp bolýar" diýip, harby bölümiň işgäri aýtdy.

Onuň sözlerine görä, erkek raýatlary harby gullukdan doly alyp galmak üçin paranyň möçberi 50 müňden 60 müň manada çenli ýetýär. Bu Merkezi bankyň nyrhy boýunça 14000-17000 dollara barabar.

Şu günler Türkmenistanda çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan we ýaşy 27-ä çenli bolan erkek raýatlar oktýabr-dekabr aralygynda mejbury harby gulluga alynýar.

Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, soňky ýyllarda ene-atalaryň arasynda harby gulluk wagtynda ogullarynyň ykbaly we saglygy barada aladalar artýar. Harby gulluk üçin kadaly şertleriň bolmazlygy, azyk ýetmezçiligi, zerur lukmançylyk kömeginiň bolmazlygy, janyna we saglygyna döreýän howplar we kemsitmeler köpleri öz çagalaryny harby gullukdan gaçyrmak üçin mümkinçilik gözlemäge mejbur edýär.

Şeýle-de, köp ene-atalar çagalaryny Owganystan we Eýran bilen serhet ýakasyndaky goşun bölümlerine ibermekden gorkýarlar. Geçmişde türkmen-owgan serhedinde atyşyklar we harbylaryň ölümi barada yzygiderli habar berlipdi.

Harby bölümiň işgäriniň bellemegine görä, öz ogluny, inisini ýa ýakyn garyndaşyny harby gullukdan alyp galmak ýa-da Marydaky harby bölüme ýerleşdirmek isleýänleriň arasynda kanun goraýjy edaralaryň işgärleri hem bar.

"Olar "arkaýyn boluň, etmelisini ederis. Bize-de edýärler" diýip, para hödürlemegiň bir görnüşini ulanýarlar. Olar "Bize serhet ýaka gerek däl. Iň gowusy gullukdan alyp galmak, ýöne gullugyny edýän ýaly edip görkezmek" diýýärler. "Gaty bolmajak bolsa, onda 1001-nji harby bölüme düşürip beräýiň" diýip soraýarlar" diýip, işgär aýtdy.

Onuň sözlerine görä, prezidentiň kakasy M.Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüm ýurtda "iň howpsuz" harby bölümleriň biri hasaplanýar. Bu bölüme düşen ýaş esgerler 5-6 aýdan soň welaýatlardaky harby bölümlere paýlanýar.

"Ana, şonda "dogry adamy" görseň, esgeri öz welaýatyňda hem gulluk etdirip bolýar. Hatda öz welaýatyňdaky 1001-nji harby bölümiň komandiri bilen "ylalaşyp" bilseň, onda öýüňde hem gulluk etdirip bolýar. Şonda "bir kemsiz gulluk etdi" diýip harby biledi we "gaty wepaly gullukçy" diýip häsiýetnamany hem alyp bolýar" diýip, ol belledi.

Şol bir wagtda, harby bölümiň işgäri ýönekeý raýatlar üçin şeýle mümkinçiligiň ýokdugyny, para bermäge maliýe serişdesi bolmadyk adamlaryň çagalarynyň ýurduň islendik ýerindäki harby bölümlere, köplenç serhet ýakalaryna ugradylýandygyny hem aýdýar.

"Bu raýatlar özleriniň sagat däl çagalarynyň ýarawsyzdygyny hem tassykladyp bilmeýärler. Sebäbi lukmanlaryň köpüsi para berilmese, erkek raýat ýarawsyz bolsa-da, onuň ýarawsyzlygyny tassyklamaýar. Şeýlelik-de, gözi çala kemliler, aýak agyrlylar we şuňa meňzeşler hem harby gulluga äkidilýär. Hakykatda bular gullukdan boşadylmaly" diýip, harby bölümiň işgäri belledi.

Onuň aýtmagyna görä, adamysy ýogalan käbir aýallar ýeke oglunyň bardygyny we maşgalanyň eklenjiniň doly oňa garaşlydygyny aýdyp, ony harby gullukdan alyp galmak üçin kömek etmegi haýyş edýärler. Ýöne olaryň haýyşy köplenç oňyn netije tapmaýar.

"Şeýle haýyş bilen ýüzlenýän aýal maşgalalaryň sany sajagy ýok. Her güni ençeme adam gelýär. Häzir ähli pudakda para ýöreýär. Muny köp adam "biznes" diýip atlandyrýar" diýip, harby bölümiň işgäri sözüni jemledi.

Azatlyk beýan edilen ýagdaýlar barada Mary şäherindäki harby bölümden goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 23-nji noýabrda eden yzygiderli synanyşygy netije bermedi.

Azatlygyň habarçylary we garaşsyz metbugat çeşmeleri Türkmenistanyň ýaragly güýçlerindäki para-berim, harby gulluk wagtynda ýaşlaryň urlup ýenjilmegi, dürli zorluklara we kemsitmelere sezewar bolmagy, ýaşlaryň ölümi we ýaralanmagy ýaly wakalar barada yzygiderli habar berýärler.

Türkmen hökümeti şeýle habarlary resmi taýdan kommentirlemeýär, goşundaky problemalary düýpden agzamaýar. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 3-nji noýabrda geçiren mejlisinde ýurduň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda gulluk edýän harby gullukçylaryň durmuş üpjünçilik ýagdaýynyň örän ýokarydygy tekrarlandy.

Türkmenistanda harby gulluga çagyryş ýylda iki gezek 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli we 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli amala aşyrylýar. Harby gulluk hökmany hasaplanýar, şertnamalaýyn harby gulluk we alternatiw gulluk ýurt raýatlary üçin göz öňünde tutulmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG