Ol öz oglunyň harby gullukdan juda hor ýagdaýda dolanandygyny, gulluk döwründe bolsa harby bölümde iýmit ýetmezçiliginden ejir çeken oglunyň saglyk ýagdaýyna seretdirmek üçin hem oňa özleriniň pul ibermäge mejbur bolandyklaryny aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynyň obalarynyň birinde iki gün ozal ogly harby gullukdan dolanan bir oba ýaşaýjysyndan interwýu aldy. Azatlyk howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli daýhan birleşigiň adyny we ýerli ýaşaýjynyň şahsyýetini aýan edip biljek beýleki maglumatlary äşgär etmekden saklanýar.
Esger enesi ogluny türkmen goşunynyň hataryna ugradanynda onuň daýaw ýigit bolandygyny, ýöne onuň gullukdan “çöpe dönüp”, yza gaýdyp gelendigini aýdýar.
“Oglum iki gün mundan ozal, iki gullukdaşy bilen harby gullukdan öýe gaýdyp geleninde, biziň öýümizde diňe bir sany tegelek çöregimiz bardy. Oglumyň gullukdaşlaryna hödür-kerem eder ýaly, biziň öýde çörekden başga zat ýokdy. Kakasy oglumy görüp durup bilmedi, gözüne ýaş tegeledi. Men hem çydap bilmedim. Agladym. Biz onuň horlanyp, çöpe dönüp gelenine begenjegimizi hem bilmedik, gynanjagymyzy hem bilmedik” diýip, esger enesi gürrüň berýär.
“Gullukdaşlary kän eglenmän, ‘gözüňiz aýdyň” diýip gitdiler. Onuň gullukdaşlary hem edil oglum ýaly gaty hor ekeni. Ogluňy gulluga daýaw ýigit hökmünde iberseň, ol hem gullukdan ‘iňňä sapaýmaly’ bolup gelse, biz başgaça pikir edip bilerismi: gullukda hökümet ogluňy aç saklajak bolsa, ine-gana iýjek çöregini berip bilmejek bolsa, esger syrkawlasa ýene ene-ata oňa pul iberip, derman satyn alyp berjek bolsa, onda harby gulluk nämä gerek!?” diýip, esger enesi aýtdy.
Öňki esger Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän bir harby bölümde gulluk borjuny ýerine ýetiripdir.
“Gullukda wagty bir gezek hem yzyndan baryp görmedik. Sebäbi karantin sebäpli ýollar ýapyldy. Mary-Aşgabat aralygyndaky otly gatnawy kesildi. Taksiler bolsa ýoluň diňe bir tarapyna bir adam üçin 500-600 manat baha kesdi” diýip, öňki esgeriň hossary gürrüň berýär.
Ol onça pul tölemäge özleriniň gurbunyň çatmandygyny aýdýar.
Maşgala pulsuzlykdan kösenýän mahaly, harby gulluga giden esger ýigit her aý yzly-yzyna jaň edip, “eje men aç”, “şu telefon belgä pul geçirip beräýiň” diýip, ene-atasyndan haraý sorap başlaýar.
Esger enesi oglunyň sözlerine salgylanyp, harby bölümlerde esgerleriň iýmit üpjünçilik ýagdaýynyň pes bolandygyny gürrüň berýär.
“Biz barja pulumyzy onuň aýdýan telefon belgisine geçirjek bolardyk” diýip, ene ýene gürrüňe dowam edýär.
Soň aradan bir ýyl dagy geçenden soň, esger ýigit ejesine jaň edip, özüniň “içiniň geçýändigini” ýarawsyzlaşandygyny aýdýar we ýene pul kömegini soraýar.
“Ýaramajak bolýan, derman hem kömek edenok, ýokanç keseller bölümine ýerleşdirjek bolýarlar. Ýene biraz pul gerek bolar” diýip, esger ýigit ene-atasyndan pul sorapdyr.
Esgeriň kakasy işdeşlerinden 400 manat pul karz alyp, esger ogluna ýene pul iberipdir.
Soňra ene-ata öz ogullarynyň jan-saglygyndan alada edip, gaýga çümýär. Bir aý töweregi esgerden habar-hatyr bolmandyr, ýöne soňra esger gaýtadan jaň edip, özüniň saglyk ýagdaýynyň gowulaşandygyny aýdypdyr.
“Biz arkaýynlaşdyk we oglumyza bäriniň ýagdaýyny düşündirdik. Häzir döwrüň gaty kyndygyny, özümiziň hem arzan satylýan harytlar bilen iýmitlenýändigimizi we paýok undan çörek bişirýändigimizi, biziň öz günümiziň hem gaty öwrelik däldigini gürrüň berdik. Şondan soň oglumyz bir gezek hem öýe jaň etmedi” diýip, ene aýdýar.
“Oglum iki gün ozal gullukdan dolanyp geleninde, biz ony, ilki, tanamadyk. Ol gaty horlanypdyr. Süňk bilen ham bolup geldi” diýip, öňki esgeriň enesi gürrüň berýär.
Ol öz ýaşaýan obalarynda diňe özleriniň däl, eýsem, hemmeleriň garyplaşandygyny, beýleki obalarda-da ýagdaýyň şeýledigini gürrüň berýär.
Gullukdan boşan ýigit iki gün soň, iş gözläp ýene Ahal iline dolanypdyr.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi 3-nji noýabrda geçiren mejlisinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda gulluk edýän harby gullukçylaryň durmuş üpjünçilik ýagdaýynyň örän ýokarydygyny aýtdy. Bu barada TDH habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.