Etrap häkimiýetleri döwlet işgärlerinden telefonlaryndaky jaň sesine öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdymlaryny goýmagy talap edýär. Şeýle-de, döwletden aýlyk alýan býujet işgärleri öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň elektron kitaplaryny öz telefonlaryna indirmeli edilýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynyň Farap etrabyndan habar berdi.
Häkimiýetler Farabyň etrap bilim we medeniýet bölümlerinde býujet işgärleri bilen ýygnak geçirip, täze talaplaryny beýan edýärler.
“El telefonlaryna jaň gelende eşidilýän sese diňe uly Berdimuhamedowyň aýdymlaryny goýmaly etdiler” diýip, bir lebaply býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň ýurda ýolbaşçylyk eden döwründe birnäçe aýdym ýerine ýetirdi.
Ýerli häkimiýetler özleriniň täze talaplaryny 2022-nji ýylyň Türkmenistanda “Halkyň Arkadagly zamanasy” yglan edilmegi bilen düşündirýärler. Ýylyň şygaryny ýurduň ‘erksiz’ Mejlisi geçen ýylyň ahyrynda kabul etdi.
Türkmen resmileri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny Arkadag diýip tutýar.
“Halkyň Arkadagly zamanasy ady bilen geçýän ýylda adamlaryň gündelik ulanýan el telefonlarynda hem-de maşgalasynda Arkadagyň ýazandygy aýdylýan kitaplar hökman bolmaly edildi” diýip, lebaply býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Häkimiýetler bu talaplary raýatlaryň borjy hökmünde düşündirýärler.
“[Bu talaplar] hususan-da döwletden aýlyk alýan raýatlaryň raýatlyk borjy, hatda parzdyr” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy häkimiýet wekilleriniň sözlerini sitirleýär.
Türkmenistanda dowam edýän ýylyň “Arkadagly zamana” atlandyrylmagy bilen öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň wagzy has-da güýçlendi.
Täze ýyla gadam basylmagynyň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynda häkimiýetleriň býujet işgärlerinden prezidentiň portretlerini öz öýleriniň iň hormatlanýan ýerinde asmagy talap edýändiklerini habar berdi. Şeýle-de, ýanwaryň başynda býujet işgärlerinden Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazandygy aýdylýan azyndan 10 goşgyny ýat tutmak talap edildi.
Azatlygyň habarçysyna görä, Lebap welaýatynda býujet işgärlerinden edilýän täze talaplaryň hatarynda raýatlardan Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazandygy aýdylýan kitaplaryň elektron görnüşlerini öz mobil telefonlaryna indirmegi talap etmek göz öňünde tutulýar.
“El telefonlary adam durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, şonuň üçin öňki ýolbaşçynyň kitaplarynyň sanly görnüşlerini Internet toruna ýerleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu işler tamamlanandan soňra ähli döwlet işgärleriniň el telefonlarynda arkadagyň kitaplary hökman bolmaly” diýip, býujet işgärleri aýdýarlar.
Türkmenistanyň ilaty, hususan-da döwlet edaralarynda zähmet çekýän býujet işgärleri otuz ýyl bäri döwlet baştutanlarynyň şahsyýet kultyny ösdürmäge goşant goşmaga köpçülikleýin mejbur edilýärler.
Iki hepde gowrak mundan ozal, giň ýaýran saýlaw düzgün bozmalarynyň arasynda geçirilen prezident saýlawlarynda ýurtda iň ýokary döwlet wezipesi öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowa geçirildi.
Serdar Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmeginden soňra geçirilen köpçülik çäreleri, köplere görä, repressiw döwlet syýasatynyň üýtgewsiz dowam etjekdigine yşarat etdi.
Erksiz Mejlisiň “Arkadagly zamana” yglan eden ýylynda medeniýet we sungat işgärleri täze prezidenti “Arkadagly serdar” atlandyrdy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde “serdar” sözüne aýrybaşga dört düşündiriş berilýär:
“SERDAR [serda:r], at. 1. Uly bolmadyk toparyň serkerdesi, ýolbaşçysy. 2. Jemgyýetçilik hereketine syýasy taýdan ýolbaşçylyk edýän adam, lider. 3. Oglana dakylýan at. 4. Balkan welaýatynda bir etrap; şäher ady”
Täze prezidentiň wezipä girişmeginiň yz ýany, onuň hem wagzy ýurt boýunça ýaýbaňlandy. Edara-kärhanalarda prezidentiň portretleri täzelenýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Maryda hususy taksi sürüjilerinden öz hususy awtoulaglaryna Serdar Berdimuhamedowyň portret suratyny asmagyň talap edilýändigini habar berýärler.
Ynsan hukuklaryny gödek kemsitmekde tankyt edilýän türkmen hökümeti soňky birnäçe ýyl bäri garaşsyzlyk taryhynyň iň ýiti ykdysady kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ykdysady krizis halk üçin durmuş kynçylyklaryny öz ýany bilen getirdi, ýurtda azyk howpsuzlygynyň ýagdaýy ýaramazlaşdy. Ilatyň aglaba bölegi köplenç subsidirlenen azyk önümlerine garaşly galdy.
Şeýle kynçylyklaryň fonunda synçylar ýurduň syýasy, ykdysady, medeni we sosial giňişliginde hiç hili özgeriş alamatlarynyň göze ilmeýändigini aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.