Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramçylykdan öň arakhorlar ýygnalýar, sütem çagalaryň gözüniň öňünde edilýär


Aşgabat polisiýasy tertip-düzgüne berk gözgeçilik edýär. Arhiw suraty
Aşgabat polisiýasy tertip-düzgüne berk gözgeçilik edýär. Arhiw suraty

Türkmenistanyň sebitlerinde ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlygyň çäginde bir tarapdan býujet edaralarynyň işgärlerinden pul ýygnalyp, maşgala býujetlerine el garylsa, ikinji tarapdan, asudalygy üpjün etmek bahanasy bilen, alkogolly içgilere garaşly raýatlaryň maşgalalarynyň hem aladasy köpeldilýär. Öýlerinde oturan adamlary zor bilen ýygnap, döwlet edaralarynda her hili agyr sütemlere sezewar edýärler, maşgalalaryň ozalam ýeňil bolmadyk durmuşyny agraldýalar diýip, ýerli habarçylar habar berýär.

Azatlygyň redaksiýasyna altynjy gün gowşan maglumata görä, bäşinji gün Lebapda alkogolly içgilere garaşly hasaplanýan raýatlary ýygnamaga başladylar.

“Etrap ýerlerinden ýygnalan “alkogolik raýatlary” Türkmebada getirip, wagtlaýyn tussaghanada ýerleşdirdiler. Olaryň azyndan bäş gün saklanjagy aýdylýar” diýip, ýurduň gündogar merkezindäki habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, baýramçylyk döwründe asudalygy saklamak maksady bilen, Farap etrabynda hem onlarça adam öýlerinden alnyp gaýdyldy. Olary deslapky tussaghanada ýerleşdirdiler.

Ýerli synçylar araga we beýleki neşeli maddalara garaşly adamlaryň häkimiýetler tarapyndan ýygnalmakdan, wagtlaýyn tussag edilmekden gaty gorkýandyklaryny, sebäbi olara saklanan ýerlerinde örän ýowuz daralýandygyny gürrüň berýärler.

Farap şäherinde ýaşaýan Artyk atly arakhor bäşinji gün, ýerli polisiýa bölüminiň ofiseri öýüne gelende, onuň bilen gitmejek bolup, wena damaryny kesipdir diýip, habarçy aýtdy.

Artyk özüne agyr şikes ýetiripdir, maşgalasy ony hassahanada bejertmek üçin esli çykdajy etmeli boldy. Adamlar ozalam zordan güzeran aýlaýarlar, häkimiýetleriň döredýän goşmaça kynçylygy hem üstesine diýip, ejir çekeniň habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen tanşy aýtdy.

Ýaşaýjylar ýerli polisiýa ofiserleriniň, jenaýat agtaryş işgärleriniň alkogolly içgilere garaşly adamlara juda ýowuz, rehimsiz daraýandyklaryny gürrüň berýärler.

Aýry-aýrylykda gürleşilen arakhorlaryň tassyklamagyna görä, saklanan raýatlaryň rezin taýak bilen ýenjilmegi, basyş astynda we aç-suwsuz saklanmagy tasdan adaty zat hasaplanýar.

Bu ýagdaý, habarçynyň öz çeşmelerine salgylanyp aýtmagyna görä, Lebapda soňky bäş ýylda onlarça adamyň öz janyna kast etmegine sebäp bolupdyr.

Ýöne bu hili maglumatlar Türkmenistanda çap edilmeýär we jenaýatçylyk ýagdaýlary baradaky soraglara açyk jogap alyp bolmaýar.

Ýerli hünärmeniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, Türkmenistanda adamlara arak goýdurylýan merkezlerde edilýän zulum-sütemlere “çydar ýaly däl”, olara näsag hökmünde däl-de, jenaýatçy hökmünde garamak we çemeleşmek saklanyp galýar.

“Alkogolly içgilere garaşly adamlary dünýä tejribeleri esasynda bejermegi ýola goýmaly, bu hem olaryň özlerine, hem maşgala agzalaryna, çagalaryna kömek bolardy. Häzir arak goýdurylýan merkezlerde ýogalýan adamlara gerekmejek adam hökmünde garaýan az däl, emma olaram adam, biriniň ogly, dogany, adamsy ýa kakasy. Häkimiýetler arakhorlara adam ýaly garamaly, olary jemgyýete gaýtadan goşjak bolmaly” diýip, faraply psiholog Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

“Polisiýa ofiserleri özleri bilen gitmejek bolýan arakhorlary çagalarynyň gözüniň alnynda, el-aýagyny daňyp, ýarak iti äkidýän ýaly, kapasa salyp alyp gidýärler; bu ýaş çagalaryň psihologiýasyna erbet täsir edýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Lebapda baýramçylyklardan öň arakhorlary ýygnamak çäresi Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli dört ýüze golaý tussagyň günäsiniň geçilen wagtyna gabat geldi.

Türkmenistan dünýäde ilatynyň jan başyna düşýän tussaglarynyň köplügi boýunça öňdäki hatarlarda durýar. Mundan başga, türkmen türmelerinden boşadylýanlaryň eden etmişlerine ýürekden ökünip, ak ýürekden toba eden adamlardygy aýdylýar.

Ozalky tussaglaryň birnäçesiniň Azatlyga gürrüň bermegine görä, soňky onýyllyklarda türkmen türmesinden geçen adamlaryň köpüsinden ilki özlerine ýöňkelen islendik günäni boýun almak we soňra günäsiniň geçilmegini soramak talap edilýär. Bu talaplary ýerine ýetirmek-de, ýetirmezlik hem maşgala býujetinde agyr yz galdyrýar diýip, Azatlygyň hukuk goraýjy edaralara ýakyn çeşmesi aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG