Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Baýramçylygyň öňüsyrasyndaky “arassalaýyş”


Aşgabatda howpsuzlyk işgärlerini esasan paýtagt ýazgysy bolmadyk türkmenistanlylar gyzyklandyrýar.
Aşgabatda howpsuzlyk işgärlerini esasan paýtagt ýazgysy bolmadyk türkmenistanlylar gyzyklandyrýar.

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň öňüsyrasy, Aşgabatda howpsuzlyk çäreleri göz-görtele güýçlendirilip, hasapda duran neşekeşler we arakhorlar paýtagtyň daşyna çykarylyp başlandy.

Häzir 27-nji oktýabrda geçmeli dabara bilen baglylykda, paýtagtyň köçelerinde aýlanyp ýören polisiýanyň we eli rasiýaly raýat eşigindäki howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleriniň sanynyň artandygyny synlasa bolýar.

Howpsuzlyk işgärlerini esasan paýtagt ýazgysy bolmadyk we agşam sagat dokuzdan soň daşarda gezip ýören türkmenistanlylar gyzyklandyrýar.

“Men Aşgabada saglygyma seretdirmäge gelipdim. Ýolda polisiýanyň işgärleri saklap, ilki pasportymy, soňra-da bejergi üçin ýollama haty soradylar. Soňky kagyzyň ýoklugy sebäpli, meni başda golaýdaky polisiýa bölümine äkitdiler, soňra-da gijeki otly bilen yzyma ugratdylar” diýip, daşoguzly 60 ýaşlaryndaky Anwar aga şu sişenbe güni başdan geçenlerini gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, Aşgabadyň gurluşyk obýektlerinde zähmet çekýän welaýatlylaryň hem paýtagty terk etmelidikleri barada ýörite görkezme berlipdir.

Marydan gelip Aşgabatda gurluşykçy bolup işleýän Ata şeýle gürrüň berdi: “Bize garaşsyzlyk baýramyna bir hepde galýança Aşgabatdan çykmalydygymyz tabşyryldy. Biziň iki aýlygymyz hem berilmedi. ‘Gerek wagty özümiz jaň ederis’ diýip, yzymyza ugratdylar”.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, mundan laýyk bir ýyl ozal, ýagny garaşsyzlyk baýramyna görülýän howpsuzlyk çäreleriň çäginde, welaýat belgili ulaglaryň Aşgabada girmegi gadagan edilipdi. Şol pursat munuň wagtlaýyn çäredigi aýdylsa-da, bu gadagançylyk häli-bu güne çenli-de dowam edýär.

Aşgabatda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi bilen birlikde, gije sagat dokuzdan soň paýtagtyň köçelerinde gezip ýörenler hem howpsuzlyk gulluklarynyň barlagyna sezewar bolýarlar.

Aşgabatly Ylýasyň Azatlyk Radiosyna iberen maglumatyna görä, ol giç agşam dostlary bilen öýüniň öňünde oturan pursady polisiýanyň iki işgäri gelip, dokumentleriniň ýokdugy sebäpli ýerli polisiýa bölümine äkidilendiklerini gürrüň berdi.

Munuň bilen birlikde, Aşgabatda öňden hasapda alnan neşekeşleriň we arakhorlaryň hem häzir welaýatlardaky mejbury bejergi merkezlerine ugradylýandyklaryna üns çekilýär.

“Häzir hasapda duran neşekeşler we arakkeşler Daşoguzdaky, Tejendäki we Akdaşdaky mejbury bejeriş merkezlerine ugradýarlar. Olaryň käbirleri ol ýerlerde öň hem oturyp çykan bolsalar-da ýaňadandan ugradylýar” diýip, özüniň atlandyrylmasyzlygyny soran Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň biri gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, Türkmenistan barada maglumatlary çap edýän “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri hem häzir Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasy howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigine ünsi çekip, polisiýa işgärleriniň her bir tutup getiren adamy üçin, 125 manat möçberinde puluň hem berilýändigini habar berýär. Bu maglumaty Azatlyk Radiosyna beýleki çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.

Galyberse-de, häzirki garaşsyzlyk baýramynyň 25 ýyllygyna görülýän bular ýaly ýokary derejedäki howpsuzlyk çäreleri ýylyň-ýylyna her bir uly baýramçylygyň öňüsyrasynda geçirilýär. Döwlet mediasynda bu çäreleriň maksady, umuman, olar barada kelam agyz söz aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG