Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda neşekeş azalyp, arakhor köpelýar


Içgili bir adam
Içgili bir adam
Öňki döwürlerde neşe belasynyň toruna düşen ildeşlerimiziň käbirleriniň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda şäherdir oba ýerlerde neşe söwdasyny edýänleriň sany ganymat kemelipdir. Şol sebäpdenem «girri» ýa-da «akja» atlary bilen tanalýan geroiniň, «garaja» ýa-da «çernuşka» ady bilen belli bolan tirýegiň bir çekimligini tapyp satyn almak gaty çylşyrymlaşypdyr.

Ynha bu barada bir daşoguzly öňki neşekeşiň aýdan zatlary: “Öňküje alýan nokatlarymyz-a tutuşlygyna diýlen ýaly ýapyldy, neşe söwdasyny edýänleri bolsa organ işgärleri ýygnadylar, üstesine-de bir çekerlik dozaň bahasy keýigiň şahyna çykdy. Indi bolsa men ýaly ‘derman’ tapyp bilmäni ýörenler ýagdaýdan çykalga gözläp, arakdyr çakyr içip başladylar” diýip, Daşoguz şäheriniň öňki döwürlerde Zapadnyý, soňra Kamiljan Atanyýazowyň adyny göteren, häzir bolsa Galkynyş köçesiniň ugrundaky hususy ýaşaýyş jaýlaryň birinde ýaşaýan, 36 ýaşly Mahmytjan aýdýar.

Mahmytjanyň sözlerine görä, türkmen çakyrlary bahasy boýunça arakdan gymmat durýar, şonuň üçin öňki neşekeşleriň aglabasy diýen ýaly araga, onda-da aragyň arzan hiline geçipdirler. Ýerli ilatyň arasynda arzan aragyň ady «endir arak», başgaça aýdanyňda ýasama arak diýip tutulýar, onuň ýarym litirniň bahasy 3-3,5 manadan geçmeýar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, oňat hilli aragyň bir çüýşesiniň bahasy 6-7 manatdan kem duranok.

“Endir aragyň hili pes, ondaky alkogolyň güýji 40 gradus bolmalysyndan gaty az, şonuň üçin ýasama aragy içeniňden soň özüňi erbet duýýaň, ertesi güni kelläň agyrydan ýaňa ýarylara gelýär, agzyň bolsa aňkap-porsap durandyr” diýip, öten agşam aşa köp içilen ýasama arakdan soň ýüzi-gözi çişip giden Mahmutjan öňki neşekeşleriň häzirki ýagdaýyny düşündirýar.

Isleg teklibi döredýär

Ýasama araga bolan isleg Daşoguz şäherinde-de, welaýatyň etraplarynda-da gaty uly. Munuň sebäbini ýerli bilermenler ilatyň aglaba böleginiň töleg babatda ukypsyzdygy bilen düşündirýarler. Arzan ýasama aragy diňe öňki neşekeşler däl, eýsem gün-güzeranyny zordan dolandyrýan adamlaryň hemmesi satyn alýar.

“Daşoguz habarlary” ady bilen hepdede üç gezek neşir edilýan welaýat gazetiniň redaksiýasynda habarçy bolup işleýan, öz adynyň tutulmazlygyny haýyş eden söhbetdeşimiň aýtmagyna görä, ýasama aragy öý şertlerinde öndurmeklik, “endir” aragy satmaklyk bilen meşgul bolýanlar üçin bir tarapdan ummasyz köp girdeji getirse, beýleki tarapdan bolsa ol aragy içgi ornunda ulanýan adamlaryň jan-saglygyna öwezini dolup bolmajak zyýan getirýar.

“Meni welaýatda tanaýan köp, şol sebäpdenem köpler özüniň toý-märekesine çagyryar. Toýlarda, oturşmadyr söwüslerde bolsa orta hökman arak we beýleki alkogolly icgiler goýulýar. Köp toýlarda myhmanlara hödürlenen arak pes hilli bolýar, ol aragy içip keselhanaň reanimasiýa bölümine düşenlerem seýrek däl, bagryny zaýalanam köpelip barýar. Meniň özüm-a ol zakkuny agzyma alamok, emma olar ýaly ýasama aragy içip heläk bolanlaryň az däldigine ençeme sapar gözli şaýat boldum” diýip, adynyň tutulmagyny islemedik ýerli jurnalist aýdýar.

Onuň pikiriçe, ýasama araga we beýleki azyk önümlerine, hili pes emma bahasy arzan bolan senagat harytlaryna bolan isleg ýylyň-ýylyna artyp barýar, bu bolsa öz gezeginde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesinden habar berýar.

“Gymmat bahaly alkogolly içgileri satyn alyp toýlarda-märekelerde orta çykarýanlaryň umumy sany ilatyň 18-25 göterimi tutýan bolsa, ilatyň galan 75 göterimi mydama arzan zadyň gözleginde” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Arakhorlaryň hataryna geçen Mahmytjanyň aytmagyna görä, şu günki günde arzan bahaly ýasama aragy Daşogzuň «Baý bazar», «Nygmat bazar», «Şor bazar» ýaly uly bazarlarynda, jaý toplumlaryň arasynda ýerlejen kiçi bazarjyklarda, döwlete degişli bolan söwda merkezlerinde, hususy kommersiýa dukanlarynda we kabir raýatlaryň ýaşaýan öýlerinde gije-gündiziň dowamynda arkaýyn satyn alyp bolýar.

Şüdügärde balyk neýlesin...

Ýasama araklar we beýleki azyk harytlar hakynda gürrüň gozgalanda ilki bilen il arasynda “bir emmasy bolmasa şüdügärde balyk neýlesin” diýen pähim ýadyňa düşýär. Dogrudanam geň galmaly ýagdaý.

Güýçli alkogolly içgileriň ähli önümçilik kuwwatlyklary döwlet eýeçiliginde we spirtiň dolanşygy hökümetiň doly monopoliýasynda mahaly, ol önümleriň hiline, satylşyna döwlet edaralary tarapyndan pugta gözegçilige alynan halatynda ýerli bazarlara we hususy dukanlara ýasama aragyň erkin satylmagy bolup bilmejek zat ýaly bolup görünýär.

Emma beýle zatlar häzirki durmuşda, gynansakda, bolup dur.

Ýerli jurnalist ýasama aragyň bazarlarda giňden ýaýramagynda, ilat arasynda arakhorlaryň köpelmeginde köp emeldarlaryň gönüden-göni günäsiniň bardygyny aýdýar. “Eger döwlete degişli arak-çakyr kärhanalarynda, söwda ministrligiň düzümindäki edaralarda, hukuk goraýjy we sanitariýa gulluklarynda gözegçilik, tertip-düzgun güýçli bolanlygynda, ýasama aragy öýlerinde bejerip, ilaty zäherläp ýörenleriň sany, belki, beýle köpelmezdi” diýip, ol öz pikirini aýdýar.

Öň neşe ulanan, häzirki wagtda bolsa arak içýänleriň “goşunyna” goşulan daşoguzly Mahmytjany häzirki ýagday doly kanaganlandyrýar.

“Oňaranyň ogly bolsun, arak näçe arzan bolsa diňe meniň üçin däl, eýsem müňlerçe garyplykda ýaşaýanlar üçinem amatly. Eger tertip-düzgün güýçlenip ýasama aragy ýok etseler, onda men ýalylar näme etmeli, ölmelimi?” diýip, Mahmytjan soragyny keserdip jogaba garaşýar.

Kerim Artykow – türkmenistanly jurnalistiň, ýerli synçynyň edebi lakamy.
XS
SM
MD
LG