Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Neşekeşler arakhorlara öwrülýär


Olaryň gohuny irden hem, günortan hem, agşam hem eşidip bolýar. Olar içip-içip, lül-gammar halda biri-biri bilen sögüşýärler. Öz öýleriniň deňinden kowmak isleýän öý eýelerine-de ýaşuly-ýaşkiçi diýmän, agyzlaryna gelenini sögünýärler.

Neşekeşleriň öz dili bilen aýtsak, olaryň indi «bagty ýatypdyr», sebäbi neşe azalýar. Neşäniň azlygy sebäpli, indi onuň bir çekerliginiň bahasy ýigrimi manada barypdyr. Öň onuň bir çekerliginiň bahasy alty-sekiz manatdy.

Soňky döwür ýurtda neşe maddalarynyň bikanun dokanyşygyna garşy göreşiň güýçlendirilmeginiň netijesinde neşekeşler neşe tapmazlykdan juda jebir çekýärler.

«Neşekeşlik hem gowy däl. Bütin öýi tozdurýar. Ýöne arak içenlerinden neşe çekenlerem gowy eken. Neşe çekip gelende, ogullarym sesini çykarman ýatýardy. Indi, neşe tapmazlykdan, olar arakkeşlere öwrüldiler welin, olaryň gohundan, dawasyndan durar ýaly däl. Gepini diňlemesek, olar öýdäkileri gyrjagam. Maňa-da agyzlaryna gelenini sögýärler. Ne arkaýyn iýip-içip bilýäs, ne-de uklap. Men beýle garamaňlaý ekenim» diýip, ýetmiş ýaşy arka atan ene neşe tapman, arakhorlara öwrülen ogullaryndan nalap, gözlerini ýaşlaýar.

Arakhorlara öwrülen neşekeşler dawa gözläp, herki zada ýüz urýarlar. Geçip barýan maşynyň geçmegine päsgelçilik döredýärler. Goňşy-golamyň zadyny ogurlaýarlar, öýlerinde hojalygyň hiç bir işine kömekleşmän ýatýarlar.

Olaryň käsi öz öýüni tapman, aýlanyp ýör. Käsini del adamlar goltugyna girip, öýlerine süýräp salyp gidýärler. Käsi öýüne gelibem dek ýatanok, çem gelen zady döwüp-ýenjip, öýe iş berýär.

Pensioner hossarlardan, işläp gelýän ogul-gyzlardan, doganlardan pul diläp, dawa turuzýarlar. «Şular öläýse, gözýaş hem dökjek däl» diýip, garry eneleriň ýene biri arakhora öwrülen neşekeş ogullaryndan zeýrenýär.

Köpüsiniň içýän spirtli içgisi arzan hilli çakyr önümi bolansoň, neşekeşler serhoşlukdan wagty bilen açylyp bilmeýärler we juda agressiw bolýarlar. Bir tarapdan, ýurtda neşekeşlik ýok edilýän-de bolsa, ýene bir tarapdan şunuň ýaly agressiw arakkeşleriň ýüze çykyp ugraýar. Bu bolsa ilaty aladalandyrýar. Olar ýolda agressiw arakkeşler bilen ýüzbe-ýüz gelmekden howatyrlanýarlar.

Elbetde, soňky döwürde türkmen häkimiýetleri neşekeşligiň soňuna çykmak üçin aýgytly hereketleri edýär. Ýöne ganyna neşe siňip, indem neşe tapman azarlaşyp ýören neşekeşleriň ykbaly näme bolar? Hökümet olaryň-da aladasyny etse gowy boljak. Ýogsa, olaryň haly örän gözgyny. Daň atandan hallanlaşyp, eýýäm içgili halda ili örüzýärler. Jan agyrylaryna çydap bilmän, gygyryşýarlar.

Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG