Türkmen metbugaty prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagdyn jemgyýetiň goragçylaryna professional baýramçylyklary mynasybetli ýazan gutlag hatyny çap etdi.
Gutlagda harby gullukçylara we Jemgyýet sagdynlygynyň howpsuzlygyny goraýan döwlet gullugynyň işgärlerine ýurtda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň we ruhubelentligiň orun almagy meselesinde goşan goşantlary üçin sagbolsun aýdylýar.
Türkmenistanyň Jemgyýet sagdynlygynyň howpsuzlygyny goramak baradaky döwlet gullugy (2012-nji ýylyň awgustyna çenli – Türkmenistanyň neşe maddalaryna garşy göreş baradaky döwlet gullugy) prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 18-nji ýanwaryndaky karary esasynda, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşi ýaýbaňlandyrmak we ýurduň bu meselede halkara jemgyýetçiliginiň öňünde boýun alan borçlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen döredildi.
Türkmenistanda ýylyň dowamynda iki gezek, iýunda we dekabrda, Türkmenistanyň kanun goraýjy gulluklary we harby guramalary bilen bilelikde geçirilen ýörite operasiýalar netijesinde ele salnan neşe maddalary jemgyýetçilige göz edilip, ýakylyp ýok edilýär.
Türkmenistanyň çap eden resmi maglumatlaryna görä, 2007-nji ýylda 1,5 tonna neşe maddasy ýakyldy. Geçen ýylyň iýunynda 232, dekabrynda bolsa 200 kg neşe maddasy otlanyldy.
Eýsem Türkmenistanda jemgyýet sagdynlygy ugrunda alnyp barylýan göreş welaýatlarda nähili netijeleri berýär?
Biz bu barada Lebapdaky habarçymyz Osman Hallyýew bilen söhbetdeş bolduk.