Türkmenistanda dilden berlen görkezme esasynda Aziada geçýänçä alkogolly içgileriň söwdasynyň gadagan edilmegi, Azatlygyň çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna görä, bir hepde içinde arak-şerap önümleriniň “gara bazarynyň” döräp başlamagyna, ozal azalan ýasama araklaryň ýasalmagynyň ýene güýçlenmegine, şonuň bilen bir wagtda-da hili gümürtik içgileriň bahasynyň kesgin gymmatlamagyna getirdi.
Aşatlyk radiosynyň birnäçe çeşmesiniň tassyklamagyna görä, häzir Aşgabatda ozal çüýşesi 15-18 manat aralygynda bolan spirtli içgileriň bahasy 30-40 manatdan geçdi.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri arak-şerap söwdasynyň gadaganlygynyň ozaly bu söwdadan peýda görýän dükanlaryň işine urgy bolandygyny belleýär. Emma Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli synçy bu söwdanyň çäklendirilmegi ozaly spirtli içgilere garaşly adamlaryň maşgala býujetine, içýän erkegiň we onuň aýalynyň, çagalarynyň saglygyna urlan zarba boldy diýen pikiri öňe sürýär.
“Türkmenistan ýene 90-njy ýyllardaky agyr ýagdaýa dolanmasa ýagşy, sebäbi şol döwürde neşe maddalarynyň açyk diýen ýaly satylmagy ortaça 16-30 ýaş aralygynda köp adamyň ölmegine, maşgalalaryň dargamagyna, çaga dogluşynyň derejesiniň kesgin aşak gaçmagyna alyp geldi” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 70 ýaşlaryndaky ýazyjy aýtdy.
Ýatladýarys, Türkmenistanda 1980-nji ýyllaryň aýagyndan 2007-nji ýyla çenli aralykda, öňki prezident S.Nyýazowyň 5 gram tirýeklini tutup-basyp ýörmäň diýen görkezmesi bilen baglylykda, neşe maddalary we neşe gaçakçylygy giň ýaýrady. Şeýle-de ol döwürde neşe bilen tutulyp, uzak möhlet bilen türmä basylanlar yzygiderli amnistiýa düşürildi.
Emma Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçenden soň, neşe gaçakçylygyna we neşekeşlige garşy döwlet derejesinde göreş yglan edildi we ýerli synçylar bu göreşiň netijeli bolandygyny aýdýarlar.
Ýöne synçylar soňra nas, temmäki önümleri bilen bagly girizilen gadaganlyklaryň beýle netijeli bolmandygyny, indi bolsa munuň üstüne arak-şerap gadagnlygynyň hem goşulyp, ýagdaýy has çylşyrymlaşdyrmagynyň mümkindigini belleýärler.
Mysal üçin, birinjiden, IIM-niň 4-nji bölüminiň bir ofiseriniň Azatlyk radiosynyň habarçysyna aýtmagyna görä, temmäki önümlerine girizilen döwlet monopoliýasy uly çilim gaçakçylygynyň döremegine, üstesine, döwlet tarapyndan getirilýän pes hilli çilimiň 80 prosentine golaýynyň hususy dükanlarda satylyp, ýokary wezipeli adamlaryň bikanun baýlyk toplamagyna alyp geldi.
Şeýle-de, adynyň aýdylmazlygyny soran ofiser özleriniň serhetde konfiskasiýa edýän temmäki önümleriniň möçberiniň gaty köpelendigini, emma olaryň degişli ýerlere tabşyrlandan soň doly näme edilýändigini bilmeýändiklerini, ýogsa şol tutulan temmäki önümleriniň hem ilatyň islegini kanagatlandyryp biljekdigini aýtdy.
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak syýasaty astynda çilim we temmäki önümleriniň söwdasynyň çäklendirilmeginiň ýene bir ters netijesi bolsa, olaryň hili bilen bagly diýip, synçylar aýdýarlar. Azatlyk radiosy bilen anonim şertlerde gürleşen aşgabatly çilimkeş soňky bir ýylda çekýän çiliminiň hiliniň pesdigini, emma bahasynyň öňkülerden kän gymmatdygyny we şu ýagdaý sebäpli aýalyndan kän gep eşitmeli bolýandygyny gürrüň berdi.
Şeýle-de çeşmeler nas söwdasyna girizilen gadaganlygyň ters netije berendigini, ýagny bu gadaganlykdan soň nasyň 5-6 esse gymmatlandygyny, nas söwdasynyň arkasyndan bikanun baýlyk toplaýan wezipeli adamlaryň köpelendigini habar berýärler.
Sagdyn durmuş ýörelgeleri babatdaky mejbury çäreleri we gadaganlygy saglyk ekspertleri hem oňlamaýar.
Orsýetli psihologOlga Mahowskaýa adamy sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermäge mejbur etmek çäreleriniň ony “aktiw gizlin durmuşa itekleýändigini” aýdýar.
“Bu hili çäreler hususan-da näsag, prinsipde fiziki agrama tap getirmejek, ýürek keselli, onkologiýa ýa beýleki keselli adamlar üçin aýratyn kemsidiji bolup durýar. Bu usulyň köpler üçin heläkçiliklidigi düşnükli we ol özüniň abstrakt mazmuny bilen baglylykda hiç bir anyk netije bermez. Ýöne ol bu hili paýhassyz kararlary kabul edýän häkimiýet bilen halkyň arasyny welin gürrüňsiz açar, ýagny uzaklaşdyrar” diýip, psihologOlga Mahowskaýa Azatlyk radiosyna aýtdy.
Türkmenistanda toýlarda we baýramlarda alkogolly içgileriň esasy hezzetleriň we tagamlaryň hatarynda durýandygy nazara alynsa, Aziada geçýänçä diýlip dilden girizilen gadaganlyk toý tutýan maşgalalar üçin hem uly alada bolup durýar.
Şonuň bilen wagtda, spirtli içgileriň söwdasyna girizlen näresmi we wagtlaýyn gadaganlygyň Aziada geçenden soň hem saklanyp galmagyndan, nas we çilim gadaganlygy ýaly, bahalaryň 5-6 esse ýokarlanmagyna getirmeginden alada galýan raýatlar hem bar.