Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gazagystanyň gözeli” bolanlygyndan, Nazarbaýewiň “aýaly” derejesine çenli. Asel Kurmanbaýewa kim?


Asel Kurmanbaýwa Nursoltan Nazarbaýewiň resmi däl aýaly diýilýär.
Asel Kurmanbaýwa Nursoltan Nazarbaýewiň resmi däl aýaly diýilýär.

Gazagystanyň ozalky prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň resmi däl aýaly diýlip atlandyrylýan Asel Kurmanbaýewa, şeýle hem öňki döwlet baştutanynyň iň golaý töwereginden iki adam Pandora kagyzlary” diýilýän derňew merkezinde boldular. Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa boýunça hasabat proýekti (OCCRP) Kurmanbaýewanyň gizlin ofşor şertnamalaryndan, millionlarça dollar gazanandygyny öňe sürdi. “Pandora” dokumentlerinde agzalan Asel Kurmanbaýewa hakda nämeler mälim?

40 ýaşly Asel Kurmanbaýewa "Astana balet" döwlet teatrynyň sungat dolandyryjysy. Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen Asel Kurmanbaýewanyň arasyndaky baglanyşygy tassyklamak üçin, derňewçiler bu edara salgylanýarlar. Teatr 2012-nji ýylda Nazarbaýewiň başlangyjy esasynda döredildi. Kurmanbaýewa “Astana baletini” döreden kompaniýanyň ilkinji esaslandyryjysydyr. Soňra bu teatryň eýesi Nazarbaýew gaznasy boldy, onsoň ol döwletiň emlägine öwrüldi. Häzir teatra Kurmanbaýewa ýolbaşçylyk edýär.

OCCRP “Pandora kagyzlary” atly gözleg topary Nazarbaýewiň "üçünji aýaly" Asel Kurmanbaýewanyň girdeji getirmeýän bu teatry ofşor kompaniýasyna satandygyny ýüze çykardy, onuň Angliýanyň Wirgin adalarynda, Nazarbaýewe ýakyn oligarh Wladimir Ni tarapyndan 30 million dollara satylandygy hasaba alyndy.

“Pandora kagyzlarynyň” maglumatyna görä, Kurmanbaýewa bu pullary Wladimir Ni ölenden iki aý soň, 2010-njy ýylda aldy. Bu pul Niniň gyzyna geçen bir kompaniýadan Kurmanbaýewa geçýär we Nazarbaýewe ýakyn oligarh Wladimir Kim bu tölegiň şaýady boldy.

Wladimir Ni hem Wladimir Kim. Olar kimler?

“Pandora” dokumentinde ýatlanýan Wladimir Ni SSSR dargamagyndan ozal, 1985-nji ýylda Nazarbaýewiň kömekçisi bolup işledi. Gazagystan garaşsyzlygyny yglan edeninden soň, prezident administrasiýasynyň başlygynyň orunbasary boldy. Nazarbaýewi goldaýan jemgyýetçilik guramalary we neşirleri maliýeleşdirýän Gazagystan korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy boldy. Ni 2010-njy ýylda ýogaldy.

Wladimir Kim Forbesiň habaryna görä, Gazagystanyň iň baý adamy bolmaly. Amerikan žurnaly onuň baýlygynyň 4,7 milliard dollardygyny çaklaýar. Ol «Казахмыс» birleşiginiň, ýagny mis senagatynyň ägirdi.

KURMANBAÝEWA BARADA NÄMELER MÄLIM?

1999-njy ýylda “Gazagystanyň gözeli” bäsleşigine gatnaşmagy bilen baglanyşykly geçirilen söhbetdeşlikde, Kurmanbaýewa özüniň Almatyda doglandygyny, Taldykorgan şäherinde önüp-ösendigini we horeografiki mekdebe gatnaýandygyny aýdypdy. Ol Almatydaky Abylaý han adyndaky Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň talyby hökmünde tanyşdyryldy. Milli gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan bu owadan gyz Londonda geçirilen “Dünýä gözeli” bäsleşigine gatnaşdy. Şol wagtda ol Isabaýewa familiýasyny göterýärdi.

Asel Isabaýewa (soňra ol Kurmanbaýewa boldy) Londonda geçen «Dünýä gözeli» bäsleşiginde
Asel Isabaýewa (soňra ol Kurmanbaýewa boldy) Londonda geçen «Dünýä gözeli» bäsleşiginde

Azatlyk Radiosynyň maglumatyna görä, Nazarbaýewiň "üçünji aýaly" diýilýän aýalyň kakasy Tlektes Isabaýuly Esbolow bolmaly. Gyz soňra ejesiniň familiýasyny alan bolsa gerek, onuň ejesine Gülbanu Kurmanbaýewa diýilýär. Pasport maglumatlarynyň üýtgedilmeginiň sebäbi belli däl. “Dünýä gözeli” bäsleşiginde hiç hili baýrak almadyk Kurmanbaýewa soňky wagtda metbugatda seýrek peýda boldy.

Aradan takmynan 20 ýyl soň, 2018-nji ýylda, Nazarbaýewiň "sargytlaryny" diňleýänleriň arasynda göründi. Ol uly wezipeli işgärler bilen bir hatarda otyrdy.

Asel Kurmanbaýwa 2018-nji ýyldaky Nazarbaýewiň “sargytlaryny” diňleýänleriň arasynda
Asel Kurmanbaýwa 2018-nji ýyldaky Nazarbaýewiň “sargytlaryny” diňleýänleriň arasynda

Nazarbaýew bilen Kurmanbaýewanyň resmi nikada durýandygy ýa-da ýokdugy belli däl. Asel Kurmanbaýewanyň iki oglunyň resminamalarynda, “familiýasy” diýlen hatarda “Nursultan” hem-de “Nursultanuly” diýlip görkezilýär.

Asel Kurmanbaýewanyň kakasy, Almaty şäherindäki Agrar uniwersitetini 20 ýyl bäri dolandyryp gelýän Tlektes Esbolow Azatlygyň habarçysyna derňewiň merkezinde öz gyzynyň bolmagyny "myş-myşlardan" başga zat däldigini aýtdy.

— Biziň hemmämiz çagalarymyzy ýetişdirýäris. Biz milletiň abraýyny goraýan adamlar. Men ata, men mugallym, alym. Beýle bolmaz ahyryn – diýip, Esbolow Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

BIZNES ARAGATNAŞYKLARY

“Pandora kagyzlarynda” Kurmanbaýewanyň beýleki biznes-iş gatnaşyklary barada hem gürrüň edilýär.

“Geň, ýöne Nazarbaýew gaznasy Kurmanbaýewa bilen düýbünden başga bir taslama gatnaşdy. 2013-nji ýylda iki aýlap, Kurmanbaýewanyň 2006-njy ýylda döreden “Astau” kompaniýasynyň eýesi boldy. Soň bolsa ýene-de oňa eýeçilik etdi. Bu kompaniýa Nur-Sultanyň merkezindäki banket zalyna, şypahana hem-de gözellik salonyna eýelik edýär we ony dolandyrýar" diýlip, barlagda aýdylýar.

Kurmanbaýewanyň eýeçiligindäki “Astau” kompaniýasyny onuň ejesi Gülbanu Kurmanbaýewa dolandyrýar. Asel Kurmanbaýewa mundan daşary-da balet we milli tansyň ösüşi gaznasyny esaslandyryjy boldy. Şu ýyl bolsa çeper gimnastikany goldamak we ösdürmek üçin fond açdy.

Almaty şäheriniň abraýly hasaplanýan ýokarky böleginde ullakan teatr gurulýar. Obýekti buýurýan“Demeu” gaznasy bolup, onuň ýeke-täk esaslandyryjysy Nazarbaýew.

Kurmanbaýewa tarapyndan döredilen balet we milli tansyň ösüşi gaznasynyň Almatydaky teatr bilen "hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny" Azatlyk Radiosyna mälim etdi , ýöne "[teatr] açylanda hyzmatdaşlyk etmek isleýändigini" aýtdy.

Resmi terjimehalyna görä, Gazagystany 30 ýyl töweregi dolandyran we 2019-njy ýylda prezidentlik wezipesinden aýrylmagyna garamazdan, döwleti dolandyryş edaralaryna täsirini dowam etdirýän Nursoltan Nazarbaýewiň aýaly Sara Nazarbaýewa.

Derňeýji žurnalistler 30 million dollarlyk şertnamanyň jikme-jiklikleri barada Nazarbaýewe we Kime, Niniň maşgalasyna hem-de Kurmanbaýewanyň özüne sorag bilen ýüz tutdular. Ýöne jogap alyp bilmediler. Gazagystanyň häkimiýetlerinden hem şu wagta çenli ol derňew barada hiç hili reaksiýa ýok.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG