Habarçy bilen gürrüňdeş bolan bagbanlar anomal howa şertleriniň miweli baglary hasylsyz goýandygyny aýdýarlar.
Bahar aýlarynyň başlarynda Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde howanyň birde maýlap, birde sowamagy ekerançylyga ýaramaz täsir etdi.
Ýatlasak, Lebapda fewralyň başlarynda howanyň ýylylygy +18 gradusa çenli maýlady, soňra fewralyň aýaklarynda howanyň temperaturasy -16 gradusa çenli pese gaçdy. Munuň netijesinde, maýyl howa bilen ir tanyşan miweli baglar gül açdy, ýöne munuň yz ýany gelen sowuk howa akymy gül açan baglara ýaramaz täsir ýetirdi. Edil şolar ýaly, Mary sebitinde howa fewralyň başlarynda +18 gradusa çenli maýlady, ýöne munuň yz ýany, aýyň ahyrlarynda howa -10 gradusa çenli sowady. Sebitlere gar ýagdy. Bu hem, Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, gök ekinleri, ýeralmany hatardan çykardy.
“Öz çagalaryna ýazda gök-bakja önümlerini iýdireris diýip, garaşan adamlar ýene indiki ýylyň hasylyna garaşmaly boldular. Oba ýaşaýjylary her ýyl öz baglarynyň miwelerini satyp girdeji gazanýardylar. Bu ýyl ýaz başynda gelen sowuk howa ähli baglara ýaramaz täsir etdi. Bagda güller döküldi. Esasan-da erikler miwe bermedi” diýip, bir bagban Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
“Adamlar satmak beýlede dursun, özleri üçin hem hasylyň ýokdugyny aýdýarlar” diýip, daýhan sözüne goşdy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy käbir miweleriň bazarlardaky soňky bahalary barada maglumat berdi.
“Miweleriň iň pesi 20 manatdan ýokary. Mysal üçin, almanyň bir kilogramy 20 manat, ‘wişnýa’ 50 manat, ‘smorodina’ 60 manat” diýip, habarçy maglumat berdi.
Onuň sözlerine görä, sebitiň ençeme bazarlarynda miweli önümler gytçylyk edýär.
Bu aralykda, Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň döwlet dükanlarynyň öňünde azyk nobatlary dowam edýär.
“Döwlet dükanlarynda soňky iki hepde bäri arzan azyk harytlary satylmaýar. Her gün irden adam başyna 2 sany kiçi göwrümli, ysly çörek satylýar. Döwlet nyrhyndan satylýan çöregiň bahasy 1 manat. Hususy dükanlarda iň arzan çöregiň bahasy 6 manat 20 teňňe” diýip, bir baýramalyly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
“Her gün şäher ýaşaýjylary arzan nyrhdan azyk satyn almak üçin dükanlara gatnaýarlar” diýip, ol sözüne goşdy.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, dükan satyjylary adamlardan dükanyň öňüne üýşmezligi, uly nobatlary emele getirmezligi soraýar.
Ýöne nobata üýşýän adamlar şeýle nobatlaryň döremegine häkimiýetleriň günäkärdigini aýdýarlar.
Ýatlasak, apreliň ortalarynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow azyk nobatlarynyň kakasynyň abraýyna zyýan ýetirýändigini öňe sürüp, Aşgabatda adamlaryň dükanlaryň öňünde we töwereginde üýşmezligini söwda ministrliginden talap etdi. Bu barada söwda ministrligindäki bir çeşme adynyň efirde agzalmazlyk şerti bilen Azatlyga gürrüň berdi.
Baýramalyda azyk nobatyna garaşýan adamlar harytlaryň diňe gündiz sagat 10 bilen 11 aralygynda satylýandygyny we bir sagadyň dowamynda arzan azyk satyn almak isleýän adamlaryň öz-özünden nobat emele getirýändiklerini aýdýarlar.
“Hany, arzan azyk önümlerini irdenden agşama çenli dükanlarda bol edip goýuň, şonda nobat bolmaz” diýip, nobata garaşýan bir ýaşaýjy dükan satyjysyna ýüzlenýär.
“Siz biriniň abraýy üçin kowalaşýarsyňyz, bize indi çagalarymyza iýmek üçin azyk gerek. Hususy harytlarda ähli azyk harytlarynyň bardygyny aýdýarsyňyz. Ýöne, hususy dükanlardan gymmat nyrhdan azyk satyn alyp iýmäge biziň ýagdaýymyz ýok, pulumyz ýok” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.