Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň ilaty un paýoklaryna zar bolan wagty häkimiýetler alabaýlar üçin paýok girizmekçi bolýar


Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdeleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy alabaý itlerini we ahalteke atlaryny bilýän we halaýan adam hökmünde mahabatlandyrýar.
Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdeleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy alabaý itlerini we ahalteke atlaryny bilýän we halaýan adam hökmünde mahabatlandyrýar.

Şu günler Marynyň ýaşaýjylary öý haýwanlary üçin weterinariýa kitaplaryny taýýarlamaga howlugýarlar. Şahadatnamalary gyssagly almak tagallalary, türkmen alabaý itleriniň eýelerine goşmaça azyk paýogynyň berilip başlandygy baradaky habarlar bilen baglanyşykly. Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu aýdylýan täzelikleriň käbir jikme-jikliklerini anykladylar.

It eýelerine her aýda 1 manat bahadan 7 kilogram un berilmegine garaşylýar. Munuň üçin itleriň pasportly we weterinariýa kitapçaly bolmagy zerur. Her aýda un paýyny almak üçin öý haýwanlarynyň eýeleri ähli resminamalary ýerli döwlet dükanlaryna tabşyrmaly. Şeýdip, alabaý iti bolan ýaşaýjylar un paýyny alyp bilerler. It üçin zerur dokumentleriň berilmegi onuň üç arkasynyň tassyklanmagyny-da talap edýär. Bu barada habarçylarymyz Marydaky birnäçe döwlet dükanlarynyň işgärlerine salgylanyp 15-nji aprelde habar berdiler.

Marynyň häkimiýetlerinden we ýerli söwda pudagynyň işgärlerinden bu habary resmi taýdan tassykladyp bolmady.

Türkmenistanda azyk paýogy şu wagta çenli diňe adam başyna berilýärdi. Emma döwletiň adam başyna her aýda belli bir nyrhdan kesgitlän 5 kilogram uny soňky ýylyň dowamyndaky azyk ýetmezçiliginde köplere elýeterli däl.

Habarçylaryň soňky maglumatlaryna görä, Marynyň ençeme etrabynda adamlara sentýabryň un paýy dekabryň aýagynda satyldy.

Azyk krizisiniň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýän hökümet ilat üçin subsidirlenen azyk önümleriniň bahalaryny fewralda ýokarlandyrdy.

Indi alabaý itleriň eýelerine goşmaça un paýyny bermek planynyň Türkmenistanyň beýleki sebitlerinde göz öňünde tutulyp-tutulmaýandygyny anyklap bolmady.

Bu aralykda, alabaýlaryň eýeleri özlerine goşmaça un satyn almak mümkinçiligini bermek planlara, häkimiýetleriň arassa tohum itleriň sanyny anyklamak we olary bellige almak synanyşygy bolmagy mümkin diýip çak edýärler. Olar köpleriň öz itlerini hasaba goýmazdan saklaýarlandygyny we köpeldýändigini aýdýarlar. Ýurtda arassa tohumly itleriň meşhurlygy uly we olar oba ýerlerinde köp saklanýar we maldarçylykda, öri meýdanlarda mal bakmak üçin köp ulanylýar.

Azatlyk bilen anonim gürleşen it eýeleriniň pikiriçe, alabaýlary hasaba almak häkimiýetlere ýurtda alabaýlar üçin gurlan köp sanly merkezleri doldurmak maksatly itleri anyklamaga we soň eýelerinden almaga mümkinçilik berip biler.

Iki ýylyň dowamynda Türkmenistanyň her sebitinde alabaýlar üçin ýörite penahanalar guruldy. Ýurduň häkimiýetleri bu desgalaryň gurluşygyna döwletiň näçe çykdajy edýändigini kesgitlemedi, emma it merkezleriniň gurluşygy üçin býujet işgärlerinden yzygiderli pul ýygnaldy.

Itşynaslaryň sözlerine görä, häzirki wagtda arassa tohum itleriň eýeleri öz itleri barada gürlemezligi makul bilýärler. Itleriň bahasy 6-10 müň manat çemesi.

Ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüni alabaý itleriniň bilermeni hökmünde görkezýär, onuň ogly Serdar Berdimuhamedow bolsa, ýurtda döredilen “Türkmen alabaý itleriniň haklara bileleşigi” atly guramanyň baştutany.

Soňky aýlarda itleriň gözellik bäsleşigi, Türkmen alabaýynyň baýramçylygy, şeýle hem itler üçin medal we "Türkmen edermen alabaýy" ady döredildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň mejlisi it ösdürip ýetişdirýänler üçin “Halk itşynasy” we “At gazanan itşynasy” ýaly atlaryň döredilmegini tassyklady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow alabaý itleri hakda kitap ýazýar, olara goşgy bagyşlaýar we aýdym aýdýar. Ýurduň metbugaty prezidentiň "Türkmen alabaýy" atly kitabynyň "halkyň durmuşynda we ykbalynda" möhüm rol oýnaýandygyny öňe sürdi.

Ýurduň ýolbaşçylarynyň türkmen alabaý itine aşa üns berýän wagtynda, häkimiýetler itleri we pişikleri wagşylarça ýok etmegini dowam etdirýärler. Her gün ýurduň çar künjeginde jemagat gulluklaryň işgärleri köpçüligiň, şol sanda çagalaryň öňünde onlarça it-pişigi zäherläp, ýa-da urup öldürýärler.

Türkmenistanyň paýtagtynda alabaý itiniň ägirt uly altyn çaýylan ýadygärligi dikildi. Ýurt agyr ykdysady çökgünligi başdan geçirýärkä, ilat bolsa azyk ýetmezçiliginden ejir çekýärkä, hökümet bu äpet desganyň gurluşygyna sarp eden çykdajylaryň mukdaryny mälim etmeýär.

"Туркменский алабай": золочёная скульптура и истребление
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:18 0:00

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG