Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagbanlar birde gyzyp, birde sowaýan howanyň miweli baglara zyýan ýetirýändigini aýdýarlar


Illýustrasiýa suraty. Gül açan baglar.
Illýustrasiýa suraty. Gül açan baglar.

Fewralyň başlarynda Lebap welaýatynyň dürli künjeklerinde howanyň ýylylygy +18 gradusa çenli maýlady, ýöne 24-nji fewralda sebite birden sowuk howa aralaşyp, howanyň temperaturasy -16 gradusa çenli aşaklady. Lebaply daýhanlar birde maýlap, birde sowaýan howanyň ekerançylyga zyýan ýetirýändigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji fewralda habar berdi.

Anomal howa gül açan miweli baglara ýaramaz täsir etdi. Dänew, Farap, Çärjew hem-de Saýat etraplarynyň kärende ýer eýeleri hem-de daýhan hojalyklarda zähmet çekýän adamlar gül açan miweli baglary sowuk urandygyny aýdýar.

“Düýnki anomal sowuk daýhanlary hasylsyz goýdy” diýip, bir oba hojalyk hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýatlasak, iki gün ozal, 24-nji fewralda maýyl howanyň yz ýany, Türkmenistanyň gündogar sebitlerine birden sowuk howa akymy aralaşdy. Lebap welaýatynda howanyň ýylylygy -16 gradusa çenli pese gaçdy. Maryda we Türkmenabatda gar ýagdy.

Lebap welaýatynyň birnäçe daýhan birleşiklerinde, şol sanda Azatlyk we Bahar daýhan birleşiklerinde habarçynyň maglumatlaryna görä, ýüzlerçe gektarlyk miweli baglary sowuk howa zyýana goýdy.

Has ozal, “adamlar öz mellek ýerlerine eken kartoşkalaryny we beýleki gök-bakja ekinlerini alada edýärler” diýip, bir maryly daýhan Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi. Adatça, oba hojalyk hünärmenlerine görä, ýeralma sähel çigrek howany gaty bir dannap barmaýar. Ýöne gül açan miweli baglar sowuk howada daýhanlary alada goýdy.

Döwlet metbugatyna görä, ýurduň ýokary derejeli oba hojalyk hünärmenleriniň 3-nji fewralda geçiren iş maslahatynda ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda Lebap welaýatynda ýeralma we gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylýandygy hasabat berildi.

“Sowuk howa Saýadyň Täzelikçi, Çaltut we Miweçiler daýhan birleşikleriniň bagbanlaryna zyýan ýetirdi” diýip, bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, miweli bagly daýhan birleşikleriň başlyklary bag meýdanlarynyň gapdalynda mal tesegini ýakdyryp, tüsse goýberdip baglary sowukdan goramaga çalyşdy. “Ýöne sowuk ol tüssä başartmady” diýip, habarçy aýtdy.

Bu aralykda, lebaply bagbanlar miweli baglar üçin suwuň hem giç berlendigini aýdýarlar. Bagban bolup işleýän Akmyrat soňky ýyllarda bag hojalyklarynyň zyýana işleýändigini aýtdy.

24-nji fewralda Lebap we Mary welaýatlaryna aralaşan sowuk howa we ýagan gar käbir obalarda elektrik geçirijilerini we gaz turbalaryny hatardan çykardy. Baýramaly we Mary şäherlerinde elektrik üpjünçiliginde bökdençlik ýüze çykdy. Darganata etrabynyň käbir obalarynda güýçli sowuk sebäpli gaz turbalary hatardan çykdy.

“AccuWeather”howa maglumatyna görä, howanyň temperaturasy Lebapda 26 – 27-nji fewral günleri gündizlerine +2 we +7 gradus, gijlerine -5 we -4 gradus sowuk. Ýöne howanyň ýylylygynyň ýene 3-4 günden, has takygy 1-nji martda +17 gradusa çenli maýyl bolmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty sowuk howa akymynyň arasynda hatardan çykýan durmuş infrastrukturalary, elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi, ýyladyş ulgamlaryndaky nogsanlyklar we gaz turbalarynyň ýarylmagy barada habar bermeýär. Şeýle-de, miweli baglary gül açyp, duýdansyz sowukdan zyýana galan lebaply bagbanlar öz aladalaryny resmi media serişdelerinde beýan edip bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG