Ýurtda dowam edýän azyk krizisiniň fonunda häkimiýetler Aşgabatda döwlet dükanlaryndaky “azyk nobatlaryny ýaşyrmak üçin” subsidirlenen önümleri raýatlaryň öýüne eltip berýän mahaly, Türkmenabatda azyk nobatlary dowam edýär. Lebapda subsidirlenen önümleriň möçberi azaldy, hili erbetleşdi. Ýerli ýaşaýjylar çörek gytçylygynyň arasynda bugdaý oragyna bil baglaýar. Orak möwsümi golaýlaýar, ýurduň käbir gündogar etraplary eýýäm galla oragyna girişipdir. Ýöne ozalky ýyllaryň orak tejribeleri ýurtda birnäçe ýyl bäri dowam edýän we “hroniki häsiýete eýe bolan” un gytçylygyna çäre hödürläp bilmedi.
Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy maý aýy üçin goýberilýän subsidirlenen azyk harytlarynyň hatarynda her hojalyga bir litr ösümlik ýagynyň hem-de 500 gram şekeriň satylýandygyny habar berdi. Ol towuk budunyň asla tapdyrmaýandygyny we unuň hiliniň pesdigini, adamlara 2-nji sort gara un paýlanýandygyny sözüne goşdy.
“Irden sagat 4-de oýanyp, nobata dursaň, irden 6-da paýlanýan çörekden alyp bolýar. Men irden sagat 4-de oýanyp bilmedim. Edil şol wagt çörek awtoulagy geldi. Men iň yzda nobata durdum. Menden öň nobata duran adamlara nobat ýetdi. Biziň nobatymyz ýetiberende çörek gutardy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy türkmenabatly ýaşaýjynyň sözlerini getirdi.
Bu aralykda, türkmenabatly ýaşaýjylar subsidirlenen azyk harytlaryny almak üçin zerur bolan hem-de öý müdirligi tarapyndan berilýän kepilnama hatlaryny iýul aýy üçin almajakdyklaryny aýdýarlar. Maglumat üçin aýdylsa, mundan ozal adamlara her hojalygyň adam sany barada öý müdirliginden kepilnama almak talap edilýärdi we şol kepilnama esasynda haryt paýlanýardy.
“Aýda bir sapar berilýän 500 gram şekeri we 1 litr ösümlik ýagyny almak üçin nobata durjak bolsam, kepilnamany alanyňda nämä peýdasy bar? Geregi ýok!” diýip, bir türkmenabatly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Aşgabadyň käbir künjeklerinde subsidirlenen azyk harytlary hepdede paýlanýar. Paýtagtyň beýleki künjeklerinde bu harytlar onçakly ýygy-ýygydan paýlanmaýar. Türkmenabatly ýaşaýjynyň sözlerine görä, bu harytlar Lebabyň merkezinde aýda bir gezek paýlanýar.
Un gytçylygy sebäpli Lebapda adamlar orak möwsüminiň başlamagyna bil baglaýar. Türkmenistanda nobatdaky galla hasylyny ýygnamak möwsümine heniz resmi derejede badalga berilmedi. Ýöne habarçynyň maglumatlaryna görä, sebitiň Saýat hem-de öňki Garabekewül (häzir Halaç etrabyna birikdirildi) etraplarynyň çäklerinde bugdaý oragy başlapdyr. Habarçynyň sözlerine görä, ýerli ýaşaýjylar orak möwsümine howlugýar, ýöne bugdaý wagtynda bişýär. Çärjew etrabynda orak möwsümi heniz başlamady diýip, ol sözüne goşdy.
Habarçy Saýat we Halaç etraplarynyň bugdaý meýdanlarynda galla orýan kombaýnlary görendigini aýtdy.
Habarçy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi ak çörek iýmek üçin nobatdaky orak möwsüminden ýygnaljak hasyla sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Olar ýerli çörek sehlerinde bişirilýän çöregiň hilinden şikaýat edýärler.
“Daňdan 4-de baryp aljak çöregiň buhanka” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy we onuň yslanýandygyny, soňra heňleýändigini aýtdy.
Bu aralykda, sebitiň çörek-bulka önümleri satylýan söwda nokatlarynda konditer önümleri gymmatlady.
“Konditer önümlerini öndürýän sehler bazarlarda gymmat bahadan satylýan undan önüm öndürýärler” diýip, bir Türkmenabat ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Ýatlasak, geçen aý sebitde häkimiýetler käbir çörek sehleriniň işini togtatdy.
Paýtagtda subsidirlenen harytlar öýlere eltilýän wagty, habarçy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli synçy aýlyk “paýok” önümleriniň ýatyrylmagyna garaşylýandygyny çaklaýar.
Ol muny aýlyk “paýogyň” möçberiniň we görnüşiniň azaldylmagy bilen esaslandyrýar.
Ýöne mundan ozal, geçen hepde, habarçy bilen gürrüňdeş bolan beýleki bir ýerli synçy subsidirlenen önümleri ("paýok") ýatyrylsa, ýurtda adamlaryň “garyplyk derejesiniň gedaýçylyk derejesine” ýetmegine özüniň alada bildirýändigini aýtdy.
Ýöne şol bir wagtyň özünde, ol subsidirlenen önümleriň paýlanylmagyny häkimiýetleriň ýurtdaky “gözgyny açlygy” boýun almagy hökmünde häsiýetlendirdi.
Türkmenistanyň söwda ministrligi subsidirlenen önümleriň paýlanylyşy barada beýanat ýa-da düşündiriş bilen çykyş etmeýär. Häkimiýetleriň “paýok tapmaçasyny” adamlaryň özleri çözmeli bolýar.
Soňky ýyllarda ýitileşen ykdysady krizisiň fonunda ýurduň hususy söwda nokatlarynda bahalaryň aşa ýokarlanmagy bilen döwlet dükanlarynda kesgitli bahadan satylýan harytlar öz-özünden subsidirlenen harytlara öwrüldi. Häkimiýetler azyk gytçylygynyň fonunda olaryň paýlanylyşyny gözegçilik astyna aldy we çäklendirdi. Çörek, towuk budy, ýumurtga ýaly önümler döwlet dükanlarynda her adama çäkli möçberde satyldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.