Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serdar Berdimuhamedowyň nägileliginden soň, Aşgabatda nobatlar gadagan edildi


Serdar Berdimuhamedow
Serdar Berdimuhamedow

Prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň azyk nobatlarynyň kakasynyň abraýyna ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdyp, resmilere bu ugurda degişli görkezme bereninden soňra, Aşgabadyň döwlet dükanlarynda haryt almak boýunça täze çäklendiriji düzgünler girizildi. Bu aralykda, azyk gytçylygynyň ýitileşmegi bilen Lebapda iri mallaryň etini beýleki, hususanda goňşy Mary welaýatyna köpçülikleýin ýagdaýda çykarmazlyk barada görkezme berildi.

Aşgabatda häkimiýetleriň buýrugy esasynda döwlet dükanlarynyň öňünde nobata durmak gadagan edildi, şeýle-de ýeňillikli bahadan satylýan azyk harytlaryny diňe satyjynyň telefon jaňyndan soň, dükana gelip satyn almak tabşyryldy.

“Aşgabatda döwlet dükanlarynyň öňünden adamlary gödek, paýyş sözler bilen kowýarlar. Satyjylar müşderileriň telefon belgilerini alyp, haryt gelende olara jaň edip duýdurjakdyklaryny, diňe şondan soňra, ylalaşylan wagtda dükana gelmelidiklerini aýdýarlar. Olar adamlaryň başga wagtda dükanyň öňünde görünseler, hatda ýerleşdirilen kameralara hem ýazga düşseler, olara azyk harytlarynyň düýbünden satylmajakdygyny aýdyp, haýbat atýarlar” diýip, paýtagtly ýaşaýjylaryň biri 16-njy aprelde habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz Aşgabadyň beýleki döwlet dükanlarynda hem şeýle ýagdaýlary başdan geçiren başga-da onlarça raýat bilen söhbetdeş boldy. Olaryň sözlerine görä, ýeňillikli bahadan satylan azyklar bazarlardan doly aýrylyp, olary diňe döwlet dükanlaryndan satyn alyp bolýar. Indi adamlardan döwlet dükanlaryna pasportlary bilen gelip, telefon nomerlerini goýup, öňünden ýazga durmak talap edilýär. Mundan başga-da, satyjylar adamlaryň haryt alanyndan soňra, tizden-tiz dükanyň töwereginden gitmegini soraýarlar.

“Bir gartaşan aýal döwlet dükanyň öňünde demini dürsäýin diýip duranda, söwdegär gyz çykyp: ‘daýza jan, dükanyň golaýynda bir durmaweri, ýogsa bizi işden kowdurarsyň’ diýip, ol aýaly çete geçirdi” diýip, aşgabatlylaryň biri 16-njy aprelde şaýat bolan wakasyny gürrüň berdi.

Bu soňky çäklendiriji düzgünler wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň uzyn nobatlardan nägile bolup, söwda ministrinden raýatlaryň dükanlaryň töwereginde ýa-da öňünde ýygnanmazlygyny talap edendigi baradaky maglumatyň yzýanyna gabat geldi. Golaýda birnäçe ýokary derejeli wezipelere bellenen Serdar Berdimuhamedowyň pikiriçe, uzyn nobatlar onuň prezident-kakasyny “abraýdan düşürýär”.

Türkmenistanda eýýäm birnäçe ýyldan bäri dowam edýän ykdysady krizis, şeýle-de gara bazarda milli manadyň hümmediniň yzygiderli pese gaçmagy ilatyň satyn alyş ukybyny düşürdi. Bu hem ýurt raýatlarynyň bazarlardaky we hususy söwda nokatlaryndaky gymmat bahalardan gaça durup, döwlet dükanlarynda arzan bahadan satylýan önümlere ýykgyn etmegine getirdi. Adamlar goýberilýän degişlilikdäki arzan harytlary satyn alyp bilmek üçin,ir säherden döwlet dükanlarynyň öňünde nobata durýarlar. Emma çäkli möçberde goýberilýän haryt, adatça, nobatdaky ähli kişä ýetmän, tiz wagtda gutarýar.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolýan raýatlar ilata kesgitli möçberde satylýan harytlaryň agramly böleginiň ‘arka gapydan’ restoranlara, ýokary derejeli resmilere, polisiýa we howpsuzlyk işgärlerine berilýändigini belleýärler.

“Adamlara harytlaryň bir ýa iki diýlip çäkli satylýan wagty, dükanlaryň arka gapysyndan haltalap azyk goýberilýär. Bu ilatyň gözüniň öňünde amal edilýär. Anna güni ýaşaýjylaryň biri muňa nägile bolanda, söwdegär ‘Elimden gelýär. Arzyňy kime ýetirseň ýetir’ diýip, gödek jogap gaýtardy we garşy çykana düýbünden haryt satmajakdygyny aýtdy” diýip, paýtagtly ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.

Bu aralykda, Lebapda iri mallaryň we goýnuň etini köpçülikleýin ýagdaýda welaýatyň çäklerinden çykarmak, hususanda goňşy Mara äkitmek gadagan edildi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, ozal Maryda dürli et önümlerini öndürýän hususy kärhanalar Lebapda bir günde 20-30 malyň etini satyn alyp giden bolsalar, häzir muňa gadagançylyk girizilipdir. Bu soňky talap sebitdäki azyk ýetmezçiligi bilen baglanyşdyrylsa-da, Lebabyň degişli döwlet edaralaryndan, şol sanda häkimliginden kommentariýa almak başartmady.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary azyk krizisi ýaly agyr sosial-ykdysady problemalaryň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýärler, munuň deregine ýagdaýyň agyrlaşmagyndan nägile bolýan ilata basyş etmäge synanyşýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG