Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Manadyň hümmetiniň rekord derejede peselmegi; ortaça aýlyk $24, bir kilogram et bolsa $2 çemesi


Adamlar döwlet dükanynyň öňünde çörek satyn almak üçin, nobata garaşyp durlar.
Adamlar döwlet dükanynyň öňünde çörek satyn almak üçin, nobata garaşyp durlar.
3-nji aprelde Türkmenistanyň milli puly manadyň hümmeti aşaklap, gara bazarda 40 manat bir dollara deň boldy. Bu ençeme ýyl bäri dowam edip gelýän dollaryň resmi kursy 3,5 manatdan, 11 esse pesdir. Onsuzam köp aladasy bolan Merkezi Aziýanyň bu ýurdunyň milli walýutasyň peselmegi rekord derejä ýetdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň maglumatyna görä, gara bazarda manadyň hümmetiniň pes bolmagy, ýurtdaky agyr ykdysady ýagdaýa laýyk gelýär.

2015-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende, ýagdaý gaty erbetleşdi, şonda hökümet manadyň dollara gatnaşygyny 2.85-den 3,5-e çenli aşaklatdy. Indi bolsa manadyň hümmeti hasam ýaramazlaşdy.

26-njy martda dollaryň çalşyk kursy 33 manatdan, 35,5 manat aralygynda boldy, ýagny bir hepdäniň dowamynda manat gara bazardaky bahasyny 20% ýitirdi. Manadyň gara bazardaky dollara bolan hümmeti onuň hakyky bahasynyň has takyk beýany hasaplanýar.

Türkmenistanda gara bazarda pul çalyşmak bikanun hasaplanýar. Hökümet bolsa soňky birnäçe ýylda gaty walýutany edinmegi çäklendirip, ýene-de agyrlaşdyryp gelýär.

TEBIGY BAÝLYKLARYŇ KÖPDÜGINE GARAMAZDAN

Türkmenistan tebigy gaza baý we ätiýaçlyklary boýunça dünýäde dördünji orunda durýar. Ýurduň ilaty az, aýdylyşyna görä, takmynan alty million. Şeýle-de bolsa, türkmen häkimiýetleri ýurt üçin girdeji çeşmesi hökmünde tebigy gazyň satylmagyna gaty köp umyt bagladylar, onuň ajaýyp maliýe geljegi üçin ýeterlik däldigine, pudagy netijeli ösdürip, peýdaly satmalydygyna gaty giç göz ýetirdiler.

Hökümet ýurtda ortaça aýlyk hakynyň 1200 bilen 1400 manat aralygyndadygyny mälim edýär, bu resmi kurs boýunça 350-400 dollardyr. Göräýmäge bu Gazagystandan soň ikinji ýerde durýan Merkezi Aziýanyň iň ýokary derejesindäki aýlyk haklarydyr. Aslynda bu mukdar alty ýyldan gowrak wagt bäri üýtgemedik emeli resmi walýuta hümmetinde gaýtadan hasaplamak arkaly alynýar. Hakykat ýüzünde türkmenler sebitdäki iň garyplaryň arasynda.

AZYK IÝMITINIŇ BAHALARYNYŇ BIRDEN ÝOKARLANMAGY

Hökümet döwlet dükanlarynda ilkinji zerur bolan harytlaryň köpüsini arzan bahadan hödürleýär, bu bolsa adamlaryň ýeterlik azyk satyn almagyna mümkinçilik döredýär.

Şeýle-de bolsa, 25-nji fewralda döwlet dükanlarynda şekeriň her kilosynyň bahasy garaşylmadyk ýagdaýda ýedi manatdan dokuz manada çenli ýokarlandy. Ösümlik ýagynyň bahasy 13-den 19 manada, towuk butlarynyň her kilosynyň bahasy bolsa 10-dan 16 manada çenli ýokarlandy.

Bu pes subsidirlenen bahalar gara bazardaky walýutanyň hümmeti her dollara dört manat töweregi bolanyndan başlap, birnäçe ýyl bäri dowam edip gelýär. Harytlaryň bahasynyň düýpgöter ýokarlanmagy köpleri geň galdyrdy, ýogsa olar soňky ýyllarda bahalaryň ýokarlanyşyny yzarlap gelýärdiler.

Lebap welaýatynda azyk harytlaryny satýan dükanyň alnynda nobata duranlar.
Lebap welaýatynda azyk harytlaryny satýan dükanyň alnynda nobata duranlar.

Azyk önümlerini hususy dükanlardan hem satyn alyp bolýar, mysal üçin, şekeriň bir kilogramy 23 manada satylýar. Ýöne köp adam üçin beýle bahalar elýeterli däl. Ýokary inflýasiýa soňky hepdelerde ýurtdaky esasy azyk önümleriniň ählisine diýen ýaly täsir etdi.

23-nji martda Turkmen.news neşiriniň habar berşine görä, Mary welaýatdaky hususy dükanlarda sygyr etiniň bir kilogramynyň bahasy 75 manat, Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabatda bolsa 70 manat boldy. Balkan welaýatynyň günbatar böleginde sygyr etiniň bahasy 65 manat, Daşoguz welaýatynyň demirgazyk böleginde bir kilogram etiň bahasy 55-den 60 manat aralygynda boldy.

1-nji fewralda Turkmen.news web sahypasy Aşgabadyň iki bazarynda kartoşkanyň satuwdan ýitirim bolandygyny habar berdi. Kartoşka adatça döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhdan, kilogramy 15-17 manatdan satylýardy.

Şeýle-de bolsa, Turkmen.news neşiri satyjylaryň kartoşkany aşakda gizlin saklaýandyklaryny aýdýar, eger her kilosyna 25 manatdan töleseň, çäklendirilmedik mukdarda satmaga taýýardygyny aýdýarlar.

Şeýle bökdençlikler indi Türkmenistanda seýrek däl, sebäbi adamlar belli bir wagt käbir azyk gytçylygy bilen öwrenişdiler.

12-nji ýanwardan başlap, Mary welaýatyndaky döwlet dükanlary alyjylardan çörek bermezden ozal maşgalasyndaky adamlaryň sanyny tassyklaýan resminamalary görkezmegi talap edýär. Şeýle resminamalary almak üçin, ýaşaýjylar ýerli dolandyryş edaralaryna ýüz tutmaga mejbur bolýarlar. Olar bolsa ýaşaýjylara zerur resminamalary bermezden ozal ähli kommunal tölegleriň tölenmegini talap edýärler.

Ýanwar aýynyň aýagyndan, Lebap welaýatynyň döwlet dükanlarynda täze çäklendirme girizildi – her saparda maşgala başyna diňe iki buhanka çörek berilýär.

Aprel aýynyň başynda Azatlygyň Türkmen redaksiýasy Aşgabatdaky döwlet dükanlarynda unuň ýokdugyny we köplenç çöregiň bolmaýandygyny habar berdi. Mary welaýatyndaky käbir döwlet dükanlarynda üç hepdäniň dowamynda çöregiň satuwda ýokdugyny aýtdy.

Türkmenistanyň gündogarynda ýerleşen Türkmenabat şäheriniň döwlet dükanyna unuň gelmegine garaşýan adamlar.
Türkmenistanyň gündogarynda ýerleşen Türkmenabat şäheriniň döwlet dükanyna unuň gelmegine garaşýan adamlar.

DÖWLET DÜKANLARYNDA ÄGIRT ULY NOBATLAR SAKLANÝAR

Soňky ýyllarda döwlet eýeçiligindäki dükanlaryň köpüsinde açylmazyndan birnäçe sagat öň nobatlar peýda bolýar, esasanam ol ýerde çörek satylsa. Hususy dükanlardan azyk satyn almaga gurby çatmaýan ýaşaýjylar subsidirlenen harytlar gutarmanka, satyn almaga synanyşýarlar.

Azyk önümleri üçin nobatlaryň döreýşi ýaly, adamlaryň öz kartlaryndan puly ýeke-täk nagtlaşdyryp bolýan ýeri – bankomatlaryň ýanynda-da şuňa meňzeş ýagdaýy görmek bolýar.

Gynansak-da, döwlet eýeçiligindäki dükanlarda harytlaryň az bolşy ýaly, banknotlar-da nagt pul çäkli, çekip bolýan puluň mukdaryna berk çäklendirme girizilenem bolsa, pul adatça çalt gutarýar.

Häkimiýetler Türkmenistany nagt däl alyş-çalşykly ýurda öwürmek üçin, ençeme ýyl ozal synanyşypdy, emma häzire çenli-de köp dükanlarda, bazarlaryň bolsa ählisinde diýen ýaly bank kartoçkalaryny ulanmak üçin zerur enjamlar ýok.

Adamlar Bäherdende pul nagtlaşdyrmak üçin, bankomatyň işlemegine garaşýarlar. 2020-nji ýylyň awgusty.
Adamlar Bäherdende pul nagtlaşdyrmak üçin, bankomatyň işlemegine garaşýarlar. 2020-nji ýylyň awgusty.

2015-nji ýyla çenli Türkmenistanda gytçylyk bolmandy, ne-de harytlar üçin nobatlar bardy, indi nobatlaryň tutuş ýurt boýunça peýda bolmagy türkmen häkimiýetlerini aladalandyrdy. Polisiýa nobata toplanýan mähelläni yzygiderli dargadýar.

Resmiler hiç haçan işsizlik maglumatlaryny görkezmeýärler, ýöne käbir analitikler alty ýyl ozal, ýagny ykdysady kynçylyklar başlanan döwründe, munuň işçi güýjüniň azyndan 50%-e deňdigini aýtdylar. Soňky ýyllarda ykdysadyýetiň gowşaklygy sebäpli iş orunlarynyň gysgaldylmagy bilen işsizligiň derejesi has ýokary bolandyr diýip hasaplaýarlar.

ÝAŞAMAK ÜÇIN ZIBILLERI DÖRMEK

Käbir adamlar şeýle kynçylyk çekýärler welin, kagyz ýa-da plastmassa çüýşeleri ýaly käbir galyndylary ýa-da az mukdarda gaýtadan işlenip bilinjek zatlary tapmak umydy bilen zibil dörýärler.

Iki-üç ýyl mundan ozal beýle ýagdaý pikir edip bolmajak zatdy.

Azatlygyň Türkmen redaksiýasy Mary şäherinde zibil dörýän aýal-gyzlaryň we çagalaryň barha köpelýändigini, käbir ýagdaýda öz zibilini çykarmaga gelen adamlar bilen gürleşip, derde ýaraýjak zerur zatlaryny ol ýerden almagy üçin, taşlanjak galyndynyň özlerine berilmegini haýyş edýändikleri barada habar berdi.

Aýal Aşgabat şäherindäki zibil taşlanýan gapyrjagy dörýär.
Aýal Aşgabat şäherindäki zibil taşlanýan gapyrjagy dörýär.

Azatlyk Radiosynyň habaryna görä, Marynyň polisiýasy mart aýyna çenli zibil taşlaýan gaplary dörýän adamlary jezalandyrdy, olary surata aldy we şahsy maglumatlary ýygnady, ýöne indi zibil dörmäge gelýänleri saklap bilmejekdiklerine düşünýäne meňzeýärler. Käbirleri hatda hapa taşlanýanlara tarap geçip barýan adamlara, olaryň aç-açan göze ilmezligi üçin, köçe süpüriji işgärler ýaly sary ýelek satyn almagy maslahat berdiler.

Azatlygyň Türkmen redaksiýasynyň ýene-de maglumat bermegine görä, ýol ýakalarynda eli bedreli hem süpürgiçli duran çagalaryň sany köpelipdir. Olar ýolagçylaryň maşynyny ýuwup, az-owlak pul gazanmakçy bolýarlar.

Azatlygyň Türkmen gullugynyň habarçysynyň sözlerine görä, mekdebe çenli çagalaryň käbiri hiç haçan çagalar bagyna gitmändiklerini aýdýarlar, onuň uly doganlary bolsa muny maşgalada puluň ýokdugy bilen düşündirýärler. Köp çaga hatda mekdebe-de gatnanok.

12 ýaşly bir gyz özüniň we beýlekileriň her gün mekdebe derek, sadaka soramak üçin, Gök bazara gidýändigini aýtdy. «Geçen hepdede bazarda sadaka soraýarkak, polisiýa bizi kowdy we ejeme gygyrdy» diýip, ol gyz sözüne goşýar.

— Polisiýa ejeme bizi ýene-de bazarda görse, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň türmesine saljakdygyny aýtdy. Biz ejemiziň arkasynda gizledik, ejem bolsa “hemmämiziň türmä basaýsynlar, iň bolmanda türmede iýmäge zat bererler” diýdi – diýip, ol gyz aýdýar.

«KORONAWIRUSYŇ ÝOK» ÝURDY

Koronawirusyň dünýä ýaýramagy Türkmenistanyň diňe ykdysady ýagdaýyny ýaramazlaşdyrdy, türkmen hökümetiniň ýurtda ol wirusa hiç bir adamyň ýokaşmaýandygy baradaky sözleri bolsa ýaňsyly gülkini döredýär.

Şol wagtyň özünde ýaňy-ýakynda ýurtda sanjym boýunça milli maksatnama başlandy, şeýle-de bolsa resmiler ilaty COVID-19 infeksiýasyndan goramak üçin, degerli çäreleri örän az görýär. Medisina işgärleri gep-gürrüňsiz we hiç bir garşylykly söz ýa-da duýduryş aýtmazdan, öz borçlaryny ýerine ýetirýärler. Keselhana ýerleşdirilýän hassalaryň sany bolsa artyp barýar.

Käbir medisina işgärleri bu çekýän agyr zähmeti, iş wagtynyň kadadan has artyk bolmagy hem näsaglarda koronawirusyň alamatlaryny görýänem bolsalar, bu barada dymýandyklary üçin, kompensasiýa alarys diýip umyt edýärdiler. Muňa derek, 2021-nji ýylyň başynda olaryň aýlyklarynyň 20% töweregi azalandygy mälim boldy.

Awtoritar prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we onuň hökümeti, 2015-nji ýylda ykdysady kynçylyklar duýlup başlaly bäri öňki syýasatyny dowam etdirýärler: ýagny ýurduň ykdysadyýetiniň öňe barýandygyny aýdyp, ähmiýeti pes başga bir zada ünsi jemleýärler.

Mysal üçin, soňky hepdelerde Berdimuhamedow atlaryň we türkmen alabaý itleriniň ýakyn wagtda geçiriljek gözellik bäsleşiklerine taýýarlyk işlerine gözegçilik edýär.

Iki ýaryş hem aprel aýynyň ahyryna meýilleşdirilýär, şoňa çenli döwlet işgärleri iş wagtyndan daşary meýletinlik bilen çärelere gatnaşdyrylýar, aýlyk haklaryndan çäreler üçin pul bermäge mejbur ediler.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk gününi belleýär. Aşgabat, 2021-nji ýylyň 28-nji marty.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk gününi belleýär. Aşgabat, 2021-nji ýylyň 28-nji marty.

ORTAÇA AÝLYK - 24 DOLLAR

Gara bazardaky manadyň näderejede erbet ýagdaýa düşendigini, prezidentiň her ýyl 8-nji martda Halkara aýallar güni mynasybetli aýal-gyzlara berýän "sowgadynyň" derejesinden bilse bolar.

2015-nji ýylda Berdimuhamedow baýram mynasybetli aýal-gyzlaryň hersine 40 manat beripdi – resmi walýuta hümmetinde takmynan 11,50 dollar ýa-da şol wagt gara bazar hümmetinden bary-ýogy 10 dollardan gowrakdy. 2016-njy ýylda gara bazardaky şol 40 manadyň bahasy sekiz dollar töweregi boldy. 2017-nji ýylda bu mukdar takmynan alty dollar, bir ýyldan soň bolsa bary-ýogy üç dollar töweregi boldy.

2019-njy ýylda prezident Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli berýän sowgadyň mukdaryny 60 manada – resmi alyş-çalyş hümmetinde takmynan 17 dollar we gara bazarda bary-ýogy 3,5 dollar ýokarlandyrmak kararyna geldi.

Geçen ýyl Halkara aýallar gününde sowgat berlen 60 manat gara bazarda üç dollar töweregi, bu ýyl bolsa eýýäm iki dollardanam pes boldy, ol aýyň ahyryna çenli bir ýarym dollara golaýlady.

2020-nji ýylyň oktýabr aýynda hökümet iň az aýlyk hakyny 957 manada çenli ýokarlandyrdy, ýagny şu ýylyň 3-nji apreline çenli gara bazarda onuň hümmeti 24 dollar töweregidir.

Resmi ortaça aýlyk hasabyndan 1400 manat alýanlaryň haky takmynan 35 dollar töweregi bolýar. Munuň özi türkmenleri Merkezi Aziýanyň iň az emläkli ilatyna öwürýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG