Türkmenistanyň prezidenti parlamente Halkara nebit we gaz uniwersitetine öňki orunbasary we geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny dakmak baradaky meselä seretmegi tabşyrdy.
Bu tabşyryk nobatdaky kadr çalyşmalarynyň, hususan-da nebit-gaz pudagyna gözegçilik edýän Myratgeldi Meredowyň “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” hökümet başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadylmagynyň we nebit-gaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň wezipesine Şahym Abdrahmanowyň bellenilmeginiň, prezidentiň öz ogly Serdar Berdimuhamedowy birbada üç sany uly wezipä geçirmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Täze orunbasar bu wezipä bellenmezinden öň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory bolup işleýärdi.
Ady ebedileşdirilýän Ý.Kakaýew 2008-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky uglewodorod serişdeleriniň dolandyrylmagy we ulanylmagy baradaky gulluga ýolbaşçylyk etdi, şonuň bilen bir wagtda 2012-2013-nji we 2015-2016-njy ýyllarda hökümet başlygynyň nebit-gaz pudagy boýunça orunbasary wezipesini ýerine ýetirdi, TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji fewralda geçiren hökümet mejlisinde Watanyň şan-şöhratyny belende göteren beýik şahsyýetlere tüýs ýürekden guwanýandygyny aýtdy we şu sebäpden olaryň atlarynyň ebedileşdirýändigini belledi.
"Türkmen.news" neşiriniň maglumatyna görä, Ý.Kakaýew geçen ýylyň 8-nj iýulynda pnewmoniýa keseli zerarly aradan çykdy. Soňra neşiriň çeşmeleri onuň derdiniň koronawirus bilen baglanyşykly bolandygyny habar berdiler.
Emma muňa garamazdan, koronawirusyň hiç bir hadysasyny resmi taýdan hasaba almadyk Aşgabat garaşsyz metbugatyň 2020-nji ýylyň iýulynda beren habaryny, şeýle-de ýurda "gelmedik" koronawirusdan ýogalan beýleki raýatlar barada syzyp çykan maglumatlary şu wagta çenli ne inkär etdi, ne-de tassyklady.
Geçen tomusda döwlet baştutanynyň geňeşçisiniň ölümi barada habar bermegi zerur hasaplamadyk resmi metbugat indi prezidentiň "döredijilikli zähmet çekip", jemgyýeti "täze, belent sepgitlere ýetmäge, beýik işleri amala aşyrmaga ruhlandyran" beýik şahsyýetleriň "ýagty ýadygärligini ebedileşdirmek ugrunda zerur işleri" alyp barýandygyny habar berýär.
Berdimuhamedowyň tassyklamagyna görä, biwagt ölümi barada habar berilmedik Ý.Kakaýew ýurduň "görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäridi, örän uly tejribesi bolan halypady".
"Ol nebitgaz pudagynyň häzirki zaman ulgamynyň emele gelmegine, şol sanda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredilmegine we ösdürilmegine uly goşant goşdy" diýip, G.Berdimuhamedow sözüniň üstüni ýetirdi.
Ý.Kakaew 2015-nji ýylyň noýabr aýyndan 2017-nji ýylyň aprel aýyna çenli, o diýen anyk bolmadyk sebäpler esasynda wezipesinden boşadylýança, hökümet başlygynyň nebit we gaz meseleleri boýunça orunbasary bolup işledi.
Türkmen hökümetiniň beýleki agzalary ýaly, Kakaýew hem öz wagtynda “gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi”, “gözegçiligi gowşadanlygy üçin” diýip, prezidentiň birnäçe käýinjine "mynasyp boldy".
Ý.Kakaýew işden boşadylan mejlisinde ýylyň birinji çärýeginde nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak planynyň 109,7 göterim, nebiti gaýtadan işlemek planynyň 105,3 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy.
Mundan başga, ol öz hasabatynda "tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy geçen ýylyň derejesinde saklanyldy, benziniň, dizel ýangyjynyň, polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň, çalgy ýaglarynyň öndürilişi artdy, mazudyň öndürilişi iki essä golaý ýokarlandy" diýdi. Şeýle-de, Kakaýew şol wagt maýa goýumlaryny özleşdirmegiň planynyň 116,5 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.
Emma Berdimuhamedow getirilen ösüş sanlary barada ýagşy-ýaman zat diýmän, Kakaýewiň nebit-gaz toplumyna ýolbaşçylyk eden döwründe ýagdaýyň gowulyga tarap üýtgemändigini aýtdy we şu sebäpden ony eýeleýän wezipesinden boşadýandygyny yglan etdi.
Türkmen mediasynyň anyklaşdyrmagyna görä, döwlet baştunany bu gezek “ýurduň nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligiň gowşadylmagyndan” nägile bolupdyr.
http://www.naturalgasworld.com žurnalynyň baş redaktory Jon Roberts Azatlyk bilen söhbetdeşlikde işden boşadylan Kakaýew bilen görşendigini, onuň hakyky sowet ýasawyndaky býrokratdygyny, emma öz ýurdunyň nebit-gazyny dünýä bazarlaryna çykarmak üçin çyny bilen işländigini gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, Jon Robertsiň pikirine görä, Kakaýew Türkmenistanda prezidentden soň, belki-de, iň kyn wezipäni ýerine ýetirmeli boldy.
Şonda Ý.Kakaýewiň wezipesinden boşadylmagy Azatlyk radiosynyň Türkmenistanda işsizligiň hakyky derejesi barada çap eden makalasynyň yz ýanlaryna gabat geldi.
2017-nji ýylyň 23-nji martynda efire berlen gepleşik Azatlygyň hökümet içindäki çeşmesiniň maglumaty - Kakaýew bilen Merkezi bankyň başlygynyň arasynda işsizligiň derejesi barada bolan gürrüň esasynda taýýarlanypdy.
Angliýanyň Glazgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça hünärmeni, professor Luka Ançeskiniň şol wagt Azatlyga aýtmagyna görä, “Kakaýewiň wezipesinden çetleşdirilmegi Berdimuhamedowyň enegriýa syýasatynyň düýpden başa barmandygyny tassyklady”.
“Bu režimiň işiniň ugruna däldiginiň alamaty, sebäbi Kakaýewiň şowsuzlygy onuň şahsy kemçilikleri bilen bagly däl, olar esasan turuwbaşdan çüýrük bolan syýasat ugrunyň durmuşa geçiriljek bolmagy bilen gönüden-göni bagly bolup durýar” diýip, professor 2017-nji ýylyň 6-njy aprelinde Azatlyk radiosyna aýtdy.
Öňki wise-premýere şondan soň, prezidentiň sözlerine görä, esasan “Galkynyş” gaz käninden beýleki ugurlara gaz geçirijileriň täze taslamalaryny işläp taýýarlamak bilen meşgullanmak tabşyryldy.
Emma Kakaýew birnäçe aýdan, has anygy 2017-nji ýylyň dekabrynda prezidentiň nebit we gaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellendi.
Eýsem, Berdimuhamedowyň edil häzirki pursatda, birden ozalky egindeşini ýatlamagynyň sebäbi näme?
Azatlyk radiosy bu soragy ozalky ilçi, häzir Awstriýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Nurmuhammet Hanamowa berdi.
Ol "näme-de bolsa, nähili halkdan ýüzüni öwrüp, izolýasiýada oturan hem bolsa, [president Berdimuhamedowa] halkyň närazyçylygy ýetýärmikä diýýändigini" aýtdy.
Şol bir wagtda ol bu ýerde esasy faktor daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen migrantlarynyň has aktiwleşmegi hem-de öz nägileliklerini açyk aýdyp başlamaklary diýip pikir edýär.
“Daş-töweregindäkiler nähili gizlin saklasalaram, soňky döwürde ýurt daşynda-da adamlar närazyçylygyny bildirip, has aktiw bolup ugranlaryndan soň, [oňa] bu zatlaram ýetýän bolmaly. Şonuň üçin, [bu onuň] özüni ýuwmarlajak bolup, birazajyk bir abraýyny galdyrjak bolup edýän hereketleri” diýip, Hanamow Azatlyk radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.