Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, hökmet başlygynyň nebit-gaz senagaty we oba hojalygy pudaklaryna gözegçilik edýän orunbasarlaryny işden boşatdy.
Türkmen hökümetiniň mejlislerinde adatça bolşy ýaly, wise-premýerler we ministrler bu gezekki maslahatda hem öz ýolbaşçylyk edýän pudaklarynda hasabat döwründe uly ösüşleriň gazanylandygyny habar berdiler.
Mysal üçin, wise-premýer Ýagşygeldi Kakaýew şu ýylyň birinji çärýeginde nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak planynyň 109,7 göterim, nebiti gaýtadan işlemek planynň 105,3 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy.
Mundanam başga, wise-premýeriň tassyklamagyna görä, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy geçen ýylyň derejesinde saklanyldy. Benziniň, dizel ýangyjynyň, polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň, çalgy ýaglarynyň öndürilişi artdy, mazudyň öndürilişi iki essä golaý ýokarlandy. Şeýle-de Kakaýew maýa goýumlaryny özleşdirmegiň planynyň 116,5 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.
Mejlisde getirilen sanlara Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy hem şübhe bildirmegi. Has anygy, Aýna Öräýewa “hasabat döwründe ähli pudaklarda önüm öndürmegiň ýokary möçberleriniň göze ilýändigini” ynandyrmaga çalyşdy.
Emma prezident Berdimuhamedow getirilen ösüş sanlary barada ýagşy-ýaman zat diýmän, Kakaýewiň nebit-gaz toplumyna ýolbaşçylyk eden döwründe ýagdaýyň gowulyga tarap üýtgemändigini aýdyp, şu sebäpden ony eýeleýän wezipesinden boşadýandygyny yglan etdi.
Türkmen mediasynyň anyklaşdyrmagyna görä, döwlet baştunany bu gezek “ýurduň nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligiň gowşadylmagyndan” nägile bolupdyr.
Şeýle-de Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Çary Gylyjow ýurduň dürli künjeklerinde tebigy gazyň ulanylyşy, degişli ölçeýji gurallaryň işiniň netijeliligi boýunça ýüze çykarylan kemçilikleri habar berdi diýip, TDH ýazýar, emma bu meselede anyk zat aýdylmaýar.
http://www.naturalgasworld.com žurnalynyň baş redaktory Jon Roberts işden boşadylan Kakaýew bilen görşendigini we onuň hakyky sowet ýasawyndaky býrokratdygyny, emma öz ýurdunyň nebit-gazyny dünýä bazarlaryna çykarmak üçin çyny bilen yhlas edendigini aýtdy. Emma muňa garamazdan, Jon Roberrtsiň pikirine görä, Kakaýew Türkmenistanda prezidentden soň, belki-de, iň kyn wezipäni ýerine ýetirimeli boldy.
Öňki wise-premýer indi, prezidentiň sözlerine görä, esasan “Galkynyş” gaz käninden beýleki ugurlara gaz geçirijileriň täze taslamalaryny işläp taýýarlamak bilen meşgullanar.
Jon Robertsiň Azatlyk radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde aýtmagyna görä, Kakaýewe soňky tabşyrylan iş hem kiçi-girim wezipe däl we bu bolýan zatlar TOPH proýektiniň durmuşa geçirilmeginiň öňündäki kynçylyklar bilen bagly bolup görünýär. Ol golýada Hindistanda bolandygny we ol ýerde TOPH geçirijisiniň amala aşjagyna o diýen ynamly garalmaýandygyny aýtdy.
Şeýle-de ol, Kakaýewiň ýerine bellenen Babaýewiň öňünde hem uruş-gowgaly Owganystanyň üstünden Hindistana gaz eltmek wezipesiniň durandygyny, munuň aňsat bolmajakdygyny ýatlatdy.
Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça eksperti, professor Luka Ançeskiniň pikirine görä, “Kakaýewiň wezipesinden çetleşdirilmegi Berdimuhamedowyň enegriýa syýasatynyň düýpden başa barmandygyny tassyklaýar”.
“Bu režimiň işiniň ugruna däldiginiň alamaty, sebäbi Kakaýewiň şowsuzlygy onuň şahsy kemmçilikleri bilen bagly däl, olar esasan turuwbaşdan çüýrük bolan syýasat ugrunyň durmuşa geçiriljek bolmagy bilen gönüden-göni bagly bolup durýar” diýip, professor Azatlyk radiosyna aýtdy.
Ý.Kakaýewiň ýokary wezipeden boşadylmagy Azatlyk radiosynyň Türkmenistanda işsizligiň hakyky derejesi barada çap eden makalasynyň yz ýanlaryna gabat geldi. 23-nji martda efire berlen gepleşik Azatlygyň hökümet içindäki çeşmesiniň maglumaty - Kakaýew bilen Merkezi bankyň başlygynyň arasynda işsizligiň derejesi barada bolan gürrüň esasynda taýýarlanypdy.
Ý.Kakaýew 2008-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky uglewodorod serişdeleriniň dolandyrylmagy we ulanylmagy baradaky gulluga ýolbaşçylyk etdi, şonuň bilen bir wagtda 2012-2013-nji we 2015-2016-njy ýyllarda hökümet başlygynyň nebit-gaz pudagy boýunça orunbasary wezipesini ýerine ýetirdi, oňa TOPH proýektiniň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek hem tabşyryldy.
Elbetde, türkmen hökümetiniň beýleki agzalary ýaly, wezipeden boşadylmazyndan öň Kakaýew hem, “gulluk borçlaryny talaýalaýyk ýerine ýetirmändigi”, “...gözegçiligi gowşadanlygy üçin” prezidentiň birnäçe käýinjini aldy.
Prezident Berdimuhamedow Ý.Kakaýewiň ýerine “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewi belledi we oňa ýakyn wagtda özüniň ozalky işlän wezipesine mynasyp kandidat hödürlemegi tabşyrdy. Babaýew “Türkmengazyň başlyklygyna şu ýylyň ýanwarynda bellenilipdi.
Çarşenbe güni geçirilen mejlisde prezident Berdimuhamedow ýurduň ikinji uly pudagynda - oba hojalygynda hem ýagdaýyň gowy däldigini boýun aldy.
TDH-nyň maglumatyna görä, prezident wise-premýer R.Bazarowyň, häkimleriň we tutuş obasenagat toplumynyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň işinden, pagta, bugdaý hasyllarynyň alnyşyndan hem nägile.
Şeýle-de prezident Oba hojalyk uniwersitetiniň we institutyň köpsanly uçurymlarynyň öz ugurlary boýunça işlemän, başga pudaklarda zähmet çekýändiklerini boýun aldy, emma munuň sebäbini aýtmady.
Berdimuahmedow bularyň “oba hojalyk pudagynda bar bolan meseleleriň diňe käbirleridigini” belläp, wise-premýer Rejep Bazarowy eýeleýän wezipesinden boşatdy.
Ministrler kabinetiniň başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Ahal welaýatynyň häkimi bolup işlän Esenmyrat Orazgeldiýew bellenildi.