Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Türkmenistan 2020-nji ýylda agyr ykdysady we sosial krizisi başdan geçirdi


Illýustrasiýa suraty. Döwlet dükanynyň öňünde nobata garaşýan adamlar.
Illýustrasiýa suraty. Döwlet dükanynyň öňünde nobata garaşýan adamlar.

Hökümet ýurtda COVID-19 epidemiýasyny biperwaý inkär edip, ony dolandyryp bilmeýän mahaly, 2020-nji ýylda Türkmenistan agyr ykdysady we sosial krizisi başdan geçirdi, diýip Human Rights Watch guramasy dünýäde ynsan hukuklarynyň ýagdaýy barada çap eden soňky ýyllyk hasabatynyň Türkmenistana bagyşlanan bölüminde aýdýar.

Hökümetiň dowam edýän ykdysady krizisi çözüp bilmezligi ilatyň hal-ýagdaýyny has-da agyrlaşdyrdy. Nagt puluň hem-de elýeterli azyk önümleriniň ýiti ýetmezçiligi sosial dartgynlylygy çuňlaşdyrdy, munuň netijesinde ýurtda ozal-görlüp eşidilmedik garşylyk döredi diýip, hasabat aýdýar.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy guramanyň 13-nji ýanwarda çap eden hasabatynda dünýäniň 100 töweregi ýurdunda ynsan hukuklarynyň ýagdaýyna syn berilýär.

Hasabat Wenesuelladan Hytaýa, Russiýadan Saud Arabystanyna çenli dünýäniň ençeme ýurtlarynda adam hukuklarynyň ýaramazlaşýan ýagdaýyna üns çekýär, Birleşen Ştatlaryň saýlanan prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasyndan ABŞ-nyň daşary syýasatynda adam hukuklaryny ösdürmegi ileri tutulýan ugurlaryň hataryna goşmaga çagyryş edilýär.

Gurama türkmen hökümetiniň ýurtda media we din azatlyklaryny berk çäklendirýändigini, maglumat elýeterliligini berk gözegçilikde saklaýandygyny, onuň garaşsyz aktiwistlere dowamly ar alyş howpuny abandyrýandygyny, zorlukly ýitirim edilen onlarça adamyň türkmen türmelerinde jebir çekýändigine ynanylýandygyny aýdýar.

2020-nji ýylda koronawirus infeksiýasy tutuş dünýä ýaýraýan mahaly, Türkmenistanyň hökümeti ýurtda hiç hili COVID-19 hadysasynyň hasaba alynmandygyny tutanýerli öňe sürdi. “Ýöne media serişdeleri ençeme adamlaryň COVID-19 alamatlary bilen aradan çykandygyny habar berdiler” diýip, HRW aýdýar.

Şeýle-de, hasabat Türkmenistanda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy barada häkimiýetleriň medisina işgärlerini dymmaga mejbur edendigini aýdýar.

Gurama Türkmenistanda dowam edýän azyk ýetmezçiligine üns çekip, ýurtda hökümetiň garyplygy inkär edýändigini, onuň ykdysady taýdan ejiz gatlagyň iýmitlenmek hukugyny üpjün edip bilmeýändigini aýdýar.

“Ýeňillikli azyk önümleriniň ýetmezçiligi, bazar bahalarynyň ýokarlanmagy hem-de daşary ýurtlardan iberilýän maliýe serişdeleriniň düýpgöter azalmagy adamlary az mukdarda esasy iýmit önümlerini satyn almak üçin birnäçe sagatlap nobata durmaga mejbur etdi. Olar köplenç eli boş dolandy. Paýoklar subsidirlenen iýmit önümlerine elýeterliligi üpjün etmedi. Adamlar döwlet dükanlarynda iýmit önümleriniň söwdasyna esassyz girizilýän çäklendirmeleri başdan geçirdi. Ilatyň iýmit zerurlyklary boýunça jemgyýetçilige elýeterli resmi maglumat ýok” diýip, HRW guramasynyň ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

Onuň Türkmenistanda raýat jemgyýetiniň ýagdaýyna bagyşlanan bölüminde ýurtda garaşsyz ýerli guramalaryň erkin iş alyp baryp bilmeýändigi, bellige alynmadyk hökümete degişli bolmadyk guramalaryň gadagan edilýändigi, hem-de olary bellige aldyrmak işleriniň juda muşakgatlydygy, şeýle-de adam hukuklaryny goraýjy halkara jemgyýetçilik guramalarynyň Türkmenistana girmegine rugsat berilmeýändigi aýdylýar.

Geçen tomus Türkiýede, Demirgazyk Kiprde we Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türkmenistanly migrant işçiler türkmen hökümetiniň koronawirus pandemiýasyna çemeleşigine, onuň ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün edip bilmezligine hem-de apreliň ahyrynda turan weýrançylykly harasata geleňsizligine prortest bildirip, birnäçe demonstrasiýa geçirdiler. HRW guramasynyň ýyllyk hasabatynda bu protestler hem agzalýar.

Şeýle-de, hasabatda protest hereketlerine goşulan emigrasiýadaky “Türkmenistanyň demokratik saýlawy” oppozisiýa hereketiniň aktiwisti Dürsoltan Taganowanyň iýul aýynda Türkmenistanyň konsulhanasynyň şikaýaty esasynda türk polisiýasy tarapyndan saklanmagy, onuň oktýabr aýynda Stambuldaky deportasiýa merkezinden boşadylmagy we bir ýyl möhlet bilen halkara gorag statusyny kabul etmegi agzalýar.

Hasabat Türkmenistanda daşary ýurtlardaky protest hereketleri bilen aragatnaşykda şübhe bildirilýän adamlaryň yzarlanandygyny, sentýabrda Pygambergeldi Allaberdiýewiň galp aýyplamalaryň esasynda alty ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edilendigini, Murat Duşemowyň YouTube ulgamynda daşary ýurtlardaky oppozisiýany agzybirlige çagyrandan soň tussag edilendigini agzaýar.

Hasabata görä, Türkmenistanda nägileligiň jemgyýetçilikde beýan edilmeginiň islendik görnüşi gadagan edilýär.

“Kazyýet jogapkärçiligine çekilmek töwekgelçiligine garamazdan, adamlar ykdysady krizise we ýeňillikli iýmit önümleriniň ýetmezçiligine protest bildirmek üçin birnäçe özakymlaýyn parahatçylykly ýygnanyşyklary geçirdiler" diýip, hasabat ýurt içinde ýylyň dowamynda öz raýyna guralan protestlere salgylandy.

Hasabatyň Türkmenistanda media azatlygynyň ýagdaýyna bagyşlanan bölüminde ýurtda media azatlygynyň gözgyny ýagdaýyna üns çekilýär.

“Türkmenistanda media azatlygy ýok. Çap edilýän ähli neşirler we elektron media serişdeleri döwlet gözegçiliginde” diýip, hasabat aýdýar. Ol Türkmenistanda Internetiň berk döwlet gözegçiliginde saklanýandygyny, garaşsyz sesleriň häkimiýetler tarapyndan sem edilýändigini we daşary ýurt media serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk edýän ýerli habarçylardan ar alynýandygyny aýdýar. “Köp sanly web-saýt, şol sanda sosial ulgamlar we messenjerler petikli. Hökümet aragatnaşygyň ähli görnüşini gözegçilik astynda saklaýar” diýip, HRW aýdýar.

Hasabatyň Türkmenistanda din azatlygyna bagyşlanan bölüminde ýurtda bellige alynmadyk dini toparlaryň işleriniň gadagan edilýändigi, dini ynanjy sebäpli harby gullukdan ýüz öwürýän raýatlara alternatiw gulluk mümkinçiliginiň berilmeýändigi aýdylýar. Hasabat Türkmenistanda dini ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyran 11 ýehowa şaýadynyň tussag astynda galýandygyny aýdýar.

Hasabatyň syýasy tussaglara, zorlukly ýitirim etmelere we gynamalara bagyşlanan bölüminde türkmen türmelerinde gynamalaryň we ýowuz sütemiň endemik häsiýete eýedigi, zorlukly ýitirim etmeleriň pidasy bolan onlarça tussagyň daşarky dünýäden üzňe saklanýandygy bellenilýär. “Hökümet olaryň maşgalalarynyň ýa-da aklawçylarynyň olaryň ýanyna baryp görmegini ret edýär” diýip, hasabat aýdýar.

Human Rights Watch guramasy dünýäniň ençeme ýurtlarynda adam hukuklarynyň ýagdaýy baradaky hasabatyny ýyllyk çap edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG