Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň mekdeplerinde gyzlaryň "ahlak terbiýesi" ýene-de gün tertibine geldi


Okuwçy gyzlar, Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Okuwçy gyzlar, Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň gündogar sebitindäki orta mekdeplerinde okuwçylaryň ahlak terbiýesi bilen baglanyşykly işler ýene-de güýçlendi. Mekdeplerde bilim bölümleriniň, polisiýanyň we aýallar geňeşiniň wekilleriniň gatnaşmagynda ýygnaklar geçirilýär. Resmileriň pikiriçe, sosial ulgamlar we daşary ýurt telekanallary okuwçylaryň ahlak häsiýetine ýaramaz täsir edýär.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, resmiler sebitdäki mekdeplerde gyzlaryň ahlak häsiýetine ünsi artdyrmagynyň sebäbini orta mekdeplerde okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy bilen bagly ýagdaýlaryň köpelmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Olar hususan-da, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda 10-a golaý şeýle ýagdaýyň ýüze çykandygyny aýdýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, hepdäniň başyndan Farap we Çärjew etraplarynyň mekdeplerinde gyzlaryň ahlak terbiýesine bagyşlanan ýygnaklar geçirilýär. Duşuşyklara okuwçylar, etrap bilim işgärleri, polisiýa işgärleri we ýerli aýal guramalarynyň wekilleri gatnaşýar. Bu barada Azatlygyň ýerli habarçylary 28-nji ýanwarda habar berdiler.

Duşuşyklarda internetiň we sosial ulgamlaryň, şeýle hem daşary ýurt telewideniýesiniň çagalarynyň ahlak häsiýetine "zyýanly" täsiri barada gürrüň edilýär we munuň öňüni almak çäreleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

"Çykyş eden resmiler rus we türk telewideniýesinde görkezilýän filmleriň we tomaşa gepleşikleriniň çagalaryň terbiýesi üçin ýaramazdygyny aýtdylar" diýip, anonim gürleşen çeşmämiz aýtdy. Onuň sözlerine görä, ýygnaklarda okuwçylaryň sosial ulgamlara girmeginiň öňüni almak üçin esasy çäreler hökmünde gadaganlyklar we gorkuzmalar teklip edilýär.

"Farapda geçirilen ýygnaklaryň birinde oňa gatnaşan polisiýa işgärleri orta mekdep okuwçy gyzlaryny masgaralap we kemsidip başladylar, şeýle hem TikTok ulanandygy üçin olary 10 günlük tussaglyk bilen gorkuzdylar" -diýip çeşme gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň bilim edaralarynyň wekillerinden, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginden resmi görnüşde düşündiriş alyp bilmedi.

TikTok we Instagram ýaly sosial ulgamlaryň meşhurlygy, türkmen ýaşlarynyň, şol sanda mekdep okuwçylarynyň arasynda artýarka, ýurduň häkimiýetleri köpçüligiň internete girmegine berk gözegçilik etmegini we VPN-i petiklemek synanyşyklaryny dowam etdirýärler.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan mugallymlaryň pikiriçe, okuwçylaryň ahlak terbiýesi baradaky häzirki kampaniýanyň esasy maksady orta mekdep okuwçylarynyň arasynda gyzlaryň göwreli bolmak problemasy bilen baglanyşykly däl-de, eýsem häkimiýetleriň türkmen ýaşlarynyň arasynda sosial ulgamlaryň meşhurlygynyň öňüni almak synanyşygy bilen baglanyşykly.

Mugallymlar häzirki wagtda çagalary terbiýelemek meselesiniň ähmiýetiniň has-da ýitileşýändigini bellediler. Ykdysady çökgünlik we agyrlaşan sosial problemalar has köp çaganyň ünssüz galmagyna getirýär. Köp maşgala zordan gün görýär. Daşary ýurtda işlemäge mejbur bolan ene-atalar köplenç çagalaryny garyndaşlary we garry ene-atalary bilen galdyrýarlar. Bu ýagdaýda mekdep olaryň terbiýesine uly täsir edýär. Şol bir wagtyň özünde-de, bilim resmileri mekdeplerde berilýän bilimiň hili we mugallymlaryň hünär derejesi meselesine degmeýärler.

Türkmenistanda orta mekdep okuwçylarynyň ahlak häsiýetine bagyşlanan ýygnaklar tutuş ýurt boýunça yzygiderli geçirilýär. Duşuşygy gurnaýjylar mugallymlary we mekdep okuwçylaryny "ahlakly" bolmaga berk duýduryş berýärler.

Okuwçylaryň we mugallymlaryň daş keşbine hem köp üns berilýär. Aýal-gyzlara gyş möwsüminde gysga penjek, kostýum we ýubka geýmezlik barada duýduryş berilýär. Emeli kirpikler, gysga saç we ony reňklenmek gadagan edilýär.

Okuwçylaryň çilim çekmezligine gözegçilik edilýär. Käbir ýagdaýlarda sapak wagtynda sakgyç çeýneýändigi üçin jeza berilýär.

Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdeleri okuwçylaryň ahlagyna we daş keşbine degişli talaplar we häkimiýetleriň bu mesele boýunça alyp barýan işleri barada maglumat bermeýär. ​

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG