Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň orta mekdeplerinde ýokary synp okuwçy gyzlar we zenan mugallymlar bilen ýygnaklar geçirildi. Welaýat bilim bölüminiň we Zenanlar birleşiginiň wekilleri tarapyndan geçirilen bu ýygnaklarda aýal-gyzlaryň ahlagy we olaryň daşky keşbine degişli gadagançylyklar barada gürrüň edildi. Şeýle-de, mundan beýläk mekdebi tamamlamanka, nikasyz göwreli bolan okuwçy gyzlaryň okuwdan çykaryljakdygy duýduryldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji noýabrda Lebapdan habar berdi.
"Geçen hepdäniň anna we şenbe, şu hepdäniň duşenbe we sişenbe günleri Farabyň 1-nji, 2-nji, 3-nji, 5-nji, 9-njy we 11-nji mekdeplerinde ýygnaklar geçirildi. 9, 10 we 11-nji klas okuwçy gyzlar we zenan mugallymlar bilen geçirilen ýygnaklar wagyz-nesihat hem edep-terbiýe barada boldy. Mundanam başga, olaryň daşky keşbine, egin-eşigine, saçyna we ýüzüne çalýan serişdelerine degişli gadagançylyklar tekrarlandy. Olary berjaý etmek berk talap edildi" diýip, habarçy aýtdy.
Bu ýygnaklara gatnaşan mugallymlaryň we okuwçy gyzlaryň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, ýygnagy geçiren resmiler okuwçy gyzlara "edep-terbiýeli bolmak" barada berk ündew etdiler.
"Ýaş, nikasyz göwreli bolýan okuwçy gyzlaryň hem indi mekdepden kowuljakdygy duýduryldy" diýip, Farabyň 1-nji mekdebiniň mugallymy, özüni Zöhre diýip tanyşdyran bilim işgäri aýtdy.
Şeýle-de, resmiler iş ýa okuw wagtynda sakgyç çeýnän ýa-da çilim çeken zenan mugallymlaryň işden kowuljakdygyny hem-de okuwçy gyzlaryň jezalandyryljakdygyny hem duýdurdylar. Ýöne faraply mugallym okuwçy gyzlaryň nähili jezalandyryljakdygynyň aýdyňlaşdyrylmandygyny belledi.
Onuň aýtmagyna görä, resmiler gyş aýlarynda aýal-gyzlara dar we gysga penjek, kostýum ýa-da keltekçe geýmegiň gadagandygyny hem duýdurdylar.
"Aýal-gyzlara diňe uzyn palto geýmek tabşyryldy. Mekdebe barýan gyzlaryň "göze düşýän derejede" geýinmeli däldigini aýtdylar. Dar köýnek hem gadagan" diýip, faraply mugallym aýtdy.
Onuň sözlerine görä, okuwçy gyzlara we zenan mugallymlara emeli kirpik dakmagyň, saç kesmegiň ýa-da ony açyk reňke boýamagyň hem gadagandygy duýdurylypdyr.
"Sumkalaryň hem adaty we ýönekeý bolmalydygyny aýtdylar. Köwüşlerimiziň, tuflilerimiziň hem ökjesi pes bolmaly" diýip, ol belledi. Şeýle-de, mugallym bilim işgärleriniň we okuwçy gyzlaryň erkin hem-de azat bolasy gelýändigini, islän geýmini geýip, saçyny islän reňkine boýasy gelýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.
Mugallymlaryň we okuwçy gyzlaryň tassyklamagyna görä, resmiler bu ýygnaklaryň geçirilmeginiň, şeýle-de gadagançylyklaryň we talaplaryň sebäpleri barada hiç zat aýtmadylar.
Azatlygyň habarçysy bu ýygnaklardan soň, köçelerdäki polisiýa işgärleriniň aýal-gyzlaryň geýmine, daşky görnüşine gözegçiligi güýçlendirendigini hem habar berýär.
"Häzir köçelerde saçy sary ýa-da gyrmyzy reňkdäki aýallary polisiýa bölümine äkidip, sorag edýärler. Gysga ýa-da dar köýnekdäki aýallardan düşündiris alýarlar" diýip, habarçy sözüni jemledi.
Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Lebap welaýat we Farap etrap häkimliklerinden, bilim we polisiýa bölümlerinden, şeýle-de welaýatyň Zenanlar birleşiginden, agzalýan mekdeplerden goşmaça maglumat alyp bilmedi.
Türkmenistanda okuwçy gyzlaryň “ahlagyna gözegçilik etmek”, şeýle-de olaryň we zenan mugallymlaryň daşky keşbi bilen bagly çäklendirmeleri güýçlendirmek mazmundaky ýygnaklar soňky ýyllarda ençeme gezek geçirildi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet mediasy bu ýygnaklary açyk agzap, mesele gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.