Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Birinji gijämiň hukugyny 10 müň dollara satýan”. Duşenbeden bolan gyz öz gyzlygyny auksionda hödürledi


First Night saýtynyň skrinşoty
First Night saýtynyň skrinşoty

Duşenbe şäherinden bolan 23 ýaşly gyz First Night («Birinji gije») halkara onlaýn auksiony arkaly öz gyzlygyny 10 müň dollara satmak kararyna geldi. Bu platforma arkaly dünýäniň ýüzlerçe päk gyzy baý adamlara “ilkinji gijäniň hukugyny” satýar.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habar bermegine görä, golaýda First Night («Birinji gije») auksionynda, Duşenbe şäherinden bolan 23 ýaşly gyzyň bildirişi peýda bolupdyr. Ol: “Men näzik mylaýym gyz, geljekde mynasyp aýal bolmak üçin, baý adam gözleýän. Men ýumşak, mähirli hem mylaýym. Men päk gyz" diýen ýazgy goýupdyr.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy ol platformanyň üsti arkaly gyz bilen habarlaşyp bildi. Gyz Azatlyk Radiosyna öz adyny aýdypdyr, ýöne ahlak kadasyna görä, ol aýan edilmez. Gysga hat alşygynda, ol maşgalasynyň maddy ýagdaýynyň agyrdygyny, karza batandyklaryny aýdyp, maşgalasyna kömek etmek üçin, gyzlyk auksionynda özüni satmak kararyna gelendigini aýdýar.

Gyz beýleki berlen sowallara jogap bermändir, "diňe päkligim üçin 10 müň dollar tölemäge taýýar hem-de Birleşen Arap Emirliklerine ýa-da Türkiýä uçup barar ýaly, ýol kireýini tölejek adam bilen” gepleşjekdigini mälim edipdir.

Ol şeýle hem özüniň gyzlyk päkligini tassyklamak üçin, medisina barlagyndan geçmäge taýýardygyny, ýöne potensial müşderiniň bu çykdajylary hem tölemelidigini sözüne goşupdyr.

«Daşary ýurtly baý erkegi gözleýän»

First Night onlaýn auksiony Merkezi Aziýadan bolanlary köp görkezen bolsa-da, Täjigistan bilen Türkmenistandan bolan gyzlar häzirlikçe ýeke-täk. Musulman ýurtlarynyň arasynda, Eýrandan bolan gyzlar has köp bolup, olar ilkinji gijesiniň hakyny tölejek daşary ýurtly baý adamlary gözleýärler.

Ol auksionda ilkinji gijäniň gyzlyk tölegi gyzlaryň ýaşyna, görküne hem owadanlygyna görä, 3 müň dollardan, 1 million dollara çenli barýar.

Bu aralykda, Marşall adalarynda bir kompaniýa agzalýan First Night saýtynda, bu geleşikde hiç hili jogapkärçiligiň ýokdugy takyk aýdylýar. Gyzlar we baý erkek kişiler öz maglumatlaryny First Night maglumat bazasyna meýletin girizýärler we zerur bolsa pozup bilerler.

Ol saýtyň wekilleriniň aýtmagyna görä, "satyjy bilen hyrydaryň" arasynda nähili gepleşik ýa-da ylalaşyk bolup geçse-de, saýt muňa goşulmaýar we jogapkärçiligi üstüne almaýar. Sahypanyň ýolbaşçylary gyzlar tarapyndan iberilen suratlary barlaýarlar, alyjynyň hem suratlaryň hakykydygyna göz ýetirmäge haky bar.

«Gadagan dälmi, diýmek, mümkin»

Ýurist hem-de “Femida” guramasynyň ýolbaşçysy Sanoat Soliýewanyň aýtmagyna görä, öz päkligini satmakçy bolýan gyzyň hereketi Täjigistanyň kanun aktlaryna ters gelmeýär, ýagny ol kanuny bozmaýar.

Sanoat Soliýewa
Sanoat Soliýewa

«Täjigistanyň kanunçylygy beýle hereketleri gadagan etmeýär we oňa rugsadam bermeýär. Aýdylyşy ýaly, kanun tarapyndan gadagan edilmedik zatlara rugsat bar. Emma ahlak nukdaýnazaryndan bu biziň halkymyzyň mentalitetine laýyk gelmeýär. Täjigistanly aýal päkligini goramalydyr. Hukuk işleri baradaky köp ýyllyk tejribämde, gyzlyk päkligini satuwa çykarany ilkinji gezek eşidýän» diýip, ýurist Sanoat Soliýewa aýdýar.

Onuň sözlerine görä, aýallaryň we gyzlaryň jelepçilige çekilmegi ýa-da bu işe mejbur edilmegi jenaýat saýylýar, beýle adamlar kanun tarapyndan jogapkärçilige çekilýär. Şeýle-de bolsa, bu ýagdaýa kanun tarapdan däl-de, ahlak we päklik, şeýle hem gyzlaryň ýüzbe-ýüz bolýan sosial problemalary nukdaýnazaryndan garamaly.

Täjigistanyň kanun aktlaryna laýyklykda, kämillige ýeten (18 ýaşdan uly) bolan jelepçilik etse, oňa jenaýat däl, diňe administratiw hukuk bozmalary hökmünde garalýar. Administratiw hukuk bozulmalary kodeksiniň 130-njy maddasyna laýyklykda “jelepçilik bilen meşgullanandygy” üçin 600-den 1200 somony aralygynda jerime salnyp bilner. Bu düzgüni bozma bir ýylyň dowamynda gaýtalansa, oňa 2400 somony jerime salnar ýa-da 15 güne çenli administratiw tussaglykda saklanar.

«Maşgalanyň betbagtlyga uçran bolmagy mümkin»

Psiholog Marýam Dawlatowa globallaşma şertlerinde beýle tejribäniň has giňden ýaýbaňlanjagyny, belki-de, gyzyň pul gazanmagyň şeýle usulyny öwrenendigini hem bu mümkinçiligi elden gidirmezligi karar edendigini aýdýar.

Marýam Dawlatowa
Marýam Dawlatowa

«Biziň bu gyzy ýazgarmaga ahlak hukugymyz ýok. Psihologiki nukdaýnazardan seredeniňde, biziň jemgyýetimizde öz tenini satmagy ýüregine düwen gyzyň ýaşamagyna şertiň gaty agyr bolandygyny aýdyp bilerin. Belki-de, maşgalanyň betbagtlyga uçran bolmagy mümkin, şonuň üçin gyz päkligini satmaga mejbur bolandyr» diýip, psiholog aýdýar.

Şeýle ýagdaýda, jemgyýetiň ony ýazgarmagyna derek, durmuşyň iň agyr pursadynda ol maşgala hem şol gyza öz mümkinçiliklerine görä kömek etseler gowy boljakdygyny Marýam Dawlatowa sözüne goşýar.

Merkezi Aziýanyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, täjik jemgyýetinde hem gyzlaryň päkligi barada berk düşünje bolup, oňa aýratyn ähmiýet berilýär, bu meselede nikadan öňki jynsy gatnaşyk kabul ederliksizdir. Toý gijesinde gyzlygy bolmadyk gelin utanç bilen adamsynyň öýünden kowulýar.

Beýle masgaraçylykly ýagdaýdan gaça durmak üçin, Täjigistandaky gyzlar durmuşa çykmazdan ozal özleriniň päkdigini tassyklamak üçin, medisina barlagyndan geçýärler. Emma ynsan hukuklaryny goraýjylar bu düzgüni gyzlaryň hukuklarynyň bozulmagy hasaplaýarlar hem-de beýle talaby ýatyrmak barada, täjik hökümetine birnäçe gezek çagyryş etdiler.

Material Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG