Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek režissýory "Serwikamat dilberim" filminde ogşaşmak bölegini kesendigi üçin, ‘Milliy TV’ telekanalyny suda bermekçi


«Serwikamat dilberim» filminden bir kadr.
«Serwikamat dilberim» filminden bir kadr.

20-nji mart agşamy Özbegistanyň Milliy TV kanaly özbek-gyrgyz önümi bolan «Serwikamat dilberim» filmini görkezdi. Bu film beýik ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň «Elwan ýaglykly serwim» powesti esasynda surata düşürilipdi. Ol teleekrana çykanda, filmiň leýtmotiwi bolan möhüm kadr kesilip aýrylypdyr.

Azatlyk Radiosynyň žurnalisti bilen söhbetdeş bolan «Serwikamat dilberim» filminiň 34 ýaşly režissýory Sarwar Kerimow ‘Milliy TV’ telekanalynyň ol hereketi barada häzirki wagtda ýuristler bilen maslahat geçirýändigini aýtdy. Režissýoryň pikirine görä, filmiň esasy leýtmotiwini aňladyp duran bölegini kesmek bilen telekanal filmi döreden awtoryň hukugyny gödek bozýar.

21-nji martda Özbegistanyň sosial ulgamlarynda Sarwar Kerimowyň bu ýagdaý baradaky açyk haty peýda boldy.

Açyk hatynda režissýor S. Kerimow ‘Milliy TV’ telekanalyny suda bermekçidigini aýdýar.

Öz gezeginde ‘Milliy TV’ telekanalynyň özüni tanyşdyrmadyk işgäri 24-nji martda Azatlyk Radiosy bilen telefonda gepleşende, häzirlikçe olary hiç kimiň suda bermedigini aýtdy. Ogşaşmak görkezilýän sahnanyň bolsa «özbek halkynyň ýokary ahlak derejelerine laýyk gelmeýändigi üçin» kesilendigini mälim etdi.

Tele işgärleriň gödekligi

Açyk hatynda Sarwar Kerimow ol filmde ogşaşmak kadrynyň bir metaforadygyna düşünmän, telewideniýe işgärleriniň ony sowatsyzlyk bilen kesendigini aýdýar.

«Utanmazdan, menden rugsat soramazdan, bir agyz maslahatlaşmazdan, filmdäki iň möhüm sahnadan biri Ylýas bilen Aseliň Yssyk-Kölüň boýundaky ogşaşýan sahnasyny kesipdirler. Owaly bilen ol sahna sýužet üçin örän möhüm. Galyberse-de, hut şol sahnada filmiň ideýasyny aňladýan saýgak obrazy ilkinji gezek tomaşaçynyň gözüniň öňüne gelýär. Ol saýgak metafora bolup, bagtyň mysalyny görkezýär. Gynansagam, siz metaforanyň nämedigine düşünmeýän bolsaňyz gerek» diýip, režissýor Sarwar Kerimow açyk hatynda ýazýar.

Azatlyk bilen gysgaça söhbetdeşliginde, režissýor Kerimow ‘Milliy TV’ telekanalyň işgärleri tarapyndan filmde başga-da kesilen ýerleriň bardygyny gynanç bilen aýtdy. «Serwikamat dilberimdäki» baş gahryman Ylýas «Ylham» teatrynyň foýesine girýär, şol ýerde hem hudožnik Sardor Erkinowyň «Metaforizmler» atly eserleriniň sergisi bar. Şol bölekde hudožnik Erkinowyň ýarym ýalaňaç aýal şekilleri çekilen kartinalary görkezilýär. Ol hem telewideniýede görkezilende kesilip aýrylypdyr.

Gyrgyz dramaturgy Kerez Zarlikowa tarapyndan ýazylan ssenariý esasynda, Sarwar Kerimowyň surata düşüren«Serwikamat dilberim» filmini «Özbekkino» milli agentliginiň Çeperçilik geňeşi kabul edeninde, ogşaşyk sahnasyna närazylyk bildirilmändi.

Film elwan ýaglykly gyza aşyk bolan bir sürüji ýigidiň başa barmadyk söýgüsi hakda gürrüň berýär. Ol 20-nji mart agşamy ‘Milliy TV’ telekanalynda görkezildi.

Tanymal özbek kinorežissýory Rustam Sagdiýew Azatlyk Radiosy bilen gürleşende, ‘Milliy TV’ telekanalynyň senzurasy bilen razylaşmaýandygy aýtdy. Ol her bir režissýor filmi öz görüşiçe surata düşürmäge haklydyr diýdi.

Özbekler öpüşmeýärmi?

Kinorežissýor Sarwar Kerimow öz açyk hatynda özbek telewideniýesiniň işgärlerini «ahlak polisiýasy» atlandyryp, filme öz garaýyşlary ýaly çemeleşýändigini aýdýar.

«Iki adam kadrda ogşaşsa, asman opaýarmyka? Ýa-da özbekler öpüşmeýärmi? Ýa-da bu filmde çola ýedäki poslar propaganda edilýärmi? Siz filme seredeniňizde, onuň many-mazmunyna-da üns beriň ahyryn. Ýa diňe aýratyn bir kadrdaky görnüş ünsüňizi çekýärmi?» diýip, «Serwikamat dilberim» filminiň režissýory açyk hatynda ýazýar.

Talyplaryň mentaliteti

Özbegistanly sungaty öwreniji Abdumalik Turdiýew Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolanda, filmi senzura mejbur edýän telewideniýe işgärlerini iki topara bölýär.

– Özbegistanyň telekanallarynda sowatsyz hem medeniýeti pes adamlar işleýärler. Olar iş ýerlerinde oturyp, öz mobil telefonlaryndan porno-filmlere seredýärler. Ýöne «Öten günler» ýa-da «Bet oglan» filmlerinde öpüşilýän sahnany görseler, “beýle bolmaly däl” diýip, ony ýüzugra kesýärler. Olar hatda muňa hukuk bermeýän kanuny ýatlaryna-da saljak bolanoklar. Beýle adamlar birinji topara girýärler.

Ikinji topara – “talyp mentalitetli” işgärler degişli. Olaryň köpüsi hakda Türkiýede terrorçy diýip tanalýan Gülençi toparyna raýdaş diýen maglumat bar. Ýadyňyzda bolsa «Nurçular» (Türkiýedäki dini jemgyýet – Red.) işi bilen baglanyşykly telewideniýäniň birtopar işgäri işden boşadylypdy. Ol adamlar Özbegistanyň Konstitusiýasy tarapyndan berlen erkinlige garşy. Olar ilki başda ýuwaşlyk bilen sport telekanallarynda işe başlap, soňra beýleki kanallara geçdiler. Bu örän ýaramaz meýil, ol jemgyýeti talybanlaşdyrýar – diýip, sungaty öwreniji Abdumalik Turdiýew aýdýar.

«Kiçi Weradan» başlanan uly senzura

Geçen asyryň 90-njy ýyllaryndan başlap, Özbegistanda filmlerdäki islenmedik bölek kesilip başlandy. Öz döwründe örän uly şowhun döreden «Kiçi Wera» filmi Moskwada Merkezi telewideniýede görkezilipdi, ýöne Özbegistan ony görkezmegi gadagan etdi.

Özbek kinorežissýory Elýor Eşmuhammedowyň surata düşüren «Şok» filminde ilki aýallaryň howuzda suwa düşýän sahnasy kesildi, soňra şol film tutuşlaýyn gadagan edildi. Geçen 30 ýylyň dowamynda özbek telewideniýesinde 20 çemesi filme gadaganlyk girizildi.

Gadaganlyk sanawynyň arasynda döwlet tarapyndan maliýeleşdirilip «Özbekfilmde» surata düşürilen «Süýthoruň ölümi» hem-de şahsy firmalar tarapyndan maliýeleşdirilen «Zöhre – Tahyr 2» aýdym-sazly filmleri bar.

13 ýyl mundan öň surata alnan, tanymal komiki artist Obid Asomowyň gatnaşan «Zöhre – Tahyr 2» filminiň näme üçin görkezilmeýändigi häzire çenli-de mälim däl.

Kinoçylary haýran galdyran «Elwan ýaglykly»

Beýik ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň «Elwan ýaglykly serwim» powesti esasynda birnäçe film surata düşürildi.

Olaryň köpüsiniň ssenarisini Çingiz Aýtmatowyň özi ýazypdy.

Şol eser esasyndaky ilkinji film 1961-nji ýylda «Dagyň geçidi» ady bilen režissýor Aleks Saharow tarapyndan “Frunzefilm” studiýasynda surata düşürilipdi.

1962-nji ýylda bu film Orta Aziýa we Gazagystan respublikalarynyň kinematografiýaçylar gözden geçirilişinde «Iň gowy ssenariý üçin» diýen baýraga mynasyp boldy.

Çingiz Aýtmatowyň «Elwan ýaglykly serwim» powesti esasynda surata düşürilen türk filmi (türkçe: «Selvi boylum, al yazmalim» – Red.) 1978-nji ýylyň 11-nji noýabrynda ekrana çykypdy.

Ony belli türk režissýory Atyf Ýylmaz (Atıf Yılmaz) surata düşürdi. Aseliň roluny belli türk aktrisasy Türkan Şoraý (Türkan Şoray) oýnady.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG